22:18

Men näme diýýän, dutarym näme diýýär / gülküli hekaýa

MEN NÄME DIÝÝÄN, DUTARYM NÄME DIÝÝÄR

Birki günlükde ketde başlyk Gurban Keljäýew edaranyň iş otaglarynyň arassalygyny we ýyladyş ulgamyny gözden geçirmek maksady bilen hojalyk müdirine aýratyn tabşyryklar beripdi. Häzir bolsa ony barlagyň netijesi bilen tanyşmak üçin ýanyna çagyrdy.
- Wellekow, hany siz müdir hökmünde aýdyň, kimiň iş otagy arassa hem ýyly, kimiň iş otagy hapa hem sowuk eken? Ýüz görmän aýt, kim jaýyny sowuk hem hapa saklasa, ol işiniň daşyndan arassaçylyk we ýyladyş ugrunda geçirilýän seminar okuwyna gatnamaly bolar.
Keljäýew ýaňy bir eline alan depderini açyp, ondan nämedir bir zatlary agtarmaga duran pursaty başlygyň goltuk jübüsinde göterýän telefony: “Jan-a, aziz-i-imm” diýip bir zenan maşgala ýüregiňi elendirip giden naýynjar sesli jyňyrdady. Başlyk: “Bagyşlaň” diýip, yşarat etdi-de, jaň edýän kişi bilen pyşyrdabrak gürleşdi. Soňam içki telefondan kätibine jaň etdi.
- Taýlyýewi çagyryň! –diýip buýurdy.
Orunbasar kän garaşdyrman salam berip içerik girdi.
- Nurnazar, meniň gyssagly işim çykdy. Sen gaýrat et-de hojalyk müdiriniň hasabatyny diňle—diýdi-de, gyssanmaç çykyp gitdi.
Nurnazar düýn keselhanadan çykyp, işe-de şu gün başlapdy. Ol barlagdan, ketde başlygyň tabşyryklaryndan hem habarsyzdy. Onda-da syr bermedi. ”Hawa, Wellekow, sizi diňleýän!?” diýip sypaýy gürledi.
- Ýoldaş orunbasar, biz ketde başlygyň tabşyrygy bilen otaglaryň arassalygyny, ýyladyş ulgamynyň işleýşini barlagdan geçirdik. Umuman, erbedem däl. Ýöne...
- Ýönäň näme?
- Aýry-aýry işgär öz işine sowuk-sala seredýar. Olaryň käbirini seminar okuwlaryna iberilse dogry bolardy.
- Otaglaryň tämiz saklanylyşy barada, ýyladyş ulgamynyň işledilişi barada anyk mysallar getiriň.
- Men-ä şolardan käbiriniňkini dile çolamaga-da utanýan.
- Utanmak gürrüňi nireden çykdy. Hakykat hemmelere aýan bolmalydyr. Süri agsaksyz bolýan däldir.
- Bolýa, aýt diýseň aýdaýaryn, hemmejesiniňkem ir bilenjik barlap gördüm. Şo mahallar-a ýyp-ýylyjady, içinde derläpjik oturyberemlidi. Şi dara-direlikde nädip sowap ýetişdi, bilmedim.
Ara orunbasar düşdi.
- Siziň aýdýan zadyňyzy gulagyňyz beri eşidýärmi? Ýüzüňizi çytman, “Ir bilenjik barlap gördüm” diýip, bir bendäniň adyna şyltak atmaga neneň diliňiz barýar?
- Menmi şyltak atýan! Men size çynymy aýdýan, Eger-de ynanmazçylyk etseňiz, sizem meniň yzymdan barlap bilersiňiz. Menim gepim iki çykýan däldir.
- Wellekow, özüňi medeniýetli alyp barmaga çalyşyň.
Wellekow hasam gaharlanyp:
- Indi menmi medeniýetsiz. Hakykaty aýdan medeniýetsiz bolýamy? Birki günlükde Jemalyňkam, Towşanyňkam, ho-ol Merjeniňkem buz ýalydy, wagtly-wagtynda syrylyp-süpürilmänsoň, ynanyň, olaryňky kerep baglap gidipdir. Ýogsam, men olar bilen gijämi-gündiz edip işledimem. Barlan ýerlerime aýlanyp bir çykyň, gül pürkülen ýalydyr.Ýöne, şi Nurbibi bilen Sahranyňkyny kes-kelläm ýyladyp bilmedim. Ony men ak ýürekden boýun alýan. Olaryňky hem uly, hemem giň. Okaralaryndaky tikenlije güllerem bireýýäm süllerip, düýbi dagy gatap ugrapdyr. Nägile bolmaz ýalam däl, gapylaram ýaglanmandyr, nurbatlary gowşap gidipdir, tutan ýeriň gopup dur, hiç bir zada eýelik gözi bilen seredilmeýär.
Taýlyýew bulary diňläp uzak oturyp bilmedi;
- Siz nämeleri samrap dursuňyz. Gül ýaly gelinlere siz nädip şyltak atyp bilýärsiňiz?
- “Dogrynyň dosty ýok”. Men dogrymy aýdýan. Näme çäre görmeli bolsa görüberiň. Men-ä indi olaryň golaýyna-da barmaryn. Olar bilen işleşmek, düşünişmek aňsat däl. Gaharjaň, ulumsylyklaram üstesine. Iň bärikijesi çyralaram ýananok, hälem meniň garaňkylykda işläp bilýänime şükür ediň.
Orunbasar iki eli bilen kellesini tutup, ýolbars ýaly çişdi. Birdenem zorruk ses bilen gygyrdy:
- Boldy, boldy, besdir. Özüňize başga ýerden iş gözläň, şu ýerdenem bahym garaňyzy saýlaň!
- Gitmeli bolsa, gidibererin. Biz-ä iş bilmedik, sizem iş bilýän kişi. Şu ýerde alty ýyl bäri işleýäňiz, hany aýdyň, şunça wagtyň içinde birje gezek meşgullandyňyzmy? Meşgullanan dälsiňiz. Utanjam bir gowy zad-a. Bar günäni meň üstüme atýaňyz. Wagt geler, sizdenem hasap soran bolar. Aslynda arassaçylyk we ýyladyş ulgamyndan guralýan seminar okuwlaryna tämizleýjileri däl, siz tetelli ýolbaşçylary ibermeli. Ol ýerde size niräni tämiz saklamalydygynyň, nädip ýylatmalydygynyň tärlerini mazaly öwrederler...
Şondan soň Wellekow orunbasary ýeke galdyrdy-da, gapyny batly ýapyp çykyp gitdi. Haçanda ketde başlyk Gurban Keljäýew otagyna gaýdyp gelende, onuň diwarynda oturan orunbasar Taýlyýew çalam-çaş halda, özüni bilmän gözgyny bolup ýatyrdy.

Goçy ANNASÄHEDOW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 216 | Добавил: Haweran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]