14:20 Men indi gidýärin | |
MEN INDI GIDÝÄRIN
Men indi gidýärin. Ymykly gidýän, Ýolumy saklamaz böwediň birem Sapa Hommadow. Men indi gidýärin. Ymykly gidýän, Saklap bilmez duýgularyň birisäm Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsin! Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisäm. Men indi gidýärin. Ymykly gidýän, Ýalan gurşan dünýäňi-de terkedip Onsuzam irdim men. (degnama degdi) Boşdan-boşa umytlary tirkedip. Men indi gidýärin. Ymykly gidýän, Saklama sen, saklama sen birjigem Saňa bolan päkliklermiň barysy, Päk söýgümem, mundan beýläk kirjiger. Men indi gidýärin. Ymykly gidýän, Seniň üçin gül ömrümi öçürmen Zibilhana atjak düýnki söýgünem, Peýda bolmaz indi köne-küşülden. Ylham GURBANALYÝEW. 2022. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |