02:22 Mende başga, sende başga... | |
MENDE BAŞGA, SENDE BAŞGA...
Geçip gitdi baky bahar göçgüni Kalbym indi müdümilik gyş güni Gussa gurşanynda ömrüň hoş güni Mende başga, sende başga ýar bolar... Arzuwlarmyň ganatyndan ýaralap, Düňle ýörün, sessiz göwräm yralap Päk duýguly yşk depderin garalap, Mende başga, sende başga ýar bolar... Bal arydym, emma ýokdy neşderim Ýeke güldi - görenim hem eşdenim Ýeňenimde ýalňyzlygyň leşgerin Mende başga, sende başga ýar bolar... Ömür budur! Gezip bolmazam söýmän Mende öýmeli bor, sende-de öýmäň ...Şeýdip bile, sataşarys bir "söýgä", Mende başga, sende başga ýar bolar... Ylham GURBANALYÝEW. 2022.10 | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |