10:46 Mähriban ene | |
MÄHRIBAN ENE
Özi üçin däl, meniň üçin, Hakdan dilegi köp eden. Howsalasy bilen maňa, Gelýän dertleri dep eden, Hemişe hem hemme ýerde Keşbime suwsan enemdiň. Ýüregi dert, gözleri dört, Ýollaryma bakyp galan. Gaýgydan, gamdan, görgüden Daňa golaý ýatyp galan, Janserek-perwaz enemdiň. Göteren, guwanan, eklän, Yrym edip, çirim etmän. Sabyrly, sada hem pespäl, Sen meniň ryzwan enemdiň. Bilbil mysaly nurana, Gögerçin deý görmegeýim. Owlagyň — ogluň ugrunda Keýik kimin keýerjeklän, Maral dek ylgan enemdiň. Galsam dünýäniň tümünde, Al şapak kibi lowurdan. Albaýym — elwan belendim. Men watansöýüji Ýusup jan, Sen meniň Kengan enemdiň. Pikirlerne gümra bolan Syrlary pynhan enemdiň. Ýeke-täk öz sesi bilen Gürleýän Ynsan enemdiň. | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |