15:19

Mekdepde / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 283 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Bagabat  
43
Dostuma:
-Mekdebe-de, ony gutaranyňa näçe wagt geçenem bolsa, aram-aram baryp görmeli. Henizem ol saňa öwretmegini dowam edip gidip otyr...-diýdim.
Ol jogap berdi:
-Okaýakak öwrendikm-aý, indi baryp nämedir bir zat öwrenerimiz ýaly?!
Menem diýdim:
-Öwredişlerine däl-de öwrenişiňe bagly bolaýmasyn...

0
2 mango  
651
…goňşulaň hammamynda serhoşlukdan açyljak bolup, kündük baryny boşadyp bokurdagyma elimi sokýan-da ögeýän, ýetişibildigimden hem-ä gusýan, hem depämden sowuk suw eňterýän, hemem aglaýan...

Gowy epizod. Kino edäýseň gaty täsirli kadrlar bolardy. Berekella.
Serdar kaka bu hekaýasynda-da beýlekilerindäki ýaly ýatlamalary tikkeş-tirkeş tirkemek stilini ulanypdyr.
Meniň üçin gowy ýeri - kän gülmelewaçly sözler ulanmandyr.
Ýöne, ýokarky kadr göz öňümde janlanyp gitdi,
Alagarňky, (döwrüniň) kafelsiz beton banýosy, fortoçkadan düşýän yşyk, öl-myžžyklyk, gusuk, agy, ýüzüň tragiki şekli… светотень bilen oýnap ýaman owadan kadrlary alsaň boljak eken.
Minnetdar.

0
3 mango  
651
Mendenem mekdep bilen bagly ýatlama.
Men halamok mekdebimi.
Sebäbinem bilemok.
Diňe halamok.
Özümem 8-i gutaryp, uçilişä girdim.
10-gutarmazlyk sindromymy nämemi, men entegem mahal-mahal şo bir görnüş füýş görýän….
Hamana, şu ýaşymda ýene sentýabrda okuwa gidýän, emma öz klasdaşlam bir wagt okuwy gutarypdyrlar, menem özümden kiçi ýat oglanlarly klasa girýän…
9-y, 10-y okamaga….
Ýogsam 9-yň, 10-yň programmasyny uçilişede geçdigem welin…
Edil trawma alan ýalyda. Şoňa meňzeş düýş meni yzarlamasyny goýanok…. ;-)
Men mekdebimi halamok.
Sebäbinem bilemok.
Uçilişämi welin halaýan.
Ýatlamalarymam kän.
Maňa mekdep diýmäň :-)

0
4 Myhman0430  
778
ýer dep diý, ýöne mekdep diýme :-)

0
6 Bagabat  
43
Diýmäň: “Mekdep!”.
Diýmäň: “Kitap!”.
Bolmaň içtap,
Diýmäň şo gep.
Duýup bir tap,
Gepläp uz-sap,
Diýiň: “Ýer dep!”.
Diýiň: “Ur, çap!”.
Diýiň: “Al, gap!”.
Ýok bolsa gep,
Agtarman nep,
Diýiň: “Mekgek!”.
Diýiň: “Kekröp!”.
Ýa-da “Ukrop!”.
Ýa-da “Sokrat!”.
Galmaýyn ät,
Diýmäň şo zat!
“It” diý, “bit” diý,
“Ýat” diý, “jit” diý,
Isleseň iý,
Halasaň soý,
Oňmasaň, goý!
Emma-ki, bak,
Birje söz, hak,
Gulak goý, şep!
Diýme: “Mekdep!”.
Diýme: “Kitap!”.
Şonda bor, şap.
Şonda bor, hop.
Şonda bor, güp...
...Boldumy rep?
Ýa-da hip-hop?!:-)

0
8 Myhman0430  
778
gapdym ine "hop"
misli bir top
etdigim däl lap
boldy bir nep
olam bir rep
yzyny sen tap
soň temany ýap :-)

0
5 Myhman0430  
778
ýazjaklarym bellik däldir. ýöne bir, häki, okap otyrkaň gözöňüňden geçýän sahnalaryň durmuşdakydan çala tapawutlanýan ýaly bolan ýerleri. durmuşda-da her hili adam bar bolansoň her hili zadam bolup biler, onda-da...

jynazadaky wakalar hakda Iner agaň ispowed etmegi gaty maňzyma batmady. oňa derek ol diňe "kakam pahyr aýrylany bäri içgini goýdum...." diýenden soň çala ýüzi gyzarsa, osom bolan zatlary "Kitap gurdunyň" özi ýatlasa. Ineriň agasy bir-ki sany oglana (belki klasdaşydygyny bilýändigi üçin) ýaňkyny "açyp" gelmeklerini haýyş etse, ýa-da agasynyň oňa "käýýäp" duranyny gören iki-üç sany klasdaşlary özleri äkitse yzam hekaýadaky ýaly....
köplenç şeýle bolýa dämi. pyýan kişiň özüne "açyl" diýseň bir tüýsli, tembole kakasynyň ölenini bilibem açylmajak derejede peýan bolsa.

Ol görgülin-ä äkitjek bolup, öýde ýuwup-dolap, tikip otyrlar. Menem niredenem bolsa tapyp, çagyryp getirenlerinde, gündekim ýaly lül-gammar...Aýak üstünde zordan durun...Uly agam, gaty gazaba münüp: “Owarra bol! Açylyp gel!” diýip, yrzalaşmaga öýe-de salmady...

bu gürrüňi gepiň gerdişine görä aýdaýandyr-da. hemem o wagt ol lül-gammar bolansoň gowy ýadyna düşenok.

hekaýa bilen baglanşygy bolmasa-da jynazaň öň ýanyndaky preseduralar ýadyma düşdi: (jübi telefon ýok döwür) gaýdyş edeniň hossarlary oňa-muňa habar berýäler. birinji bilenem toýuň ýasyň organzatoryny (beýemçi) çagyrýalar. olar (beýemçiler malades-laý) derrew buýruk berip başlar. maşynlylaň birini oglan toplap öwlüýä ugradar, ýolda-da içki jaý gazýançy bilen müjewri alyp geçmelidigini aýdar. eglenmänem yzyňa gaýt diýer. daşda ýaşaýan garyndaşlara habar bermek üçin maşyn ýollanar (tejen diýmän, gyzylarbat diýmän gidip gelmegi goňşular kyn görmez). bar bolsa obaň uzelinde "anons" etdirerler, tabyt, ýuwulýan gurallar, biz getirmeli, ýuwýançy (bir goňşym moýkaçy diýýä) biçimçini, ymamy çagyrmaly..... garaz nemesi kän (şonça kän iş edilse-de yzanda-çuwanlyk ýokdur. diňe agy sesi diýäýmeseň).
eşidişenler gelip başlar. erkekler gädiň agzynda, howluda üýşüşýärler. aýallar göni öýe girip gidýär. gelen aýal ýakyn hossary bolsa gädikden giren ýerinde agy edip başlaýar. agy sözlerinde giperbolany ulanmakda rekord goýýar. merhumyň ýatan otagyna baransoňam dowam edýär. beýlekiler ony köşeşdirýär. ol otag aýallardan dolýar. soň beýleki otaglar, olar dolsa-da daşaryk keçe atylýar.
gapydaky, köçedäki oglanlar gitdigiçe köpelýär. tüweleme, köpüsem hyzmata gaýym. biçüwçi bir kömekçi diýse üçüsi ylgap barar. goňşyň gapysyndaky gassabyň ýanynda dördüsi. biri pahyr bolanyň uly ogluna instruktaž geçýä: ýuwga kim girmeli, kime düwünçek etmeli, kim gabra ýerlemeli, kim jynaza wagty köwşe pul salmaly, kim öwlüýäde pul paýlamaly (Hudaýa şükür, biziň obamyzda ne öwlüýäde ne jynazada pul paýlama däbi ýok. gabryň ýokarsyna gury töňňe-de dikilmeýär)....
ogul, öň derdi ýetik. kakasy öldi, ýitgi çekdi. her kim gelip bir zat diýýä. oňa welin hiç zat ýaranok. hatda namaz borjuny çykarmak üçin kakasynyň doglan gününi sorasalaram ýakanok. onda-da hemme däp-dessurlaryň edilmegini isleýä.
jynazaň wagty golaýlaýa. otagdan aýallary çykarýalar. biri çykyp "yrzalaşjaklar girsin" diýýä. adamlar hatara düzülip girip başlaýalar. merhum süýnüp ýatyr. üsti ýüzi bilen ýapylgy. gelenler pahyryň baş ujunda çommalýa, ýüzüni açýa, öz aýasyny merhumyň alnyndan aşak sypaýan ýaly howada ýöredýä. kä kişi daşyndan, kä kişi içinden "yrza bol" diýýä. soň ýuwga girýänlerden galany otagdan çykýalar. merhumy ýuwýalar, kepenleýäler, çykarýalar, jynazasyny okaýalar, äkidip jaýlaýalar.

indi pata ýeriniň hysyrdysy has kynlaşdy. uzakda ýaşaýanlara habar bermek aňsatlaşdy. anna agaşam diýen bir zat bar. dogry, öňem edilýädi. gaty skromnyja. inni gözüni çykardylar. indikiler anna agşam däl. anna weçerinka. "bular bendäň ölenine begenýälermikä" diýdirýä. özümem (islemesemem) şeýtdim. dogan-garyndaşyň igesi, gep-gürrüňden gorkulmagy... aý bolýa-da...

0
9 Bagabat  
43
Hemmesem dogry-la welin, durmuşyň her bir detaljygyny ilik-düwme suratlandyrjak bolsaň, her jümlä bir jildem azlyk etjek.
Dessur meselesinde bolsa - beýle ulam däl bir obada üç sany molla bilen alty sany ýaşuly bar. Her haýsam her bir zady...
Umuman şeýleräk-dä.

0
7 Revo  
484
Programmirowaniýany teoriýada öwrenen adam hökmünde menem mekdep ýyllarym hakda iki agyz belläýin.

Rus dili: Mugallymyz: "Pylan mowzuk, pylanynjy sahypa, pylan paragraf, göçürip başlaýas, sesiňiz çyksada gaty görmäň" diýip gidýär garawul jaýa. Ol ýerde bolsa çaý içip, kart oýnaýar ýa-da şoňa meňzeş öz şahsy işleri bilen meşgul.
Iňlis dili: Mugallymyz öňki "Jemgyýeti öwreniş" dersiniň mugallymy, iňlis dilini bilşi it ýandakdan böken ýaly. (Käbir zatlary okuwçylardan soraýardy diýse-de boljak)
Informatika: Informatikany poçti teoriýada geçip dyndyk, soňky ýyl mekdebe kompýuter geldi, bizem, mugallymyzam, hezil edip meňzeş haýwanlary tapmaly oýny oýnap geçirdik.
Himiýa: Mekdepde himiýa laboratoriýasy ýokdy, okuwçylar himiki reaksiýalary kellelerinde geçirýärdi, mugallymyzam bilimsiz diýsem ýalan sözledigim bolar, bilimli, ýöne biliminden iküç olimpiýada gatnaşýan okuwçylardan başga hiç bir okuwça peýdasy ýokdy. Uzak ýyl şolar bilen meşguldy we goçmaça öýünde kurs berýärdi. Mugallymyň biliminden peýdalanjak bolsaňam, okuwdan soň, goçmaça öýüne baryp, tölegli ders almalydy.
Hukuk: Hepdäniň ikinji güni ýedinji sagatdy, klass bolup sapakdan gaçyp gidýädik. Ýylyň dowamynda okan bolsak üç-dört sagat okandyrys. (Häzir oturyp pikir edýände, "hukuk" ýaly agyr dersi ikinji gün ýedinji sagada goýýanlary üçin gaçyp hak edipdiris diýýän. Ýa-da mugallymlaryň özleri ýörüte hukukdan gaçmagymyz üçin şeýden bolmaklaram ähtimal. Sebäp olaram hukuksyz okuwçylary gowy görýärdiler.)
Ahlaksyz ýa-da biedep mugallymlar barada ýatlabam oturjak däl. Galanlaram ortatap "derýaň o ýüzem bir, bu ýüzem bir" mugallymlardy.

Arada 8~10 ýaşly, asly Harkowly bolan ukrainaly gyzyň häzirki Polşadaky durmuşy hakda, okaýan mekdebine baryp interwýu alypdyrlar. Harkowdaky we Polşadaky mekdepleriniň ara tapawutlary hakda soraýarlar, okuwçy gyz: "Harkowdaky mekdep mugallymlarym gaty görmesinler, ýöne Harkowda hiç mekdebe gidesim gelmezdi, mekdepde mugallymlar, okuwçylar, sögýädiler, urýadylar, kemsitýärdiler, bär-de bolsa beýle zat ýok, sapaklarymyz oýun gatyşykly hezil geçýär. Hiçkim saňa sesini gataltmaýar, ýüzüňi almaýar, sorag soragyňa jogap berýär. Okuwy gutarýançam şular ýaly mekdepde okamak isleýän" diýýär. Onsoňam mekdep sapaklaryndan, bedenteribiýeden, çagalar hem mugallymyň bile futbol oýnaşlary, aýdymdan, mugallym gitara çalyp, aýdym aýdýar, okuwçylaryňam ellerinde dürli saz gurallar, başardyklaryça mugallyma goşulýan wideo epizodlary görkezýärler. Tutuş wideo epizodyň dowamynda mugallymyň hem çagalaryň ýüzünde ýylgyryş ýitenok. Bäş minutlyk wideorolik üçin ýylgyrmaýanlary ekranyň arka ýüzünde bolsaňam duýulýar.

0
11 Bagabat  
43
Her kimiň her bir döwürde durmuşa-da, onuň wakalaryna, ýagdaýlaryna-da garaýşy hil-hil-dä.
Kim oňa "Leýlä" Mejnunyň gözi bilen seredilişi ýaly seredýär. Beýleki biri bolsa, haremhanasynda altmyş sany saýyrdyň-saýlama aýaly bolandygy üçin, şo "Leýlide" garajürjenje, arrykja, üfleseň uçjak bir zatjygy görýär.
Edebiýatda durmuşy gara reňkleri köpräk çalyp şekillendirme usulyna nuar, treş, rusça bolsa "чернуха" diýilýär. Bu žanrda ýazmagam başarmak gerek.
Durmuşda bolsa, gysgajyk aýdaňda: işiň şowly, günüň abatmy - diýmek durmuşam hezil. Işiň bişow, günüň bulamakmy - diýmek durmuşam tukat, ezýet.

0
12 Myhman0430  
778
siziňki ýene ýagşy eken.

indi habary kimden al, meň okuw döwrümden al. birinji klasa 7 ýaşda alynýan wagty alty ýaşda okuwa gitdim. onda-da okuw ýylynyň ýary geçenden soň. kril harpy öwredilýädi. biri gutarmakak latyna geçildi. üç ýylyň içinden üç sapar başlangyç klas mollymymyz çalşyryldy (o wagt mekdebi taşlaýan mollym kändi). 4 den başlap ýa-da 5-den başlap pagta diýip bir zat çykdy. 2-nji sentýabrdan başlap 30-njy noýabra çenli pagta ýygmaga gitmelidi. ýazda-da (haýsy aýdygy ýadyma düşenok) pagta ýekelemäge, otamaga gitmeli.
mollymlaň bilimleriniň nähili bolanyny bilemok. edil okuwça bilim berjek derejede bilendirler diýip pikir edýän. ýöne olaň okatmaga höwesi ýokdy. ýekeje bir mollymyň (matematika mollymy) biliminiň gowy däldigini bilýän. biz garamaňlaýlaram dokuzy gutarýançak matematikadan şol okatdy. bir sapar (näçenji klasdygym ýadyma düşenok) ýaňky mollym ýaramadymy nämemi, ýerine başga bir ýaşuly mollym okatdy. iki hepde töweregi. şol az wagtda ýeňiljek kwadrat deňlemäni çözmegi, diskendrat diýen ýaly bir düşnüksiz zady çözmegi öwrenipdim. soň olaram ýatdan çykdy. bolmasa men mekdepde gaty ikilikçidim. hemme sapakdan.

men mollymlardan närza däl. olary günälämok. men okuwy gutaryp az wagt gurluşykda işledim. mollymlaňkydan iki esse köp aýlyk alýadym. olaň welin şol ujypsyzja aýlygam wagtly wagtynda berlenokdy.

ene-atalarymyzam kän okatjak bolup ýatmandyr (olardanam närza däl). şäherde okaýanlar pagta ýygmaga gidenokdylar. büzmeýinde okaýanlaram gidenokdy. hem büzmeýinde rus mekdepler bardy. şo mekdepleň birine ugradan bolsalar iň bolmanda rusça bilerdim. näme üçin bermänlerinede düşünemok. häzirem soramok. çykdajysyndan-a gaçan däldirler. sebäbi aşgabat ýaly daş ýere (dürli döwürlerde) karate, samba, zdo ýaly sportalara gatnatdylar. oň diňe ýol pulusy däl, aýlyk tölegem bar. büzmeýin welin aşgabadyň üçden biri ýaly daşlykda. aýlyk tölegem ýok. diňe ýol puly.

0
10 Yusup  
50
2-3 ýyllykda okan mekdebize bardym. Kitaphana. Gowy kitaplar bar diýip birinden eşdip. Aýdyşlary ýaly gowy kitaplar bar eken. Oba kitaphanasy mekdebe göçürilen eken 90 näçinji ýyllarda.
Mekdebimiziň iki gapysy bar. Biri çykalga, beýlekisi girelge bolmaly. Biz okan wagtymyzda zyra-zyra gök agaç gapydy. Okan 9 ýylymda sag gapdalky gapydan girip-çykypdyk. Çep gapdalky gapynyň açylanyny görmedim. megerem çüýlenip goýlan bolmaly.

Bardym, agaç gapylar ýokarsy aýnaly plastik diýilýän gapylara öwrüpdirler. Sagky gapyny çekdim açylanok. Şonda-da iki-üç gezek silteledim. Içinde otyran nobatçy okuwçy haýdap çykdy. - Agam bärden girilýär, diýip çep gapydan boýnuny uzatdy. 9 ýylky öwrenilen endik aradan esli ýyl geçsede üýtgemez eken.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]