14:01 Maý | |
MAÝ
On sekiz günden soň batansoň Ülker, Başlanýar türkmende ýene-de bir aý. Bilýänsiňiz, bilýän dälsiňiz, belkem, Ol aýa bu döwür diýilýändir Maý. Maý — gowy aý. Öwsüp duran heserli günleň ýeňse berip, tesen pillesi. Gyşda üşän Zemin tapar teselli, Lowlap geler Jöwza — tomsuň çillesi. Ekilýän ekinleň gögeriş alyp, Ýetginjekler kimin hekgerýän döwri, Tebigatyň tümüň tumşugna çalyp, Gündize sagady köp berýän döwri. Düýbi suw içinde galaýanda-da, Bugdaýlar bişmäge oturýar, kileň, Bişenligin adam aňmaýanda-da Irbişer ternäni gemrer tilkiler. Tutuş barlyk edil yşga düşen deý, Gijesi-gündizi lowlaýan çagy. Peller müşk kükedýä zamça bişende Dünýäň anbar yssyz oňmaýan çagy Gözellik duýulýar ähli künjekde Serhedi giňeýär gözelligiňem. Suwa düşýän döwri ýetginjekleriň Obanyň suwluja güzerlerine Maý — gowy aý. Jomart. Hiç iş däl müşgil Barlyk bagş eýleýär gowulyklaryn. Bu aý Aleksandr doglupdyr — Puşkin, hem Aşyrmät Garly — men doglupdyryn. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |