15:02

Mario Wargas Lýosa

MARIO WARGAS LÝOSA

Horhe Mario Pedro Wargas Lýosa, 1-nji markiz Wargas Lýosa (ispança: Jorge Mario Pedro Vargas Llosa, 1er Marqués de Vargas Llosa), 1936-njy ýylyň 28-nji martynda Perunyň Arekipa şäherinde doglan, peruly ýazyjy, dramaturg, publisist, syýasy işgär, 2010-njy ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň laureaty, 2021-nji ýyldan Fransuz ylymlar akademiýasynyň hormatly agzasy – akademigi.
M.W.Lýosa ortagürp maşgalada doglupdyr, onuň kakasy awtobusyň sürüjisi ekeni. Ol bahym aýaly bilen aýrylyşyp, ony we çagalaryny M.W.Lýosaň babasynyň garamagynda galdyryp gidipdir. M.W.Lýosaň babasy Perunyň Boliwiýa Respublikasynyň Koçaçamba şäherindäki hormatly konsuly eken. Şol ýerde M.W.Lýosaň çagalygynyň ilkinji ýyllary geçipdir. Ondan başga-da ýazyjyň kakasynyň milleti nemes bolan zenandan iki sany binika çagasynyň bolandygy hakynda-da maglumat bar.
M.W.Lýosaň babasynyň pagta mülkleri bolupdyr we ol öz gyzyny hem agtygyny hemme zerur zatlar bilen doly üpjün edipdir. Ýöne şol bir wagtda-da ol oglanjyga kakasy barada hemme zady doly aýtmagy berk gadagan edipdir. Emma, bu wakalara garamazdan 1946-njy ýylda M.W.Lýosaň ejesi bilen kakasy ýene-de gaýtadan bilelikde ýaşamaga başlapdyrlar. Olar Lima göçüpdirler we şol ýerde-de M.W.Lýosa ilk-ä ýekşenbe mekdebini tamamlapdyr, soňam, kakasynyň talaby bilen Leonsio Prado adyndaky harby mekdebe giripdir. Harby mekdepdäki döwrüni ýazyjy özüniň juda galmagally ilkinji romany “Şäher we köpekler” atly eserinde dogruçyl suratlandyrypdyr.
Harby mekdep ýazyjyň göwnünden turmandygy zerarly ol ony tamamlamaga bir ýyl galanda taşlap gaýdyp, ýerli “La Industria” gazetine habarçy bolup işe ýerleşipdir. 1953-nji ýylda bolsa M.W.Lýosa San-Markosyň uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa giripdir, ýöne bahym Ýewropa gidip, şol ýerde Madrid uniwersitetiniň stipendiýasyna mynasyp bolupdyr. 1958-nji ýylda bolsa Madrid uniwersitetinde Ruben Darioň döredijiligi boýunça dissertasiýasyny gorapdyr.
1960-njy ýylda M.W.Lýosa Pariže göçüpdir. Ol ýerde oňa edebiýat ylmy boýunça seljermeler üçin goldaw puluny – grant bermegi söz beripdirler. Oňa çenli öz dolanany Huliýa Urkidi bilen raýatlyk nikasynda ýaşaýar eken. H.Urkidi ýazyjydan 10 ýaş uly ekeni. H.Urkidi soňra ýazyjyň “Huliýa daýzajyk we ýazyjysumak” atly romanynyň baş gahrymanynyň asylky şekili (prototipi) bolup hyzmat edipdir.
Parižde M.W.Lýosa goldaw puluna/granta mynasyp bolup bilmändir, ýöne Madride dolanmakdan ýüz dönderip, şol ýerde ýaşamaga başlapdyr we Hulio Kortasar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edipdir. Ondan başga-da radioda, telewideniýede žurnalist bolup işläpdir.
1971-nji ýylda M.W.Lýosa Gabriýel Garsia Markesiň döredijiligi boýunça düýpli dissertasiýany gorapdyr, soňam ol “Beýik Gabo” (G.G.Markesiň lakamlarynyň biri) bilen syýasy we edebiýat meseleleri babatda ençeme gezek eglişiksiz jedele girip gezipdir.
Olaryň özara çekişmeleri (munazaralary) latynamerikan “jadyly realizm” akymynyň bu iki görnükli wekiliniň arasyndaky gatnaşyklaryň üzül-kesil ýaramazlaşmagyna getiripdir. 1976-njy ýylda bolsa M.W.Lýosa hatda birgiden adamlaryň, esasanam habarçylaryň bar wagty özüniň öňki dosty – “Beýik Gabo” şarpygam çalypdyr.
Şol sebäpli bu iki ägit ýazyjyň arasyndaky duşmançylyk tä 2007-nji ýyla çenli dowam edip, diňe şondan soň olaryň birneme ganynyň gyzgyny gaýdyşyp başlapdyr. Şol wagtlar Beýik Gabo hatda özüniň “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” atly adybelli eseriniň akademiki neşiriniň düşündirişlerine M.W.Lýosaň ylmy işlerinden alynmalardan peýdalanmaga-da rugsat beripdir.
1975-nji ýylda M.W.Lýosa Halkara ýazyjylar birleşmesiniň ýolbaşçylygyna saýlanypdyr. 1978-nji ýylda bolsa Lima dolanyp gelenden soňam dünýäň ýüzünde kän syýahat etmegini dowam edipdir. 1990-njy ýylda ol “Demokratiki front” partiýasynyň adyndan Peruň prezidentlik wezipesine dalaşgär hökmünde-de saýlawa gatnaşypdyr.
M.W.Lýosaň ilkinji romany “Şäher we köpekler” 1963-nji ýylda neşir edilip, dessine-de ýazyjyň adyny ýaşlaryň arasynda elýetmez belentlige göteripdir. Bu roman ýokarda bellenilişi ýaly ýazyjyň özüniň harby mekdepdäki bolan döwrüne esaslanýandygy sebäpli, rehimsizligiň, diýdimzorlugyň howasyny iňňän tebigy şekillendirip, simwoliki häsiýetli ekzistensialistik (dünýäň aň ýetirip bolmazlygy hakda garaýyş) rowaýat äheňinde ýazylypdyr.
2010-njy ýylda bolsa M.W.Lýosa edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Şol baýraga mynasyp bolmagy mynasybetli okan dessurlaýyn “Okamagyň we edebiýatyň waspy” atly Nobel nutugynda-da ol şeýle belläpdir: “Edebiýat – ýalan, ýöne ol biz, özgeren, hyýalymyz arkaly çal durmuş hakykatyny hemişe şübhe astyna alýan we ymtylyşlar bilen kesellän okyjylarda hakykata öwrülýär”.

Çeşmesi: https://ru.wikipedia.org/wiki/Варгас_Льоса,_Марио. 06.09.2022ý.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 131 | Добавил: Bagabat | Теги: Mario Wargas Lýosa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]