22:52

Mahmyt Kaşgarly

MAHMYT   KAŞGARY

Mahmyt Kaşgarly dünýä derejesinde ykrar edilen beýik şahsyýetlerimiziň biridir, ylym äleminde nur saçýan ýyldyzdyr. Medeniýeti goldamak we ösdürmek boýunça dünýäniň halkara guramalary, şol sanda UNESKO beýik türkmen alymynyň adamzadyň öňünde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, 2008-nji ýyly “Mahmyt Kaşgarlynyň ýyly” diýip yglan etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Mahmyt Kaşgarlynyň doglan gününiň şanly 1000 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenip geçildi. Gözelligi  inçeligi we şirinligi bilen şöhratlanýan türki dilleriň beýik alym tarapyndan döredilen diwany häzirki döwürde has içgin öwrenilýär.
XI asyr türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyñ ömri we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen Halkara maslahat türkmen ylmynyñ baỳlaşmagynda we milli medeniỳeti dünỳä ỳaỳmakda uly ähmiỳete eỳedir.
XI asyrda ýaşap geçen tanymal türkmen alymy Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat-et türk” ( “Türki dilleriň diwany” )  sözlügi diňe bir türkmen diliniň hem edebiýatynyň taryhyny däl, eýsem tutuş türki halklaryň geçmiş mirasyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Bu kitap ozaly bilen türkmen diliniň hem edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde ähmiýetlidir. Çünki, “Diwanda” ýerleşdirilen beýleki türki halklaryň dil baýlyklary bilen bir hatarda oguz-türkmen sözleri, nakyllar, atalar sözleri we goşgy bölekleri türkmen dili we edebiýaty ylmy üçin bahasyz çeşmedir.
Mahmyt Kaşgarynyň terjimehaly barada edebiýatçy alymlar Ýolum Hydyrow bilen Öwliýäguly Ylýasow “Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany-lugat-et türk” kitabynyň edebi elementleri” (Çärjew, 1980 ý.) atly kitabynda şeýle, maglumaty berýär: “Alymyň doly ady Mahmyt ibn Husaýyn  ibn Muhammet al-Kaşgary bolupdyr. Gündogar ylmynda we edebiýatynda bu alym Mahmyt Kaşgary ady bilen bellidir, şu ýerdäki Kaşgary onuň doglan ýeri bilen baglanyşykly, ýagny şol ýerdendigini aňladýan lakamydyr. Bu şäher häzirki Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-uýgur  awtonom etrabynyň günbatarynda ýerleşýär. Kaşgaryň golaýynda Ýarkent şäheri hem bolup, bu ýerler biziň nusgawy edebiýatymyzda Çyn welaýaty ýa-da Çyn-Maçyn ýurdy ady bilen häli-şindi gabat gelýär. Mahmyt Kaşgarynyň atasy Kaşgarda doglan bolsa-da, ömrüniň köp bölegini Balasugunda geçiripdir.” Alym kakasynyň Barsagan şäherinde doglandygyny habar beripdir. Barsagan oguz ýurdudyr. Bu şäheri Turanyň patyşasy Afrasýabyň ogly Barsagan saldyrypdyr. Ol Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň garşysynda ýerleşipdir we XI asyrda ösen iri söwda merkezleriň biri bolupdyr. Alymyň özi garahanylar döwletiniň iki gezek paýtagty bolan Balasugun şäherinde doglupdyr diýlip, çeşmelerde aýdylýar. Häzirki wagtda Balasugun şäheriniň galyndysy Gyrgyzystanyň Tokmak şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerlerde gadymy döwürlerde türkmenleriň ata-babalary ýaşapdyr. Edebiýatçy alym Rahman Rejebow Mahmyt Kaşgarynyň oguzyň-türkmeniň kaýy urugyndan bolandygyny  alymyň öz ýazan sözleriniň esasynda düşündiripdir. 
Bu kitabyň göçürilen golýazma nusgasy 1914-1915-nji ýyllarda Türkiýede gola salynýar. Şoňa çenli onuň bardygy hakynda habar bolsa-da, ol ylma mälim däl eken.  Mahmyt Kaşgary “Diwany lugat-et türk” kitabyny milady senesiniň 1072-1073-nji ýylynda ýazypdyr. Alymyň bu kitabynyň şu ýyllarda ýazylmagy türkmenleriň at-owazasynyň hut şol döwürde äleme dolmagy, seljuk türkmen imperiýasynyň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Mahmyt Kaşgarynyň özem diwanyň başynda türki dili öwrenmek bilen bagly bu pikiri belläpdir. Türkmenleriň döwlet şalygynyň döremegi dünýä ylmynda olaryň dil bilimine hem edebiýatyna bolan gyzyklanmany oýarypdyr. Şol döwürde Hoja Ahmet Ýasawynyň öz hikmetlerini türkmen dilinde ýazmagy hem bir tarapdan zamananyň türkmen şöhraty bilen baglanyşyklydyr.
Alymyň bu kitaby sözlükdir. Ol arap dilinde ýazylan bolup, onda türki, esasan hem oguz-türkmen sözlerine düşündiriş berilýär. Mahmyt Kaşgary türki, aýratyn hem oguz türkmen dilini ylmy mazmunda öwrenmek üçin türki halklary obama-oba, şäherme-şäher aýlanyp çykypdyr. Alym kitapda dilini öwrenen halklary, taýpalary barada şeýle belleýär: ”Men türkler, türkmenler, oguzlar, çigiller, ýagmalar, gyrgyzlar şäherlerini, oba we ýaýlalaryny köp ýyllar gezip çykdym. Men bu işleri dil bilmezligim üçin däl-de, belki bu dillerdäki her bir  kiçijik tapawutlaryny hem anyklamak üçin etdim” Mahmyt Kaşgary oguzlaryň türkmenlerdigini ýörite belläpdir. Oguz-türkmenden başga ýagma bilen çigil ýaly, kowumlaryň türkmen halkynyň etnonimini düzýändigini hasaba alsak, onda bu kitap, hakykatdanam, türkmen halkynyň  XI asyrdaky gymmatly ýazuw çeşmesidir.
Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat-et türk” sözlüginiň gönüden göni türkmen halkynyň ýazuw ýadygärlidigini, onda aýratyn oguz sözlerine ähmiýet berilýändigini nygtap, bu kitabyň türkmen dili bilen kowumdaş dilleriň taryhyny we türki halklaryň edebiýatynyň gadymyýetini öwrenmekdäki ähmiýetini-de inkär etmek bolmaz.      
Türkmeniň dil hem edebiýat ylmy Mahmyt Kaşgarynyň “Türki dilleriň diwany” sözlügi bilen öňräkden bäri gyzyklanyp gelýär.  Bu diwany öwrenmekde belli bir işleriň edilendigini aýtmalydyr. Türkologiýa derejesinde edilen işler bilen bir hatarda türkmen alymlarynyň geçiren ylmy barlaglary hem öwgä mynasypdyr.
Güdogary öwreniji alymlar W. A. Gordlewskiý, Ý. E. Bertels we belli türkmen alymy R. Rejebow sözlük XI asyrda ýazylan hem bolsa, ondaky edebi gymmatlyklaryň has irki döwürlere degişlidigi baradaky maglumaty berilipdirler. Eger şeýle bolsa, bu sözlügiň sözlük düzümini Oguz-Orhon ýazuw ýadygärlikleriň dili bilen deňeşdirilip öwrenilse türkmen diliniň taryhyny öwrenmekde uly iş edildigi bolardy. Ol ilkinji nobatda arassa oguz sözlerini kesgitlemekde ähmiýetli bolar. Çünki Oguz-Orhon ýazgylarynda hem, Mahmyt Kaşgarynyň sözlüginde hem yslam dininiň täsiri duýulmaýar. Bu diýildigi entek oguz-türkmen diliniň arap diliniň täsirinden azatdygyny, hut şu nukdaýnazaryndan çemeleşenimizde arassadygyny aňladýar.
Mahmyt Kaşgary adaty gepleşik diliniň maglumatlaryny öwrenipdir. Munuň şeýledigini sözlükde nakyllara, atalar sözlerine we halk döredijiliginiň mysalyndaky goşgy bentlerine esasy ünsüň jemlenmegi hem tassyklaýar. Nakyllardyr, atalar sözleri hem goşgular tüýs halkyň diliniň sünnälenen eserleridir. Ol dil täsirlenmeleri babatda hem arassadyr. Başgaça aýtsak, halkyň öz ene dilidir. Hut şonuň üçinem bu sözlük sözleriň gelip çykyşyny – etimologiýasyny öwrenmekde juda gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär.
Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat-et türk” kitabynda ýerleşdirilen goşgy bentleri milli şygyr sungatymyzyň ideýa çeperçilik köklerine aralaşmaga mümkinçilik berýär. Bu diwan çeper pikirlenmäniň  orta asyrlarda üns beren meselelerini anyklamakda gymmatly çeşmedir. Ondan orta asyr romantiki edebiýatyň gülläp ösen döwri bolan X-XV asyrlarda we ondan soňra meşhurlyga eýe bolan dürli edebi çeperçilik däpleriň oguz-türkmen köklerini tapmak bolýar. 
XI asyrda ỳaşap geçen tanymal türkmen alymy Mahmyt Kaşgarly halkynyñ şöhratyny bir gez ỳokary galdyryp bilen beỳik şahsyỳetdir. Mahmyt Kaşgarly Nuh neslinden bäri ady tutulỳan beỳik türki halkyñ ruhy we söz baỳlygyny ỳazga geçiren şahsyỳetdir. Ol dürden gymmatly, baldan datly, şeker sözli, aỳdyň beỳanly türki, şol sanda türkmen diliñ söz baỳlygyny nesilleriñ nesibesine gowşuran, dilimiziñ ilkinji ensiklopediỳasyny düzen alymdyr. Türki dünỳäsiniñ söz baỳlygy hakda söhbet edilende, bu beỳik alymyñ ady hökman ỳatlanylỳar. Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk”  (“Türki dilleriñ diwany”) sözlügi diñe bir türkmen diliniñ hem edebiỳatynyñ taryhyny däl, eỳsem tutuş türki halklaryñ geçmiş mirasyny ayratynam, edebiỳatyny öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Bu kitap, ozaly bilen, türkmen diliniñ hem edebiỳatynyñ taryhyny öwrenmekde ähmiỳetlidir. Çünki, “Diwanda” ỳerleşdirilen beỳleki türki halklaryñ dil baỳlyklary bilen bir hatarda oguz-türkmen sözleri, nakyllar, atalar sözleri we goşgy bölekleri türkmen dili we edebiỳaty ylmy üçin bahasyz çeşmedir. Mahmyt Kaşgarlynyñ bu sözlüginde türkmeniñ geçmişine goỳlan sarpa we geljegine berlen ak pata ỳatyr. Çünki, islendik ösen medeniỳetiñ gözbaşynda öz diliñe sarpa goỳmak, öz diliñde ajaỳyp eser döredip bilmek mertebesi bardyr. “Türki dilleriñ diwany” atly bu eserde taryhyñ gerdişinden biziñ şu günümize gelip ỳeten, ata-babalarymyzyñ aỳtgysy, ene-mamalarymyzyñ hüwdüsi, sazlaşykly sözler bilen ỳazylan goşgy setirleri, hikmet hoşalary we paỳhas däneleri bar.
“Diwany lugat-et türk” 1914-nji ýyldan bäri jemi dokuz dilde kitap görnüşinde neşir edilipdir diýip aýtmak bolar. Has takygy, 1914-1916-njy ýyllarda asyl nusgada, soňra bolsa türki, stambuly, nemes, iňlis, özbek, gazak, uýgur, pars, azyrbaýjan dillerine terjime edilip kitap görnüşinde ilata ýaýradylypdyr.
Diwanyň özbek diline terjimesi 1960-1963-nji ýyllarda Daşkent şäherinde Salyh Matalibow atly özbek alymy Besim Atalaýyň türkçä eden terjimesinden “Diwany” özbekçä terjime edýär. Üç jiltden ybarat bolup, ol terjimede 9222 söz ýerleşdirilipdir.     
Uýgurça terjimesi 1981-1984-nji ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde Mahmyt Kaşgarlynyň öz sözlügi (Besim Atalaýyň türkçä terjimesi esasynda) “Mahmud Keşgäri” “Türki tiller diwani” ady bilen üç jiltden ybarat neşir edilipdir.      
Mahmyt Kaşgarlynyñ terjimehaly barada edebiỳatçy alymlar Ỳolum Hydyrow bilen Öwliỳaguly Ylỳasow “Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” kitabynyñ edebi elementleri”  atly kitabynda şeỳle maglumat berỳär: “Alymyñ doly ady Mahmyt ibn Husaỳyn ibn Muhammet al-Kaşgary bolupdyr. Gündogar ylmynda we edebiỳatynda bu alym Mahmyt Kaşgarly ady bilen bellidir, şu ỳerdäki Kaşgarly sözi onuñ doglan ỳeri bilen baglanyşykly, ỳagny şol ỳerdendigini añladỳan lakamdyr. Biziñ bu agzaỳan şäherimiz häzirki Hytaỳ Halk Respublikasynyñ Sinszỳan-uỳgur awtonom raỳonynyñ günbatarynda ỳerleşỳär. Kaşgarlynyñ golaỳynda Ỳarkent şäheri hem bolup, bu ỳerler biziñ klassyky edebiỳatymyzda Çyn welaỳaty ỳa-da başga-ça aỳdylanda Çyn-Maçyn ỳurdy ady bilen häli-şindi gabat gelỳär. Mahmyt Kaşgarlynyñ atasy Kaşgarda doglan bolsa-da, ol ömrüniñ köp bölegini Balasagunda geçiripdir”. Alym kakasynyñ Barsagan şäherinde doglandygyny habar beripdir. Barsagan bu oguz ỳurdudyr. Ol Gyrgyzystanyñ Oş şäheriniñ garşysynda ỳerleşipdir we XI asyrda ösen iri söwda merkezleriniñ biri bolupdyr. Alymyñ özi garahanylar döwletiniñ iki gezek paỳtagty bolan Balasagun şäherinde doglupdyr diỳlip, çeşmelerde aỳdylỳar. Häzirki wagtda Balasagun şäheriniñ galyndysy Gyrgyzystanyñ Tokmak şäheriniñ golaỳynda ỳerleşỳär. Bu ỳerlerde gadymy döwürlerde türkmenleriñ ata-babalary ỳaşapdyr. Edebiỳatçy alym Rahman Rejebow Mahmyt Kaşgarlynyñ oguzyñ-türkmeniñ kaỳy urugyndan bolandygyny alymyñ öz ỳazan sözleriniñ esasynda düşündiripdir . Ondan başga-da şu ýerde alymyň terjimehaly barada Hytaýly alym Minawaer  Abibullanyň berýän maglumatlaryna görä: Mahmyt Kaşgarly “Türk diliniň diwany” atly meşhur eserinde özüniň doglan ýeri barada anyk maglumat getiripdir. Ol ýer Kaşgar sebitinde ýerleşen Opal obasyndaky Azak galasydyr.
Mahmyt Kaşgarly ilki Sakiýe medresesinde, soňra bolsa Hamidiýe medresesinde bilim alypdyr we bilimini kämilleşdirmek maksady bilen Bagdada gidipdir. Köp wagtlap ol ýerde ýaşanyndan, soňra öz watanyna gaýdyp gelipdir we ömrüniň sekiz ýylyny ýerli medresede mugallymçylyk edipdir. Meşhur alyma ýerli ýaşaýjylar “Hezreti molla” diýip ýüzlenipdir.
Mahmyt Kaşgarly 1105-nji ýylda aradan çykypdyr we dogduk obasynda jaýlanypdyr. Onuň mazary halk içinde “Hezreti mollanyň gubry” ady bilen bellidir we bu ýer häli häzire çenli il-ulusyň meşhur zyýaratgähi bolup gelýär.
1983-nji ýylyň ahyrynda, Sinzýan ülkesiniň halk hytaý häkimiýetiniň görkezmesi bilen, Opal obasynda ýerleşen “Hezreti mollanyň gubry” zyýarathananyň ady üýtgedilip, “Mahmyt Kaşgarlynyň ýadygärligi” diýlip yglan edildi. 
Türkiýeli alym Mustafa Balçygyň “Mahmyt Kaşgarly Merkezi Aziýanyň görnükli alymydyr” atly makalasynda beýik alym Mahmyt Kaşgarly we onuň eden işleri barada şeýle maglumat berilýär. Türki dilleriň we edebiýatynyň ägirt uly ýadygärligi bolan “Diwany lugat-et türküň” döredilen döwründen bäri dokuz asyrdan gowrak wagt geçdi. Ol sözüň doly manysynda Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhyny öwrenmegiň möhüm çeşmesi hasap edilýär.
Mahmyt Kaşgarly  birnäçe iri ylmy işleri ýazýar, ýöne olar, gynansak-da, ýitip gidipdir. Her hal, onuň bütin ömrüniň esasy işi bolan “Diwanu lugat-it türk” eseri sanlanypdyr. 1226-njy ýylyň awgust aýynyň 1-i bilen senelenen golýazmanyň ýeke-täk we gadymy nusgasy Stambulyň milli kitaphanasynda saklanylýar. Bu iş awtoryň türki taýpalaryň ýaşaýan ýerleri boýunça köpýyllyk syýahatynyň netijesidir. Kitap üçin maglumat ýygnamak işi on bäş ýyl dowam edýär. Awtor eseri 1083-nji ýylda ýazyp gutarýar. Alymlaryň pikirine görä, kitap türki halklarynyň irki orta asyrdaky durmuşynyň hakyky ensiklopediýasyna öwrülýär. “Diwany lugat-et türk” – bu ýöne bir lingwistik ylmy-barlag işi däl-de, eýsem syýasy, taryhy-etnografik eserdir. Onda diňe bir türki dilleri baradaky maglumat bolman, eýsem olaryň ýerleşişiniň geografiýasy, adatlary, dini düşünjeleri beýan edilýär.
Türkiýede “Diwanyň” ilkinji doly terjimesi amala aşyryldy. Şeýle hem iňlis, uýgur, özbek, gazak, rus dillerinde onuň terjimeleri bar. Şu kitabyň maglumatlarynyň ep-esli bölegi Germaniýada nemes dilinde neşir edilen gadymy türki diliniň sözlügi neşir edilende peýdalanyldy1.
Mahmyt Kaşgarly “Diwanu lugat-it türk” kitabyny milady senesiniñ 1072-1073-nji ỳylynda ỳazypdyr. Alymyñ bu kitabynyñ şu ỳyllarda ỳazylmagy türkmenleriñ at-owazasynyñ hut şol döwürde äleme dolmagy, seljuk türkmen nesil şalygynyñ döremegi bilen baglanyşyklydyr. Mahmyt Kaşgarlynyñ özem diwanyñ başynda türki dili öwrenmek bilen bagly bu pikiri belläpdir. Türkmenleriñ döwlet şalygynyñ döremegi dünỳä ylmynda olaryñ dil bilimine hem edebiỳatyna bolan gyzyklanmany oỳarypdyr. Şol döwürde Hoja Ahmet Ỳasawynyñ öz hikmetlerini türkmen dilinde ỳazmagy hem bir tarapdan zamananyñ türkmen şöhraty bilen baglanyşyklydyr.
Alymyñ “Diwany lugat-et türk” kitaby sözlükdir. Bu kitap arap dilinde ỳazylan bolup, onda türki, esasan hem oguz türkmen sözlerine düşündiriş berilỳär. Mahmyt Kaşgarly türki, aỳratyn hem oguz türkmen dilini ylmy mazmunda öwrenmek üçin türki halklary obama-oba, şäherme-şäher aỳlanyp çykypdyp. Alym kitapda dilini öwrenen halklary, taỳpalary barada şeỳle belleỳär: “Men türkler, türkmenler, oguzlar, çigiller, ỳagmalar, gyrgyzlar…şäherlerini, oba hem welaỳatlaryny köp ỳyllaryñ dowamynda aỳlanyp çykdym, sözlerini topladym, dürli sözleriniñ özboluşlylyklaryny öwrendim, anykladym. Men bu işleri dil bilmeỳänligim üçin däl-de, bu dillerdäki her bir kiçijik tapawutlaryny hem anyklamak üçin etdim. Ỳogsa, men dilde olaryñ iñ kämillerinden, iñ ỳokary hünärlilerinden, pähimlilerinden, jeñ işlerinde ussat naỳzadarlaryndandym. Olara şeỳle bir dykgat etdim welin, türkler, türkmenler, oguzlar, çigiller, ỳagmalar hem gyrgyz kabylalarynyñ dilleri tükel öz dilime öwrülip gitdi. Olary her bir babatda berk esasda tertibe saldym”. Mahmyt Kaşgarly oguzlaryñ türkmenlerdigini ỳörite belläpdir. Oguz-türkmenlerden başga ỳagma bilen çigil ỳaly, kowumlaryñ türkmen halkynyñ etnonimini düzỳändigini hasaba alsak, onda bu kitap, hakykatdanam, türkmen halkynyñ XI asyrdaky gymmatly ỳazuw çeşmesidir. Ondan başga-da, bu eseriň başynda Mahmyt Kaşgarly rowaç alýan seljuk türkmenleriniň döwri, hususan-da Mälik şanyň alyp baran syýasaty barada söhbet açýar. Bu ýerde ilki bilen türki kowumlaryň alyp baran şowly işleri hakynda bellenilýär. Mälik şanyň alyp baran daşary syýasatynyň netijesinde eýelenen ýerleriñ halklarynyň sütemlere sezewar edilmän, eýsem olaryň oňat durmuşlara ýetenligi, eýelenen ýerleriň ilatynyň türki dilde gepleşip, uly abraýdan peýdalanandygy hakynda hem bellenilýär. Eger-de nygtalyşy ýaly, buharaly we nişapurly alymlaryň aýtmagyna görä, öz döwründe Hezreti Muhammet pygamberimiziň göýä “Türk dilini öwreniň, çünki olaryň hökmürowanlygy uzak dowam eder” diýendigi ýatlanylýar.
Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” sözlüginiñ gönüden-göni türkmen halkynyñ ỳazuw ỳadygärligidigini, onda aỳratyn oguz sözlerine ähmiỳet berilỳändigini nygtap, bu kitabyñ türkmen dili bilen kowumdaş dilleriñ taryhyny we türki halklaryñ edebiỳatynyñ gadymyỳetini öwrenmekdäki ähmiỳetini-de inkär etmek bolmaz.
Türkmen dil hem edebiỳat ylmy Mahmyt Kaşgarlynyñ “Türki dilleriñ diwany” sözlügi bilen öñräkden bäri gyzyklanyp gelỳär. Bu diwany öwrenmekde belli bir işleriñ edilendigini aỳtmalydyr. Türkologiỳa derejesinde edilen işler bilen bir hatarda türkmen alymlarynyñ geçiren ylmy barlaglary hem öwgä mynasypdyr.
Alym Sapar Ahallynyñ 1958-nji ỳylda çapdan çykan “Mahmud Kaşgarynyñ sözlügi we türkmen dili” atly monografiỳasy ähmiỳetli iş bolup, onda sözlügi gelejekde öwrenmekligiñ zerurdygyna aỳratyn üns çekilỳär. Alym M.N.Hydyrow “Türkmen diliniñ taryhyndan materiallar”1 kitabynda hem Mahmyt Kaşgarly dogrusynda maglumatlar berilipdir. A.Oraztaganowyñ “Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk sözlügi” diỳen işi “Türkmen edebiỳatynyñ tayhynyñ”2 birinji tomuna girizilipdir. Alymlar Ỳ.Hydyrow bilen Ö. Ylỳasowyñ “Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” kitabynyñ edebi elementleri”3 atlandyrylan kitaby sözlügi edebiỳat nukdaỳnazardan öwrenmekde tutumly işleriñ biri boldy. Alym R.Rejebowyñ 1991-nji ỳylda “Ylym” neşirỳaty tarapyndan çapdan çykan “Gadym türkmen edebiỳaty” atly kitabynda bir bölüm “Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” sözlügindäki şygyr bölekleri, atalar sözi we nakyllar at bilen ỳerleşdirilipdir. Onda kitabyñ edebi gymmatyna, goşgularyñ hem atalar sözüdir, nakyllaryñ düşündirilişine üns çekilỳär. Bu edilen işler ylmy gymmata eỳedir. Şu ýerde karta barada “Diwanyň” ýene bir aýratyn tarapy Mahmyt Kaşgarly bu sözlügine özüniň çyzan kartasyny hem goşupdyr. Bu barada Özbegistanly alym Zokirjan Saidboboýew bilen türkmen alymy Öwez Gündogdyýew öz makalalarynda şeýle belleýärler.
Mahmyt Kaşgarly özüniň “Diwany lugat-et türk” eserine arap we pars syýahatçylarynyň çyzan kartalaryndan düýpli tapawutlanýan kartasyny hem goşupdyr. Ýazar bu kartany çyzmak bilen, XI asyrda türki taýpalaryň geografik mesgenleriniň ýerleşen ýerlerini görkezmekligi maksat edinipdir.
Mahmyt Kaşgarlynyň bu kartasyna  ilkinji gezek nemes alymy Losiw Markwart üns beripdir. Ol kartaçylyk käri bilen meşgullanýan hünärmen Konrad Miller hem-de arap dilleri boýunça hünärmen G. Gensler bilen bilelikde kartanyň käbir çylşyrymly sözlerine terjime edip, “Mahmyt Kaşgarlynyň türki dünýä kartasy” atly makalany çap etdiripdir.
1935-nji ýylda A.German kartaçylyga degişli “Imago Mundi” atly meşhur žurnalda Mahmyt Kaşgarlynyň kartasyna anyk häsiýetnamalar bermek bilen, ol hakynda makala çap etdiripdir. Ýazar onuň dünýä ülkeleri we halklary barada ägirt uly maglumatlary berýän ilkinji türki dünýä kartasydygyny nygtapdyr.
Mahmyt Kaşgarlynyň kartasy I. Kraçkowskiý, I. Umnýakow, H. Hasanow, S. Umurzakow, A. N. Bernştan ýaly alymlar ylmy jähetden öwrenipdirler. Ol karta akademik W. W. Barbolda hem belli eken.
Ilkinji gezek bu karta I. Umnýakow tarapyndan düýpli öwrenilipdir. Ol makalasynda Mahmyt Kaşgarlynyň kartasy hakynda: “Iň köne türk dünýä kartasy” diýip belläpdir.
Mahmyt Kaşgarly şeýle ýazýar: “Men gündogardan başlap, her taýpanyň nirede ýerleşendigini görkezdim. Ruma ýakyn ýerlerde beçenek taýpasy ýaşaýar. Ondan, kaý, ýabaku, tatar, gyrgyz (olar Çine ýakyn ýerde ýerleşen) taýpalary ýerlerşen: sanalan taýpalaryň ählisi gündogardan ruma tarap ýerlerde ýaşaýarlar, soňra çigil, tuhsi, ýagma, ygrak, çaruk, çomul, uýgur, tangut, hutaý (bu Çiniň adydyr), soňra tawgaç (Maçin şeýle atlandyrylýar) taýpalary ýerleşendir. Bu taýpalar Günorta bilen demirgazygyň arasynda ýaşaýarlar. Olaryň hemmesini men aýratynlykda tegelek kartada görkezdim”.
Kartaçylygyň nusgawy mekdepleriniň ählisinden (grek, arap we beýlekiler) tapawutlanýan bu karta özbaşdak çeşme bolup, häzirki zaman kartasy bilen deňeşdireniňde käbir kemçiliklere eýedir. Zeminiň merkezinde türki halklary ýerleşdirýän Mahmyt Kaşgarlynyň kartasy türki alymlar tarapyndan düzülen mälim bolan iň irki kartalaryň biridir diýip alymlar belleýärler.
Gündogary öwreniji alymlar W.A.Gordlewskiỳ, E.Bertels we belli türkmen alymy Rahman Rejebow sözlük XI asyrda ỳazylan hem bolsa, ondaky edebi gymmatlyklaryñ has irki döwürlere degişlidigi barada maglumat berilipdir. Eger şeỳle bolsa, bu sözlügiñ düzümini Oguz-orhon ỳazuw ỳadygärlikleriñ dili bilen deñeşdirilip öwrenilse, türkmen diliniñ taryhyny öwrenmekde uly iş edildigi bolardy. Ol ilkinji nobatda arassa oguz sözlerini kesgitlemekde ähmiỳetli bolar.
Çünki, Oguz-orhon ỳazgylarynda hem Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde hem yslam dininiñ täsiri duỳulmaỳar. Bu diỳildigi entek oguz-türkmen diliniñ arap diliniñ täsirinden azatdygyny, hut şu nukdaỳnazardan çemeleşenimizde arassadygyny añladỳar1. Mahmyt Kaşgarlynyň bu ajaýyp eseri gadymy türk wakalarynyň ýatdan aýdylyp, agyzdan agza, dilden dile, geçip gelen halk döredijilik mirasyny öwrenmekde iň gymmatly çeşmeleriň biridir. Aradan müň ýyl geçenligine garamazdan, halk döredijilik eserleriniň ençeme görnüşlerinden nusgalary özünde jemläp bu sözlügiň gymmatyny dünýä alymlary ykrar edýärler.
Sözlükde sözlüklik manysyny ýüze çykarmak maksady bilen dokuz  müň sözden hem köp sözüň berilmegi, olaryň köpüsiniň hem halk döredijilik eserlerinde alnan bolmagy, bu gymmatly hazynanyň ýazuwly edebiýata ýaraşyp, uzak ýyllar aşyp biziň zamanymyza gelip ýetmeginiň ähmiýeti çäksizdir. Çünki bu ägirt uly ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliginde halk döredijiliginiň žanr özboluşlygy, köp taraplylygy, çeperçilik aýratynlyklary, dürli ýerlere ýaýraýyş usullary öz beýanyny tapypdyr.  
Mahmyt Kaşgarly adaty gepleşik dilini öwrenipdir. Munuñ şeỳledigini sözlükde nakyllara, atalar sözlerine we halk döredijiliginiñ mysalyndaky goşgy bentlerine esasy ünsüñ jemlenmegi hem tassyklaỳar. Nakyllardyr atalar sözleri hem goşgular tüỳs halkyñ diliniñ sünnälenen eserleridir, hatda edebi nusgalarymyzdyr. Ol dil täsirlenmeleri babatda hem arassadyr. Başga-ça aỳdanymyzda, halkyñ öz ene dilidir. 
Hut şonuñ üçinem, bu sözlük sözleriñ gelip çykyşyny-etimologiỳasyny öwrenmekde juda gymmatly hazyna bolup hyzmat edỳär.          
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” kitabynda ýerleşdirilen goşgy bentleri milli şygyr sungatymyzyň ideỳa-çeperçilik köklerine aralaşmaga mümkinçilk berýär. Bu diwan çeper pikirlenmäniň orta asyrlarda üns beren meselelerini anyklamakda gymmatly çeşmedir. Ondan orta asyr romantiki edebiýatynyň gülläp ösen döwri bolan X-XV asyrlarda we ondan soňra meşhurlyga eýe bolan dürli edebi çeperçilik däpleriň oguz-türkmen köklerini tapmak bolýar.
Edebiýatçy alymlar R.Rejebow bilen A.Bekmyradow Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynda” gabat gelýän poetik forma bolan goşugyň XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynda ýörgünli ulanylandygyny belläp, goşugyň oguzlaryň döreden şygyr görnüşidigi hakyndaky pikiri tassykladylar. Ýeri gelende bellesek, goşuk Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde we Garajaoglanyň döredijiliginde hem ýeke-täk ygtybarly şygyr görnüşi bolup hyzmat edipdir. Başgaça aýtsak, goşuk Magtymguly eýýamynyň edebiýatynyň ähli klassyk şahyrlarynyň diýen ýaly döredijiliginiň kesgitleýji şygyr görnüşi bolup hyzmat edipdir. Muny alym A.Bekmyradow “Magtymgulynyň poeziyasynda şahyrana däp hem täzeçilik gözegleri” atly işinde Pyragynyň döredijiliginiň mysalynda subut etdi1. Alym Magtymgulynyň goşuk şygyr görnüşiniň XI asyr türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde duşýandygy hakyndaky pikiri delillendiripdir. Emma Mahmyt Kaşgarlydan Magtymgula çenli aralykda goşugyň kämilleşmeginde Garajaoglanyň we aşyk edebiýatynyň käbir wekilleriniň, edil şonuň ýaly-da halk döredijiligimiziň  goşugyň kämilleşmeginde hyzmatynyň uly bolandygyny bellemek artykmaçlyk etmeýär.
Käte Mahmyt Kaşgarly alty bogunly ýa-da hemme setiri deň kapyýalaşman goşgy parçalaryna-da gol ýapýar.
Muňa:

Küçendi bilegim,
Ýogudy tilegim,

Telindi bilegim,
Tegrut alar ýertiler –

ýaly setirler mysal bolup biler. “Diwany lugat-et türkde” şeýle goşuk mysallarynyň 200-den köprägi bar. Olarda belli-belli adamlaryň başdan geçirenleri, şahyrlaryň öwüt-nesihatlary, suwuň, daglaryň, atlaryň hem düýeleriň, aşyk-magşuklaryň tarypy suratlandyrylýar.
Alymlaryň käbiri Mahmyt Kaşgarlynyň zamanynda ýazuw edebiýaty bilen halk döredijiliginiň nusgalary biri-birine ýakyn bir derejede, garylyp-gatylyp dowam edipdir diýip tassyklaýar. Üstesine Mahmyt Kaşgarlynyň mistiki allegoriýalardan daşda durupdyr. Ol nakyllardan, goşgulardan, beýleki edebi žanrlardan alan mysallarynyň hakyky durmuş bilen baglanyşygyna, kabylalaryň ýaşaýyş ýagdaýlaryny dogruçyl görkezip bilýänligine aýratyn üns beripdir. “Diwany lugat-et türkde” ýeke-täk bir türki şahyryň Çuçynynyň ady agzalmak bilen çäklenilýär. Galan mysallaryň hiç biriniň awtory kitapda görkezilmändir. Emma biziň bu ýatlamamyz ýazuwly edebiýatyň şol döwürde bolandygyny we onuň halk döredijiligi bilen baglanyşygyny inkär etmeýär. Biz diňe bir zady, bu meseläniň geljekde ymykly öwrenilmek meseledigini aýtmakçy bolýarys.
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” sözlüginde gadymy nakyllar, atalar sözleri we başga görnüşdäki pähimler hem ýerleşdirilipdir. Ol pähimleri daşary ýurtly alymlaryň onlarçasy içgin öwrenip, ylmy seljeriş işlerini geçiripdirler. Karl Brokkelman “Diwana” bagyşlanan bir işinde bu kitapda mysal hökmünde getirilýän pähimleriň iki ýüz dogsan sanysyny görkezipdir. Olaryň köpüsi nakyllar we atalar sözlerinden ybaratdyr. Başga bir aýratynlyklary boýunça kitapdaky nakyllaryň sany iki ýüz elliden gowrak diýip hasap edýän alymlar hem bar. Her hili bolanda hem ol pähimleriň özbaşdak barlaglaryň obýekti bolmaga mynasypdygy jedelsizdir.
XI asyryň görnükli dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” sözlügi aradan müň ýylyň geçenligine garamazdan, şu günlerde hem türkmen dil bilimini öwreniş ylmynda iňňän ähmiýetlidir. “Diwan” bilen doly tanşanymyzda, onda gabat gelýän köp sanly gadymy sözleriň şu günler hem ýörgünli ulanylýanlygy ünsüňi özüne çekýär. Bu manydaşlyklar, ylaýta-da, ýerli gepleşiklerde has aýyl-saýyl bolýar.
Aýratyn-da, Stawropol türkmenleriniň häzirki döwürde gündelik gepleşikde ulanylýan sözleri Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanyndaky” sözler bilen aýdylyş taýdan hem, many taýdan hem has ýakyndyr. Dilçi alym S. Ahally Kaşgarlynyň “Diwany” barada şeýle jaýdar pikiri öňe sürýär: “Heniz türkmen dialektleri, aýry-aýry gepleşikleri doly öwrenilip, türkmen diliniň hemme spesifikasy ýüze çykarylmanlygy üçin bu işde Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynyň” ähli faktlary barlandy diýmek bolmaz, çünki türkmen dialektlerinde, ylaýta-da, ownuk dialektlerinde “Diwanda” görkezilen köp aýratynlyklar bar”. Şu pikirden ugur alyp, biziň bellejek bolýan aýratynlygymyz hem anyk mysallar arkaly Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynda” gelýän nakyllardyr sözleriň Stawropol türkmenleriniň dilinde şu günlerde hem ulanylyp gelýänligidir.
Mahmyt Kaşgarlynyň “Türki dilleriň diwany” atly işinde gadymy döwürleriň rowaýatlary-da beýan edilýär, ýaşaýşyň we paýhasyň gymmatyna döredijilikli çemeleşilýär, türki halklaryň ýaşaýyş-durmuşy, däp-dessurlary, dünýägaraýşy, aňýetirijiligi we özlerine mahsus häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ömrüniň ençeme ýylyny bu işlere sarp eden Mahmyt Kaşgarly türki-kowumlaryň dillerini, halk döredijiligini, nesil-nebere daragtlaryny, taryhyny we özgeleriňkiden tapawutlanýan däp-dessurlaryny çuňňur öwrenipdir.
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” eseri ylmy işdir, onda dil biliminiň teoretiki netijeleri we dili öwrenmegiň wajyp ugurlary, usullary bar. Hut şu “Diwan” gadymy türki ýazuwlary okamaga olara düşünmäge, aň ýetirmäge mümkinçilik döretdi. “Diwan” ylmy jemgyýetçilige mälim bolanyndan soň, Ýusup Balasugunyň “Gut etgu bilik” (“Bagtly edýän ylym”) atly eserini okap, terjime edip, oňa düşünip boldy. Belli türkolog A. Samoýlowiç Mahmyt Kaşgarlyny “XI asyryň Radlowy” diýip atlandyrdy.
Alym öz işini arap we türki dilde erkin ýazypdyr. Ol türki dili ýöne bir arapça düşündirmän, eýsem olaryň arasyndaky umumylygy we aýratynlygy yzarlamak bilen, iki dili deňeşdiripdir hem-de türki dilleriň dialektlerini differensirleşdiripdir.
“Diwany lugat-et türk” dilli folkloryň esasy žanrlary däp-dessury we liriki aýdymlary, gahrymançylykly eposlary, taryhy rowaýatlary beýan edilýär.    
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” sözlüginde getirilýän rowaýatlar hem diýseň özüne çekijidir we olar kitabyň gymmatyny hasam ýokarlandyrýar. Ol rowaýatlaryň arasynda örän kiçijik rowaýatlaram, möçberi ulurak rowaýatlaram bar. Olaryň arasynda ýyl atlary, möwhüm, hasyl atlary bilen baglanyşykly rowaýatlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Meselem, Mahmyt Kaşgarly on iki görnüşli haýwan ady bilen ýyllara at goýluşy hakynda rowaýat getirýär. Mahmyt Kaşgarlynyň kitabynda aýdylyşyna görä, türklerde hepdäniň ýedi gününiň ady bolmandyr. Bu günleriň ady yslamdan soň peýda bolýar. Aý atlary-da arapça atlandyrylýar. Çarwa we musulman bolmadyk türklerde aýlar dört möwsüm bilen atlandyrylýar, her üç aýy bir at bilen belleýär. Mysal üçin, Nowruzdan soňky ilki bahar “oglakaý”, soňra “ulug oglakaý”, “ulug aý” we başgalar. Bular örän seýrek ulanylandygy üçin Mahmyt Kaşgarly hemmesini aýtmagy göwne makul görmändigini ýazýar.
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” atly işinde getirilýän rowaýatlaryň türki halklaryň, şonuň bilen birlikde garagalpak folklaryndaky rowaýatlaryň-da taryhyny, teoretik meselelerini öwrenmekde uly ähmiýeti bardyr.
Türkmenlerde we beýleki gündogar halklarda müçe ýyly hasabynyň döreýşi hakynda birnäçe rowaýatlar bar. Olaryň birinde gadym zamanda haýwanlaryň arasynda ýyly öňürti görmek barada şert goýlandygy, şonda düýäniň özüniň ululygyna we boýnunyň uzynlygyna buýsanyp, ýyly ilkinji bolup görjekdigi barada öwnendigi aýdylýar. Syçan bolsa dünýäniň örküjine, münüp, ýyly düýeden öň görüpdir we müçe ýyllarynyň birinjisine syçanyň ady dakylypdyr. Başga bir rowaýatda bolsa, düýe ýyly ilkinji görjek bolup, günüň dogaryna garaşyp gündogara seredip durýar. Syçan bolsa düýäniň örküjine çykyp, günbatardaky daga seredip oturýar. Çünki dogjak günüň şöhlesi ilki garşydaky-günbatardaky daga düşýär. Syçan şony görüp, düýeden üstün çykýar we ýylbaşy bolmaklyk hukugyna eýe bolýar.
Mahmyt Kaşgarly “Türki dilleriň diwany” atly kitabynda bulardan has tapawutly täsin bir rowaýaty getirýär. Türk hanlarynyň biri özünden birnäçe ýyl öň bolup geçen söweş hakynda maglumat biljek bolupdyr welin, onuň senesini ýalňyşypdyrlar. Şonuň üçin ol gurultaýda geňeş edip, geljekki nesiller ýalňyşmaz ýaly, gögüň on iki burçunyň we on iki aýyň sanyna görä, her ýyla bir at goýmagy teklip edýär. Şondan soň olar aw edip, haýwanlary Ela derýasyna tarap sürýärler. Haýwanlaryň köpüsi awlanýar, köpüsi suwdan geçýär. Suwdan geçen haýwanlaryň ady geçiş tertibine görä ýyllara dakylýar. Ilkinji suwdan geçen jandar syçan bolýar. Şonuň üçin onuň ady ýylbaşyna dakylýar.
Bu babatda ol türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han atamyza meňzäp hem dur. “Uýgur”, “çigil”, “halaç”, “Altynhan”, “türkmen” ýaly sözler düşündirilende Zülkarneýn bilen bagly rowaýatlar beýan edilýär. Elbetde, bu rowaýatlar bilen beýleki taryhy çeşmelerdäki rowaýatlar bilen känbir gabat gelip durmaýar. Emma alymyň näme üçindir aglaba halatda pars çeşmelerine salgylanandygy geňirgendirýär, çünki kitapda “uýgur”, “çigil” atlary gös-göni pars sözleri diýlip beýan edilipdir. “Oguznamalarda” bolsa “uýgur” sözi türkmençe manysy bilen beýan edilýär. Mahmyt Kaşgarlynyň ulanan edebi-çeper çeşmeleri onuň döwründe edebi ýagdaýyň nähili bolandygyny belli derejede göz öňüne gelerlikli edýär. Poeziýada, mysal üçin, ikilemeleriň (mesnewileriň) dörtlemeleriň (murapbaglaryň) rubagylaryň, nakyllaryň, tema babatda bolsa olarda peýzaž, söýgi, çarwaçylyk we ekerançylyk zähmet, gahrymançylyk öwüt-nesihat diýlip atlandyrylýar. Ol şygyrlarynyň-da öz beýany bolupdyr. Ol çeşmeleriň hemmesinde türki kabylalarynyň dessurlary (gyz alyp gaçmak garşylykly gyz çalyşygy, gyza galyň tölemek, ölini agy aýdymy bilen uratmak, myhmançylyk) ýaly dessurlary görkezilýär..
Eseriň çeper-edebi gymmatlylygy türki dildäki eserleriň şahyrana bölekleriniň, dörtlemeleriň we ikilemeleriň belli-bir köplügini özünde saklaýanlygyndadyr. Mahmyt Kaşgarly olary aýry-aýry sözlere mysal hökmünde getirip ulanýar.
“Diwanda” getirilen dörtlemeler sazlaşykly ölçegde we rifmada, käbiri uzynrak, käbirinde bolsa gysgarak şekilde berlipdir.
Meselem:

Iklady monik azak,
Kurmadi aghry tuzak,
Ikladim andyn uzak,
Amlakil amdi tuzak.

Agyrtdym men aýagymy,
Görmän gizlenen duzagy,
Ondan uzak ejir çekdim,
Bejer indi söýgülim.

Bu şahyrana bölek hakyky halk döredijiliginiň dörtlemesi bolmak bilen aruz äheňini ölçeg normalaryna gabat gelýär. Eserde aruzyň dürli ölçeglerine dos-dogry laýyk gelýän ikilemeler hem ulanylypdyr, olar halkyň nakyllarydyr atalar sözleriniň goşga geçirilen görnüşleridir. Olardaky mysallar gadymy türki dilli edebiýatda tebigat mowzugynyň örän meşhur bolandygyny görkezýär diýip belleýär.
Gündogar çeper söz sungatynyň çeper taryhy köklerini, ösüş ýollaryny, şahyrana aýratynlyklaryny, ýerine ýetirilişini we gaýry alamatlaryny öwrenmekde Mahmyt Kaşgarlynyň meşhur sözlüginiň çeşmelik hyzmaty uludyr.
Kaşgarlynyň sözlüginde Gündogar eposynyň gadymy nusgasyndan bölekler getirilipdir. Görnükli dilçiniň edermenlik, söweş pursaty baradaky şahyrana mysallary özünden öň daşa ýazylan Gök türkmen ýazuw ýadygärliklerinde, “Oguznamalarda”, “Gorkut atada” soňra “Görogluda” çeper beýanyny tapypdyr. Kaşgarlynyň “Sözlügindäki” gahrymançylykly eposa degişli bölekler gündogar eposynyň özara täsirlenmeleriň esasynda kämilleşendigine güwä geçýär. Altaýlylaryň “Maadaý-Gara”, tatarlaryň “Ak köpek”, başgyrlaryň “Oral Batyr”, gyrgyzlaryň “Är töşdük”, “Manas”, özbekleriň “Rüstem han”, “Alpamyş” gazak bilen garagalpaklaryň “Kyrk gyz”, “Kablanly Batyr” kimin eposlarynda Kaşgarlynyň näbelli gadymy eposdan alan böleklerine mahsus söweş pursatlarynyň, usullarynyň we beýleki aýratynlyklaryna duş gelse bolýar.
Kaşgarlynyň sözlügindäki eposa degişli edermenlik gadymy döwürden alymyň ýaşan döwrüne çenli aralygy öz içine alýar. Bu döwürde Gündogar eposy emele geldi, mifologik edermenlikden saplandy. Emma epos mifologiýadan, adatdan daşary gudratlardan üzül-kesil el çekmedi. Žanr mümkinçiligine laýyklykda “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” türkmen mifiniň, rowaýatynyň, şol bir wagtda diliniň edebiýatynyň, pelsepesiniň, ahlak gymmatlyklarynyň, saz sungatynyň ensiklopediýasy, çeşmesi boldy. Gündogaryň beýleki halklarynyň eposlary hem çeper gymmatlyklaryň şu hyzmatyna gulluk edip, döreden halkynyň ensiklopediýasyna öwrülipdir.
Kaşgarlynyň sözlügi Gündogar eposynyň XI asyra çenli döreýşine, ösüşine takyklamaga, türkmen eposynyň döredijilikli hyzmatdaşlygyň netijesinde çeper söz sungatyna öwrülendigini ylmy taýdan barlamaga gözli çeşme bolup durýar.
Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda liriki sýužet, ýagny şygryýetiň wakasy, onuň häsiýetli aýratynlyklary, şygyr wakasynyň şygyr görnüşine laýyk guralyş häsiýeti we gaýry edebi ýagdaýlary entek dolulygyna öwrenilmedi. Çünki her bir şygyr görnüşiniň özüne mahsus sýužet özboluşlylygy bar. Şol özboluşlylyga laýyk hem onuň çeperçilik sistemasy –gurluşy hem mazmuny emele gelýär. Meselem, gazalda liriki gahryman-şygyr gahryman monolog aýdýar. Ol ýekelikde ýaşaýar hem ýekelikde hasratyny beýan edýär. Ol ýara duşan pursatyny, ýalňyz galşyny, gözýaşlaryny seçeleýşini, rakypdan ezýet çekişini, magşugynyň rakyp bilen bolşyny, ryswa galşyny, pelegiň özüni eňredişini hasratly gürrüň berýär. Şunuň özi waka sýužet bolup, ol romantiki häsiýetlidir, özem onuň gazala mahsus alamatlardygy ylymda subut edilen hakykatdyr. Sebäbi orta asyrlaryň edebiýatynyň döredijilik usulynyň romantizmdigi we oňa ideal gahrymanyň mahsusdygy hem meşhur şygyr görnüşiniň gazaldygy hakyndaky pikir edebiýat ylmymyzda subut edilen hakykatdyr. Eýsem, şeýlekin häsiýetler gazaldan başga şygyr görnüşine mahsus bolup bilmeýärmi ýa-da bolaýanda-da hökmany suratda gazalyň täsir etmeginde döreýärmi diýen sowal bizi gyzyklandyrdy. Eger biz bu sowala “howa” diýip jogap bermekçi bolsak, onda romantiki edebiýatyň döremeginiň esasynda ýatýan romantiki duýguny hem şonuň bilen baglanyşykly romantiki dünýägaraýşy inkär etmeli bolýarys. Sebäbi gazal arap-pars edebiýatynyň döreden şygyr görnüşidir. Ol türki halkaryň, şol sanda türkmen halkynyň edebiýatyna araplaryň musulman medeniýetiniň gelmegi bilen aralaşdy. Emma hiç bir halk hem onuň edebiýaty romantizmsiz oňmandyr. Bolsa-da bu ýagdaý Gündogarda has ýitidir. Sebäbi Gündogar edebiýaty Ýewropa romantizminiň hem watanydyr. Ýeri gelende bellesek, hut şonuň üçinem Ýewropa edebiýaty, bolsa-da rus edebiýaty Gündogary özleriniň edebiýatyny baýlaşdyrjak ylham çeşmesi hökmünde kabul edendiklerini edebiýatçy alym S.L.Kaganowiç “Rus romantizmi we Gündogar”1 atly kitabynda belläpdir. Nygtamakçy bolýan pikirimiz her bir halkyň romantiki dünýäsi onuň haýsam bolsa bir şygyr görnüşinde beýanyny tapmagy kanunalaýyk çeper hadysadyr. Türkmen halkynyň gadymyýetinde şeýle şygyr görnüşi bolup goşuk hyzmat edipdir.
Edebiýatymyzyň taryhynda, bolsa-da XVIII-XIX asyr edebiýatymyzda ýörgünli işledilen romantiki döredijilik usula degişli bolan ideýa çeperçilik serişdeleriň köklerini Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde ýerleşdirilen goşuklardan gözlemek dogrudyr. Biz şu ýerde usul sözüni ýönelige agzamadyk. Käbir okyjynyň ters düşünmezligi üçin gürüňiň çeper usul hakynda barman, şol usulyň – çeper stiliň ulanýan çeperçilik serişdeleri hakyndadygyny tekrarlap aýdýarys. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügindäki goşuklary folklor eseri hasaplaýanymyzda-da ondan romantiki duýgulanmalary yzarlamak edebi ylym üçin hata däldir. Sebäbi her bir edebi täzeçiligiň ilkinji alamatlary halk döredijiligi eserlerinde jemlenendir.
Gürrüňi edýän çeperçilik serişdelerimize degişli mysallara ýüzlenmezden öňürti, sözlükdäki goşgularyň edebi çeper hem mazmun gymmaty dogrusynda birki agyz aýtmak gerek. Edebiýat ylmymyz üçin ol goşgular gadymy şygyr nusgalary bolup durýar. Ol eserlere şol döwrüň gözi bilen baha bermek gerek. Ol eserler mazmun hem çeperçilik babatda şeýle seretseň juda sada ýa gowşak görünmegi mümkin. Emma bu beýle däldir. Olar kämil eserlerdir. Olaryň tema ýaýrawy-da juda giň.
Bu barada R.Rejebowyň we Ý.Hydyrow bilen Ö.Ylýasowyň öňde agzalan işlerinde çuň maglumat berilýär. Edebiýatçy alymlar Y.Hydyrow bilen O.Ylýasow sözlükde sözüň manysyny düşündirmek maksady bilen ulanylan goşgulary: zähmet, yşky liriki we pasyllar, myhmansöýerlik, bilimli bolmak, edep-terbiýe, söweş wakalary, filosofiki we sosial motiw kimin toparlara bölüp öwrenipdirler. 
Geliň şu ýerde Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynda” adamzat üçin ylym-bilimli ähmiýeti hakynda birnäçe şygyrlara seredip geçeliň.

Erdi oza erenler
Erdem begi bilik tag.
Aýdy üküş ögütler
Köňlüm bolar aňar sag.

Ozal ýaşap geçen erenler-ärler hünärleri bilen-beg, bilimleri bilen dag saýylypdyr, olar köp öwüt beripdirler (aýdypdyrlar), köňlüm şolar bilen sagdyr (janlydyr, ýaşaýandyr).
Geçmişde özleriniň hünärleri bilen beg saýylan, bilimleri bilen dag saýylan  adamlaryň ýaşap geçendigini, olaryň köp öwüt-nesihat miras goýup gidendigini, şolary ýatlasaň göwnüň getirilýändigini beýan edýän ýokarky bentden geçmişde-de bilime näderejede sarpa goýulýandygyny aňşyrman kyn däl.
Her kimiň öz pikirini aç-açan aýtmagy ylym-da esasy ýörelgedir. Her kim özüniň öňe sürýän ylmy garaýşyny delillendirip bilse, şol hem ylma uly peýda getirýär. Hiç hili pikir alyşmazdan ylalaşmak ylmyň peýdasyna däldir.
“Diwanyndaky”:

Tutuşmagynça tüzülmes,
Topurmagynça agylmaz.

Tutuşylmasa, düzülmez, ýel ösmese, howa açylsmas durlanmasa – diýen setirler halkymyzyň arasyndaky “Çekişmän-bekişmez” diýen atalar sözi bilen many-mazmun taýyndan utgaşyp gelýär.
Dünýäde göwnüňe düwen ähli arzuwlaryň diňe bilim almak bilen hasyl bolýandygy aşakdaky bentde örän çeperçilik bilen beýan edilýär.

Izimni öger men,
Bilikni ýüger men,
Köňülni düker men,
Erdem üze türlünir.

Izimi (Taňryny) öwerin, bilimi ýygaryn (toplaryn), göwnümi düwerin (bilim almaga) bilim we hünär bilen (köňlüme baglan, göwnüme düwen niýetim) düýrlenen (kürtlener, amala aşar).
Bilimli kişiniň öwüt-nesihaty onuň ile berýän nygmaty (iýmiti), “Diwanda” bu pikir bürgüdiň awuny almak üçin asmandan aşak inmeginiň bilimli adamyň öwüt-nesihaty bilen deňeşdirilmegi arkaly beýan edilýär:

Us as görüp, ýüksüz kalyk kody çakar,
Bilge kişi ögit berip, towrak okar.

Bürgüt (us) awuny (as-aş, iýmit) görüp, asmandan şaglap iner, bilimli kişiniň hem öwüt nesihaty şol tizlikde bolup (öz maksadyna ýeter).
Bu jümleler ata-babalarymyzyň asyrlaýyn aňrysyndan eşidilýän paýhasly pikirleri. Ol pikirler ýurdumyzda ylym-bilim has-da uly ähmiýet berilýän Beýik galkynyşlar zamanasynda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.   
Munuň özi sözlükdäki eseleriň temasynyň juda giňdigini aňladýar. Hat-da, olary ýene-de birnäçe toparlara bölmek mümkinçiligi bar. Bu birinjiden. Ikinjiden, ol goşgularyň bogun ölçegleri, kapiýa sazlaşygy, hat-da şygyr setirleriň içki sazlaşygy-da öz döwrüniň dil aýratynlygy nukdaýyndan seredeniňde juda kämildir. Dört setirden ybarat goşgy setirleri aňsatlyk bilen iki setirli gazala öwrülip dur. Şunda onuň içki sazlaşygynyň bozulmaýandygyny görmek mümkin. Hat-da, diňe bir sillabiki bogun sazlaşygy saklanman, ses sazlaşygy hem köplenç halatda saklanýar.
“Diwandaky” halk şahyrana döredijiliginde iň üýtgemän mäkäm oturan zat sillabik ölçegidir. Gadymy ildeşlerimiziň ýaşan döwürleriniň sillabik ölçegleriniň nusgalaryny ýönekeý adamlara niýetlenen urfany häsiýetli şygyrlary ýazan şahyrlaryň döredijiliginde görmek mümkin. Hoja Ahmet Ýasawynyň dörtleme şygyrlarynda hem, Ýunus Emräniň ikileme şygyrlarynda hem ony görmek mümkin. Biz şu şahyrlaryň döreden eserlerine Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwandaky” şygyrlary çeşme bolup hyzmat edendir diýip pikir edýäris. 
Onsoňam Mahmyt Kaşgarly uly alym. Sözlük düzmek her ýeteniň işi däl. Onuň mysal alýan bentlerine syny oturmasa olary ulanmajagy öz-özünden görnüp dur. Ondaky bentleriň setirleri, esasan, ýedi bogunly bolup, onda alty, sekiz, on, on bir, on iki, on dört hem on ýedi bogunly setirler hem gabat gelýär. Üçünjiden, goşgularda pikir çeper beýan edilýär. Munuň üçin ýörite çeperçilik serişdelerden peýdalanylýar. Bu barada aşakda ýörite durjakdygymyz üçin mysal getirip durmakçy däl. Dördünjiden, sözlükde biziň edebiýatymyzyň ýörgünli işlenen edebi däplerine gabat gelinýär . Muňa munazraçylyk däbinde ýazylan pasyllaryň aýdyşygyny we olarda allegoriýanyň ulanylyşyny mysal getirip bolar.
Alymyň bu sözlügindäki şygyr setirleriniň uly topary tebigat gözelligi we pasyl çalşygyna degişli. Bu hili şygyrlarda dürli-dürli edebi çeperçilik serişdeler arkaly tebigat keşbi berilýär. Ençeme setirlerde bolsa ýylyň pasyl çalşygynyň özboluşlylygy çeperçilik bilen suratlandyrylypdyr. Şeýle setirler aýdym žanrna örän ýakyndyr, belki şolar geçmişde aýdym edilip, aýdylandyr diýip aýtmaga doly esas bar. Çünki olardaky ritmlilik çeperçilik, ölçeg birligi täsirli mazmun we ş.m. zatlar zähmet prosesi bilen baglylykda döräp, adamlaryň ruhuna täsirini ýetiripdir. Hat-da gyş bilen ýazyň arasyndaky jedel görnüşli aýdyşyklar özüne çekýär.
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” atly diwanyndaky “Ýaz” goşgusy on dört bentden ybarat bu şygyr munazara häsiýetinde ýazylypdyr. Şygyrda ýaza mahsus aýratynlyklar buludyň gelmegi ýagmyryň ýagmagy, dürli reňkli gül çeçekleriň kükräp bark urmagy, goýun-guzularyň mäňraşmagy, daglaryň garynyň, buzunyň eremegi, kaklaryň suwunyň köl bolup köpelmegi, depeleriň ýaşyl dona bürenmegi, malgaralaryň ýazlagda ýazlamagy ýaly hakykatlar janlandyrylýar.

“Gyş bilen ýaz çaknyşdy,
Biri-birine gaňrylyp bakyşdy.
Biri-birini utmaga çalyşdy,
Biri-birini ýutmaga çalyşdy”1.

Ýaz:

Senden garlawaç gaçýar,
Sandulaç guşy mende dynç alýar.
Bilbiller hezil edinýär,
Olaryň horazy hem  mäkiýany duşuşýarlar.

Munazaranyň Ýusup Balasugunlyda arassa özi bolmasa-da onuň dürli elemenleriniň ýüze çykmagy, XI asyrda bu žanryň täzeden döräp başlandygyna şaýatlyk edýär. Muňa poemadan mysallar ýüzleneliň.
Gündogardan bahar pasly geldi, dünýäni bezemek üçin jennet ýoluny saldy;
Gara toprak güle bürendi; aýaz ýeňildi, dünýe özün görkezmek üçin gör-ä bezendi;
Bahar pasly ezýetli gyşy kowdy: parlak ýaz sahabat ýaýyny gurdy.
Görşümiz ýaly setirlerde eseriň gahrymanlary öz arasynda jedele girmeseler-de, olaryň çekişmeleriniň netijesi welin, munazaranyň netijesi bilen ekiztaýy, birmeňzeş ýaly.
Alym öz diwanynda esasan hem tebigat baradaky şygyrlarynda tebigatyň gözelligini, tebigat hadysalaryny, pasyllaryň aýdyşygyny, esasan hem şol döwürlerdäki tebigat peýzažyny gowy çekmegi başarypdyr. Tebigat, tebigat hadysalary baradaky şygyrlaryndan mysallar.

Ýaý baruban örküzi,
Akty akyn munduzy,
Togdy ýaruk ýyldyzy,
Tiňle sözüm gülküsiz.2

Bu setirlerde Mahmyt Kaşgarly şol döwrüň tebigatyny, ýaz paslyny wasp edýär. Manysy ýaz gelip, garlar eredi, güýçli siller akdy, parlak ýyldyz dogdy, sözümi gülküsiz diňle.

Türlük çeçek ýoryldy,
Barçyn ýazym gerildi,
Uçmak ýeri görüldi.
Tumlug ýene kelgüwsüz.3

Bu şygyr bendinde alym tebigat gözelliginiň waspyny ýetirýär.
Manysy:

Dürli güller açyldy,
Ýüpek-düşek ýere düşeldi.             
Jennet ýeri görüldi.           
Sowuk gaýdyp gelmesiz boldy.

Kyş ýaý bile tokuşdy,
Kyňyr közün bakyşty.
Tutuşkaly ýakyşty,
Utgaly mat ugraşur.
    
Bu setirlerde gyş bilen ýazyň aýdyşygy suratlandyrylýar. Diwanda alym esasan hem pasyllaryň öz arasyndaky dawa-jedellerini, aýdyşygyny gowy suratlandyrypdyr. Şu bendiň manysy: Gyş ýaz bilen söweşdi. Olar gyňyr gözleri bilen biri-birine bakyşdylar. Tutuşmaga ýakyn galdy. Biri-birini utmaga jan edýärler.

Kar, buz kamug erüşdi,
Taglar suwy akyşdy.
Gökşün bulut örüşdi.
Kaýruk bolup ügreşür.

Bu setirleriň manysy:Barça garlar, buzlar eredi, daglaryň suwy akdy, gögümtil bulutlar örüşdi, ol bulutlar gökde howada yranýarlar, ürgünýärler, deňizde gaýygyň yranyşy ýaly.

Ýaşyn atyp, ýaşnady,
Tuman turup, tuşnady.
Azgyr, kysyp kişnedi,
Ükür alyp, ukraşur.

Bu şygyr böleginde ýaz pasly wasp edilýär we şeýle diýilýär. Ýyldyrym çakdy, gaý, tupan turup howa gaýlady, gysyr kişňeşdi, olar süri bolup, hokraşýarlar, kişňeşýärler.

Palçyk bulak ýugrular,
Çygaý ýawuz ýygrylar.
Erňekleri ogrulur,
Ozguç bile öwreşür.

Bu şygyrda hem tebigat we tebigy hadysalar hakynda söz açylýar. Bu bentde tomus bilen gyşyň aýdyşygy hakynda söz gidýär. Tomus gyşa şeýle diýýär: Gyşda palçyk bilen laý biri-birine gatylyp, ýugrulýar, garyplar sowukdan ýygrylýarlar, sowukdan olaryň barmaklary öwrenýär, bir kiçijik otjagaz bilen öwrenişýärler, mydar edýärler. Ine bu setirde bir tarapdan tebigat, gyş pasly suratlandyrylýar, bir tarapdan bolsa şol döwrüň adamlarynyň nähili durmuşda nähili ýagdaýlarda ýaşandyklary suratlandyrylýar. Alym öz şygrynda tebigat hadysalary, pasyllaryň aýdyşygy bilen bir hatarda garyp pukaralaryň ýaşaýyş durmuşyny-da suratlandyrmak başarypdyr.

Ýaratdy ýaşyl çaş,
Sawurdy ürüň kaş.
Tizitdi gara kuş tün-gün üze ýörgenür.

Bu şygyr bendinde şol döwrüň gök asmany wasp edilýär we şeýle diýilýär: Ýaşyl firuza ýaratdy onuň ýüzüne ak gaş sowurdy, ýagny, sepdi, garaguş düzüldi, taýlaşdy (garaguş mizan-terezi diýen iki ýyldyzyň ady) ol gije-gündiz dolanmakda ýörmekde. bu bendiň birinji setirindäki “çaş” sözi “firuza daşy” manysyndadyr. Bu setirdäki Mahmyt Kaşgarlynyň diwanynda XI asyrda ulanylan söz şu günki günümizde hem ulanylýar. XI asyrda türkmen edebiýatynda ulanylan söz XXI asyryň türkmen edebiýatynda duş gelmek bolýar.

Tegme çeçek ügüldi,
Bukaklanyp büküldi.
Tügsin tügül tügüldi.
Ýargalymat ýörgeşür.

Bu şygyr böleginde ýaz pasly wasp edilýär we şeýle diýilýär: Her hili güller, çeçekler ügüldi, köpeldi, üwme boldy, olar pyntyklap, gunçalap, başlary aşak sallandy, bürüldi, olar düwün ýaly düwüldiler, olar biri-birine çyrmaşýar we ýarylmaga jan edýärler, ýaryljak açyljak bolýarlar. Ine bu setirde güljagazyň obrazy inçelik bilen yzarlanyp görkezilipdir, ol diýseň çeper beýan edilipdir.

Kuş ýowuzy sagyzgan,
Ýygaç ýazuwt azgan.
Ýir ýawuzy kazgan,
Budun ýawuzy barysgan.

Guşuň ýamany alahekgedir, agajyň ýamany azgan agajydyr (bu agaç ýanan wagtynda, ondan köp uçgun syçraýar), ýeriň ýamany çarkandakly ýerdir, halkyň ýamany barysgan halkydyr. Barysganlylar gaty bahyl bolýarlar diýip Mahmyt Kaşgarly görkezýär.
Umuman, goşguda gyş pasly ýaza garap özüniň artykmaçlyklaryny mälim etmek bilen ýazyň öňünde öwünýär. Ýaz pasly bolsa öz artykmaçlyklaryny görkezip, gyşa garşy durýar. Bu zatlar şol şygyrlarda adamlaryň içki duýgularyna, pasyllara bolan garaýşyna, düşünjesine laýyklykda beýan edilipdir. Şolardan mälim bolşuna görä, adamlar pasyllary we onuñ çalşygyny göýä tebigatdaky janly zatlar hasalap uly bir güýç hökmünde kabul edipdirler. Şol sebäpli iki paslyň arasyndaky bolup geçýän tebigat özgerişleri çeper suratlandyrylypdyr.
Umuman, şunuň ýaly özara jedellerden soň ýaz gyşdan üstün çykýar. Gyş ýazdan ýeňlip gaýdyp gelmeze giden ýaly edilip görkezilýär. Gyşyň ýeňilmegi bilen ähli janly-jandarlar, azyk-owkatsyzlykdan, sowukdan heläkçilik çeken adamlar begenişýärler. Bu üstünlige begenip bütin tebigat janlanýar. Gün ýere ýylylyk nuruny saçýar, ýerden mylaýym akja buglar asmana göterilýär. Daglardaky gar-buzlar ereýär, bulak-çeşmelerden şarlap suwlar akýar. Gyş gorkusyna basyrnyp ýatan otlar ýerden galýar1.
Ol bentleri bir ýere toplap öwrenseň, ýokarda aýdanymyz ýaly, bitewi mazmun emele gelýär. Ine, şonuň üçinem onuň asyl nusgada bitewi bir eser bolandygy hakyndaky pikirimize gelýäris. Bu şol döwürde eýýam uly sýužetli goşgularyň bolandygyndan habar berýär. Özem ol adaty goşgy bolman aýdyşyk goşgy. Diýmek, klassyky edebiýatymyzdaky aýdyşyk goşgular öz gözbaşyny gaty ir döwürlerden alyp gaýdýan eken diýmäge doly esas bar.
Pasyllaryň aýdyşygyny beýan edýän goşgy bentleri bilen “Hurma agajy we geçi” atly gadymy oguz eseriniň meňzeşligi bar. Bularyň ikisem munazraçylyk däbinde ýazylypdyr. Olaryň ikisinde-de öwünjeňlik ýazgarylýar. Hurma agajy bilen gyşyň häsiýetinde meňzeşlik bar. Olaryň ikisi-de öwünjeň.
Edebiýatymyzyň munazraçylyk däbiniň kem-kemden has-da kämilleşendigini aýtmalydyr. Ol diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar edebiýatynyň öşüşinde uly orun tutýar. “Türki halklaryň edebiýatynda Ahmeddiniň, Ýakynynyň, Emiriniň we Fizulynyň munazralary meşhurdyr” diýip “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde” düşündiriş berilýär2. Türkmen edebiýatynda Gaýybynyň “Otuz iki tohum kyssasy” eseri munazraçylyk däbiniň ajaýyp nusgasydyr. Bu däbiň sopuçylyk edebiýatynda-da işlenilendigini aýtmalydyr.
Sözlükdäki goşgy bentleriň ýene bir aýratynlygy harby gahrymançylyk temasynda ýazylan eserleriň bolmagydyr. Olarda gahrymanyň söweşde görkezen gahrymançylygy wasplanýar. Adatça şygyr gahrymany öz batyrlygyny wasp edýär:

Öpkäm gelip ugradym,
Arslanlaýu kükredim,
Alplar başyn togradym,
Emdi meni kim tutar.

Alym R.Rejebow bu şygryň manysyny şeýle düşündirýär: “Özüniň gahrymanlygyny wasp edýär we şeýle diýýär: Gaharym gelip ugradym, arslan ýaly arladym, batyrlaryň başyny dogradym, indi meni tutup biljek barmy?”3 Gahrymanyň özüni wasp etmegi we ondaky anyklyk bu goşgy bendini ýazuwly edebiýata degişli edýär. Şu öwgi häsiýetli goşgular döwrüň edebiýatynda kasydaçylyk däbiň, ýagny, odanyň döremigine getirendir diýip pikir edýäris.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 403 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Täjimow, Araznepes Mämmetjumaýew, Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]