20:01

Men seni ýigrenýän

Категория: Goşgular | Просмотров: 303 | Добавил: Zöhre | Теги: Zöhre Öwezowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 mango  
651
Men özümi ýigrenýän
Seni söýenim üçin.

0
2 Garayolly2985  
1421
Hawa-da, kysmaty Ykbal kesgitleýän bolmaly-da. Ynamyň terse öwrülmesi Pelek işi bolsa gerek. Elden geljek zat ýok. Beýle Ynam synma ynsanyýet takdyrynda arkama-arka, nesilme-nesil gaýtalanyp gelýän närse. Gara kysmatyň gara kesewisiniň agyrysyny her him öz başyna degende bilýär. Goşgynyň çeperçiligi o diýen sagdyn bolmasa-da, şygryň mazmunynda ahmyrdan ýüki ýetik şahsyň otly ýüreginiň howry duýulýar.

0
3 Nurdan  
100
Bu goşgyny nämüçindir halamadym, belki başgalar halabam biler, bar zat yerbe-yer yalam welin bilmedim bolmayan zat bolyandan güyçli gelýärmi nämemi.. Şelayyn göz däl-de şelayyn söz bolaýjak yaly. Onsoñam şelayyn göz bolayanda-da şelayyndygyny bilip durkañ bendiwany bolmak özüñi gowy görkezenok - yagny bendiwan bolanyñdan soñ şelaýyn gözdügine göz yetirseñ onda başga gep. Belki gözleriñ şelaýyndygyna bendiwan bolansoñ düşünendir, beyle bolsa ol setirde bir zad-a üytgetmeli..

0
4 Nurdan  
100
Haram sözi-de goşguda ulanylmagyny gelşirip bilmedim. Her hili içiñ tütäp gaharyña şol sözi özüne ýüzüne basyp aytsañam goşgyda beydamarsyñ-a. Bu sözem her kim bir hili kabul edip biler, nirede ulansa gowy bolsa-da bolup biler, emma goşgyny zenan maşgala yazany üçin haram sözi goşgyñ nepisligini bozupdyr. Edil şol sözi başgaçarak añladybam bolardy.
Bu meñ pikirim, başgalara bu goşgy beter gowy ýarabam biler.
Erbet jany ýanyp ýazan bolmaly.
Gahary düşüşende timarlamaly bu goşgyny..

Goşgyny halamadygymyñ  esasyna bu iki setir bilen zenany gynandyryp gaharyñ añrybaş derejesine ýetirip şunuñ yaly goşgy yazmagyna  sebäp bolyanlara ýigrenjimem goşuluşýar..

Zöhrejekä üstünlik, söýgüsine kuwwat, ylhamyna bereket ýar bolsun!

0
5 Garadag  
128
Goşga gowşak ýa halamadym diýjek däl. Her kimiň kalbyndan çykan owazy-Allanyň ýaz diýip ýazdyran zady ýöne bolýan däldir.
Emma ýalaňaç duýgulary beýan edip, oňa pikir, azajyk paýhasdan lybas geýdirmän orta çykarsaň ýaňky aýdyşyňyz ýaly aýyp bolar. Ýa bolmazmy? Bilmedim. Häzirki durşunda goşgy gaty gozeilginç ahmyr, öýke, birazajyk sögünç bolup dur.
Awtora üstünlik dileýän!

0
6 Garayolly2985  
1421
Agzalaryñ aýdanlary dogry. Adam häsiýetinde belli bir çäkli durgunlyk bolmaýşy yaly, poeziyada-da üýtgewsiz göni ugur ýok bolsa gerek. Atalarymyz "bir iş etlek bolsañ gaharyñ ýatansoñ et" diyyar. Goşgyda, elbetde, gowuşgynsyzlyk bisýar. Özüm-ä şygryñ mazmunyna syn etdim. Şahyr uýamyz muny ahmyr-puşmanyñ emri bilen, bir zarbada ýazan şekilli. Gödek sozler şygyrýetiñ ganym duşmany. Şeýle-de bolsa, awtoryñ içki sarsgynynam göz öñünde tutmak gerek. Poeziya ynsanyñ dert-azaryny paylaşÿan syrdaşy. Şygryñ mazmunyny men-ä haladym
hem-de uyamyzyñ ökünjine gaty gynandym. Meniñ pikirimçe awtor gamly mazmunyñ hatyrasyna çepercilik derejäni soñky orunlara geciripdir. Hawa, yokarky teswirlerde tygtalşy yaly, şygyryete her adamyñ tapawutly garayşy bar. Ýokarky şygyrda hasrat harasady Garagum ýaýlasyndaky ýaly tozan turzup aylanyar. Ol tupan okyjynyñ, ylayta-da, şo hilli biwepalyk derdine duçar bolanlaryñ kalbyny aldym-berdime salyar. Meniñ üçin-ä goşgynyñ görki dal-de, durky-özeni tasirli bolupdyr.

0
7 Garayolly2985  
1421
***uÿamyz

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]