05:18

Menzile ýetir arzuwym

MENZILE ÝETIR ARZUWYM / şahyrana oýlanma
    
«ROWAÇ» diýlen ýagşy söz agzalanda, ejem bilen bagly bir waka ýadyma düşýär. Orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw mekdebine girmek üçin ýola şaýlananymda, käbäm maňlaýymdan öpdi-de:
– Ylahym, ýoluň rowaç, maksadyň hasyl bolsun, gyzym! — diýdi.
Ak süýt beren enäniň agzyndan gaçan söz bihal däl bolarly.
«Eje, indi men talyp boldum» diýip, guş bolup uçup baranymda, ýene-de ilki aýdany:
– Rowaçlyk ýaranyň bolsun, jan balam! — diýlen jümle boldy.
Şonda bu jümle ýüregime mukaddeslik bolup ornapdy.
...Heniz towar saçly çagakam aýasy pil, kätmen, orak tutmakdan ýaňa gatap giden atam ekiniň içinden çykmazdy. Aryp-ýadap, çiliň gyrasyna çykanda bolsa, gasyn baglan maňlaýynyň derini biline daňan ak ýaglygy bilen süpürerdi-de:
– Ekinleň häzirki taby-ha rowan, enşalla, azabyndan gaçmasak, harmankesek beýikde bolar — diýerdi. Şonda men bilesigelijilik bilen atamyň alkymyna dykylyp barardym:
– Ata, harmankesek diýeniň näme zat bolýa?
Ol bolsa mähir bilen başymy sypardy:
– Enşalla, Babadaýhan atamyz rowaçlyk berse, ekilen ekin bol biter. Onsoň meýdanyny teplek bilen süpürilen ýaly arassalap, harman atsaň, şol dänäniň dik depesinde yrym üçin seň kelläň ýalyrak ak kesek goýulýar. Şoňa-da harmankesek diýilýär, düşdüňmi, guzym!
Indi her gezek atyza sygmaýan ekinlere gözüm düşende, atamyň şol sözüni ýatlaýan. Dodagym bolsa öz-özünden gymyldaýar: «Rowaç bolup, harman kesegi belentde dursun-da!»
Indi garry enemden eşidenlerimdenem aýdaýyn.
Ak perişdä meňzeş enemiň ýanyna haýsydyr bir haýyrly işiň başyny tutjagyň gelenini görsem, gyzykly tomaşa görjek ýaly saçymy selkildedip, düňküldäp barardym. Gyz çykarjak, sawçylyga gitjek, jaý toýuny etjekleriň bary köpügören, durmuşyň nijeme muşakgatynyň içinden geçen enemiň maslahatyny diňlärdi. Ýyldyz nirede, sähet haçan, haýsy günde köpüň iş-aladasy bar ýa ýok, Aý dogan ýaly eder beräýerdi. Göwnühoş bolup gapydan çykyp barýanyň eşidýänem: «Işiň rowaç bolsun!» diýlen dogaýy dilegdi. Asyl, enemiň agzyndan gaçany yrýa gitmezdi. Şonda meniň çaga göwnüme ak saçly, ak gyňaçly, oturyşy ak guwa meňzeş enem jan rowaçlygyň hakyt özüne meňzeş ýalydy.
Rowaçlyk! Bu jümläniň süňňi aklyga, ýagşylyga, mähremlige, umyt-arzuwa eýlenen.
...Rowaç. Şeýle diýlip atlandyrylan taýçanakdan gözümi aýrybilmän otyryn. Göýä gözüm bilen mawy ekranyň içine giräýjek bolup tolgunýan, owsun atýan. Bu eýjejik taýçanagyň adynyň ezizdigini, ýürege ýakyndygyny! Nesip bolsa, Rowaç hakyky bedew bolup ýetişer, ýel bilen ýaryşar, uly-uly aýlawlary baglar, maňlaýyna toý baýraklary sylynar.
Ýürege telwas berýän şeýle duýgy-buýsanja beslenip otyrkam, gapydan umumyýaşaýyş jaýynda bile bolýan joralarymyň biri girdi. Gelşine-de meni gujaklady:
– Buşluk, ogul jigim bolupdyr, ýaňyja öýden jaň etdiler.
– Ömri uzak bolsun!
– Adyna bolsa Rowan goýupdyrlar.
Men begenç bilen pyşyrdadym: «Rowaçlyk ýylymyzda Rowan ýaly nesilleriň sany köpelsin, ylahym!». Gulagyma bolsa şeýle aýdymyň owazy gelýärdi:

Ýyldyz syçradyp toýnagyň,
Beze sen türkmen toýlaryn.
Menzile ýetir arzuwym,
Bagtymyň seýrany Rowaç!
 
Laçyn NAZARMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 395 | Добавил: Нawеran | Теги: Laçyn Nazarmedowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]