23:33

Meñ ýalñyz dünýämden habar tut käte...

MEÑ ÝALÑYZ DÜNÝÄMDEN HABAR TUT KÄTE...

Meñ ýalñyz dünýämden habat tut käte,
Gyzyklan. Sorap dur, ahwalym neneñ.
Bilýärmiñ kanagat tapyp baramok,
Salamly hat baryn ýollanyñ bilen.

Maña özüñ, özüñ elin salam aýt,
Gysganma. (Wah mende näme göwün bar)
"Habar tutyp dur-la hälimi-şindi"
Illeñ ÿanynda
disip, bar-a meniñ käte öwünmäm.

Gomparmalarymy puç etme, senem,
Utanaryn-a ýalançylygym çyksa.
Mahal-mahal sesiñ eşdesi gelip,
Nädeýin ýüregim ýerinden bökse?!

Meñ ýalñyz dünýämden habar tut käte,
Gyzyklan. Sorap dur, ahwalym neneñ!
Ýogsam ýene saña gaharym gelip,
Öñkülem ÿaly
Tersleşibermäýin ykbalym bilen.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 465 | Добавил: Мylayym | Теги: Aýşat Hojamuhammedowа | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]