09:59

(Merhum dostuma...)

(MERHUM DOSTUMA...)

Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli, arzuw eden ýerimizde çaý içeli, biri-birimize içimizi dökeli. Hakykat bilen bu arzuwlarymyzy köýdürmäli. Diňe ikimiz bolup bilmejek zatlar hakda sözleşeli. Hiç kimiň gaýgysy bilen däl-de, diňe öz gaýgylarymyzy gürleşeli. Men başgalar üçin hasrat çekip ýadadym, örän ýadadym... Adam üýtgeşik eken, hemme zada düşünýändirin öýdýär, ýöne käwagt özüne-de düşünenok. Eger-de adamda ýalňyşlaryny hemem dogry hereketlerini terezide çekmek mümkinçiligi bar bolsady, elbetde, ýalňyşlyklar tarapy agyr geler. Dünýädäki hemme kişä adam diýsegem, olar biri-birine meňzeş däl. Olaryň hersi aýratyn bir dünýä. Ýöne her adam üçin durmuş ajaýypdyr. Adam başgalar hakda pikir edip, hemişe özüni unudýar. Başgalaryň göwnüne degmejek bolup, öz göwnüne ýüz gezek degýär. Durmuşda biriniň göwnüne degmekden hemişe ejap etdim. Başgalaryň gaýgylaryny alada edip, öz gaýgylarymy gizledim, hiç kime aýtmadym, aýtsamam, juda az adama aýtdym, geçip gider öýtdüm. Emma geçenok eken... Belki, sen ýanymda bolsadyň, bu gaýgylaram bolmazdy, asla-da bu zatlaryň hijisem bolmazdy. Hemme zatdan beter, hemme kişiden beter seni göresim geldi. Bu sapar arzuwlarymyzda duşuşaly, dostum...

Sapa HOMMADOW.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 504 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Azat_Nurgeldi  
283
Hawa, wagt hemme derdiň, şol sanda aýralygyňam dermany diýýärler,emma wagt geçip küýseg kütelişen ýalam bolýar. Ýöne günlerde bir gün hakyda aňastynda möhürlenen
,ýatdan çykyşan gussaňy çekip çykarýarda hamala bu zatlar dek düýn bolan ýaly, ýok asyl edil häzir bolup geçýän ýaly hala düşürýär. Ýaraňy dyrmalap, onuň yzasyny täzeden çekmäge mejbur edýär.

0
2 Bagabat  
43
Küpür gepem bolsa, dostuňdan ol merhum bolup jyda düşeniň ýagşymyka ýa-da ol (ýa-da sen) merhum bolman?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]