19:18

Maýmyn bilen äýnek

MAÝMYN BILEN ÄÝNEK

Maýmyn garrap, çöňňelensoň gözleri,
("Munuň özi şeýle uly aýyp däl.
Äýnek edin, beren puluň haýp däl")
Adamlardan eşdip şeýle sözleri,
Alty sany äýnek alyp özüne,
Her hili edip dakyp gördi gözüne:
Kä gulagna, käte guýrugna dakdy,
käte ysgap, käte ýalaplar çykdy.
Ondan peýda bolmady,
Hiç zat edip bilmedi.
"Artyp galmyş! Tüf olaryň ýüzüne,
Kim ynansa adamlaryň sözüşüne!
Äýnek hakda aýdanlary al eken,
Onuň gyl ýalysam dogry däl eken.
Aldapdyrlar olar meni"
Diýip, Maýmyn zöwwe turup,
Äýneklerin daşa urup,
Owram-owram etdi ony.

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Durdy HALDURDY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 173 | Добавил: Haweran | Теги: Iwan Krylow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]