22:43

Men bir çynar ekerin

MEN BIR ÇYNAR EKERIN

Men bir çynar ekerin
Türkmeniň boz topragyna.
Onuň baky ýapragyna
Ýellere tär edip bilmez.
Aýdymyna aglar asyr,
Gülküsine galkar heňňam.
Islese-de çendan-çendan
Ýel-ýagmyram asyl-asyl,
Ýyllaram tär edip bilmez.

Ýyldyz ýaly ýanar durar
Garagumuň aýasynda.
Il bagt hakda söhbet gurar
Onuň salkyn saýasynda.
Türkmenler dursa ol synmaz,
Hatda ony dürli dinler,
Dillerem guradyp bilmez.

Misginler diýse halyny
Ruhy sarsar, kalby galyp,
Azaşan tapar ýoluny
Şol çynara salgylanyp.

Törpülär solgun ýadyny,
Kah-kah urup geçende gaz.
Görüp bilmez şöhradyny
Görip gende-heşellebaz.

Bor gül göwünleň ganaty,
Ýamana ýeter zyýany.
Iliniň dyman halaty
Dillener şirin zybany…
Men bir çynar ekerin.

Gurbandurdy ORAZOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 306 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Gurgencli  
324
Has aga tema öňki ýaly açylmaýan bolupdyr, ýagny üýtgäpdir. "goşmaga" basaňda iňlisçe ýazgylar çykýar. Menem temaň goşylanyny bilmän "meňki ýene-de problemaly boldy" diýip goşmaga üç gezek basaýdymda:))

0
2 Bagabat  
43
Я памятник себе создал нерукотворный...
А.Пушкин.
Äheňdeş ekeni.

0
3 Bagabat  
43
Ýöne goşgy gowy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]