08:40

Meni ýere düşüriň...

MENI ÝERE DÜŞÜRIÑ...

Meni ýere düşüriň.
Gökdäkiler düşünenok
Ahwalyma...
Ganyma
galaýmasyn päk asman...
Goý,
agydan,
pygandan,
ahmyrdan,
ölen umytdan,
çalajan arzuwdan,
dertden gerk-gäbe bolan
zemin alsyn janymy...
Zemin maňa gaty gowy düşünýär:
ejiz ýerimi,
eziz ýerimi bilýär ol...
Belki, meň ganyma galyp,
Indi müdimilik zyňar asmana...

06.03.2019 ý.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 433 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gumlygelin  
8
Bigünä gok asman.
Doýmaz-dolmaz gara ýer.
Gara ýeriñ ynsanýetiñ süññüni özünde düýnäp,päklenen ruhuny päk asmana göndermesi göz öñüme geldi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]