18:40

Meniň ömrüm…

MENIÑ ÖMRÜM ...

Meniň ömrüm… ah, şeýledir ýogsam-da…
Görmedik bolarmy Aý dek dogsam-da…

Derwüşiňkidenem ýörgür aýaklam,
Baýnadardy Allaň alnyna eltip.
Etmedik etmişim üçin özgäniň
Sözünden ýürekde galmazdy bertik.

Gamyň kenarynda zar-zar aglaýyp,
Şor-şor gözýaşlarmy seçeläp ýörmän.
Arzuwyň tizligi bilen aýlanyp,
Arzyly kenarna düşerdim derýaň.

Ukysyz ellermiň bakylyk beren
Sözi üçin ilim meni magtardy.
Aýralygyň demir ýollary bilen
Barýan otlym bir eýýämler togtardy.

Ýogsa ýeke pursat bakylyk bolup,
Bakylyk bir pursat bolup durmazdy.
Ýolumy sermeläp, sargaryp-solup.
Batyl bagtym ýanym alyp durmazdy.

Ylgadygym saýy uzalyp menzil,
Çekdigimçe agralmazdy bu derdim.
Uçjak bolup uçup bilmän kösenip
Durman, al-asmana siňer giderdim,
Aýlanardym sergin sonaryn dünýäň.

…Meniň ömrüm – bir garybyň düýşüdir,
Ýatandyr biçäre oýanyp bilmän.

Gurbandurdy ORAZOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 313 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Mähriban  
607
…Meniň ömrüm – bir garybyň düýşüdir,
Ýatandyr biçäre oýanyp bilmän.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]