22:13

Meni saña bolan yşkym ýaşadýar

MENI SAÑA BOLAN YŞKYM ÝAŞADÝAR

Men belki-de bir wagt çöküp giderdim,
Dert baryny çekip-çekip giderdim,
Dünýäňdenem birçak çykyp giderdim,
Meni saňa bolan yşkym ýaşadýar.

Men bir uçup ýören bilbil saýylam,
Ýöne yşka duşan çagym säginem,
Eý, gözleri ýanyp duran saýylym!
Meni saňa bolan yşkym ýaşadýar.

Bagtyn diläp ýörmüşem men dirileň,
Yşkyň bar ýerinde ölmen - direlem,
Saralyp gidenem bolsa didelem,
Meni saňa bolan yşkym ýaşadýar.

Porhan boldy gam üstüme dökülip,
Onki süňňüm barýar barha sökülip,
Ýaş dökenem bolsam bu gün ökünip,
Meni saňa bolan yşkym ýaşadýar.

Begenjimden gözýaş döksem paýradyp,
Duýgularym goýbär meni saýradyp,
Zeminiň ýüzünde tug deý parladyp,
Meni saňa bolan yşkym ýaşadýar.

Elbetde, bolasym gelenok gülki,
Duýguçyl bolýa-da, wah, şahyr halky,
Juwanlanyp barýan ýaly men, çünki
Meni saňa bolan yşkym ýaşadýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 408 | Добавил: Мylayym | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Оправдание земного / Goşgular - 26.01.2023
Çapraz ykbal / Goşgular - 19.01.2023
«Нет, не могу я видеть вас…» / Goşgular - 05.02.2023
Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023
Çüwdürim / Goşgular - 08.01.2023
Моабит дәфтәрләре / Goşgular - 09.02.2023
Ymtylyş... / Goşgular - 13.01.2023
«Август – астры…» / Goşgular - 07.02.2023
Lukmanym sähra / Goşgular - 06.01.2023
Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 jumagylyjovao  
88
Gowy goşgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]