10:48 Men ýitmerin | |
MEN ÝITMERIN Men ýitmerin. Dolanaryn ýene-de, Ýene dünýä aşyk bolup inerin. Sataşýançak nesibeli pursatda, Her gün daňdan düýşleriňe girerin. Şonda, belki, ýazgydymyz başga bor, Durmuş, meger, bagt eçiler maňa-da. Belki, şonda nesip eder toýumyz, Belki, şonda dabaraly çagyryp, Myhmanlara gutlag aýtdy:r tamada. Çagalaň şowhuny oba ýaň salyp, Gapymyzda häzir bolsa kejebe, Umydynyň köýmänine begenip, Şeýle bir buýsançly garasam şol gün Atgulagyn paýlap ýören ejeme. Batbörek deý gaýyp ýörkä asmanda Könelişen şlýapasy kakamyň, Ýaryndan aýrylan dostumam şol gün Tans oýnasa gyra zyňyp bar gamyn, Doganlamam hyzmat etse ýeň çermäp, Käte-käte henek atyp maňa-da, Ana, şonda, belki, bähbide bolar Seniň üçin dogulanym ýaňadan. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Лира часов / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Poeziýada mozaikalar toplumy / Goşgular - 30.01.2023 |
√ Январь – алмаз / Goşgular - 19.01.2023 |
√ «Всё настоящее ничтожно…» / Goşgular - 26.01.2023 |
√ Снег / Goşgular - 14.01.2023 |
√ «Когда б могла душа на миг с себя стряхнуть…» / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Перед маем / Goşgular - 16.01.2023 |
√ Atlar, itler, eşekler / Goşgular - 12.02.2023 |
√ Алмаз / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Змей Горыныч / Goşgular - 22.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |