13:57

Mälik şa

MÄLIK ŞA (1055-1093 ý.)

Jelaleddin Abul Fath Mälik şa Beýik seljuk-türkmen döwletiniň taryhyndaky iň dabaraly, guwançly ýylda — Togrul begiň uly şowhun, uly ýeňiş bilen yslam halyflygynyň paýtagty bolan Bagdat şäherine giren ýyly, Bagdatda tagt edinip, halyf Kaim Ömüryllahyň elinden: «Sen şu günden beýläk Gündogaryň hem Günbataryň hökümdary, sen ýedi yklymyň soltany» ykrarnamany alan, ýedi yklymyň soltanlygynyň kepili hökmünde ýedi don geýen ýyly dünýä inýär. Mälik şa Alp Arslanyň ogludyr.
Alp Arslan ogluny bir ýaşdan atabege berýär. Atabeg Mälik şaga ýedi dil öwredýär, şeýle hem şazada serkerdelik we söweş tilsimatlaryna birkemsiz türgenleşýär. Alp Arslan öz hökümdarlyk süren ýyllarynda ogly Mäligi weziri Nyzamylmülk bilen bilelikde ýörişlere äkidýär. Söweşlerde bir ganaty özi dolandyrsa, ikinji ganaty ýaş şazada ynanýar. Ýaş şazada wezir Nyzamylmülkden hem köp zatlary öwrenýär. Öz patyşalyk eden döwründe Nyzamylmülki özüniň baş weziri edinýär. Şeýle hem Mälik şa baş weziriniň «Syýasatnama» atly meşhur kitabyny ýazmagyna pata berýär. Ýöne, bimahal ölüm sebäpli, bu kitap bilen tanyşmaga ýetişmeýär.
Ýaş şazada Mälik 1064-1065-nji ýyllarda Gürjüstan ýörişinde gaty köp sanly söweşlere gatnaşýar. Söweşi serkerde hökmünde mydama özi başlaýar. Kwelis-Kür, Sow-şat, Klarjet ýeňişleri şazada Mäligi ruhlandyrýar. Ol Ermenistanyň demirgazyk bölegini doly basyp alýar. Gürjüstanyň içi bilen Ahil-pelek şäherine zabt edýär. Gürjüstanyň koroly Bagrat IV soňky demde gaçyp gutulýar.
Mälik şa Araz derýasynyň kenary bilen süýşüp, rimliler bilen üznüksiz söweş alyp barýar. Gaty kän galalar syndyrylýar. Mälik şa garşydaşynyň galanyň depesinde duran serdaryny peýkam bilen atyp öldürende, duşmanyň mugyra gelen gezeklerem bolupdyr. Mälik şa ýigrimi metr belentlikdäki diwara ýüzüniň ugruna dyrmaşyp çykmagy başarypdyr. Ýöne, bir gezek diwara dyrmaşyp barýarka, Mälik şanyň aýagy typýar we derýa gaçýar. Mälik şa birjik-de wagt ýitirmän, täzeden hüjüme geçýär. Ýaş şazadanyň okgunlylygyny gören nökerler: «Allahu-ekber!» diýşip, hüjüme geçýärler.
Özünden uly erkek doganlarynyň bardygyna seretmezden, soltan Alp Arslanyň Mälik şany mirasdüşer seçmegi ýöne ýerden däl. Ol bu hormata, ynama özüniň ýaşlygyndan başlap döwlet işlerinde taplanmagy, söweşlerde görkezen mertligi, edermenligi bilen mynasyp bolýar.
Alp Arslan öz ölüminden soň tagt dawasynyň bolmagyndan heder edipdir, ol öz ölüminiň ýakynlandygyny hem aňypdyr. Şonuň üçin hem Malazgirt söweşiniň öň ýany, eger ölse, ýerine Mäligi mirasdüşer belleýändigini jar edipdir. Malazgirt söweşinden soň Mawerennahra ýörişiniň öňüsyrasy hem Mäligiň mirasdüşerdigini yglan edipdir.
Mälik şa, Mawerennahr ýörişinde kakasy wepat bolansoň, 1072-nji ýylda — on ýedi ýaşynda tagta geçýär, kakasyny Mara getirip jaýladýar. Ol «men» diýen ýaşynda — otuz sekiz ýaşynda aradan çykýar. Ýigrimi bir ýyllyk hökümdarlygynda şalygyň serhetini Kaşgardan Günbatar Anadola, Kawkazdan Ýemene çenli giňeldýär. Bagdatda wepat bolan Mälik şanyň jesedi Yspyhana getirilip, özi üçin gurduran medresesindäki gubur-türbetde jaýlanýar.
Mälik şa orta boýly, ak ýüzli, polady ýumşak adam bolupdyr. Ol ajaýyp seýis, ajaýyp çapyksuwar, ajaýyp mergen hökmünde meşhurlyk gazanýar.
Mälik şa ulamalar, şahyrlar bilen dünýewi gürrüňler edip oturmagy biçak gowy görer eken.
Mälik şa «Takwimi jedwel» atly senenama — ýyl hasabyny döredýär.
Şeýle hem Mälik şa döwlet-dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdir. Onuň döreden kämil döwlet-dolandyryş ulgamy köp wagtlap yslam döwletleriniň döwlet-dolandyryş ulgamlaryna esas-gollanma bolup hyzmat edýär.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 241 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]