17:52

Mert kişiniñ öwüdi

MERT KIŞINIÑ ÖWÜDI

Ýalňyşmaýan adam bolmaz, elbetde,
Ýogsa seni terk edibem giderdim.
Şöhlesi gyýtajyk, peltesi ketde,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Zelil göwnüň ter dälmidi ýuwadan,
Şeýle agyrmydy çekmeli derdiň.
Seniň ýüzüň asman ýaly owadan,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Bir gat hamy ýanyp gitse ýüzüňden,
Ony gabyk ýaly bolmaýar ardyp.
Özüň çykan ahyr türkmen düzünden,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Indi bu iş seniň boýnuňda galdy,
Bolup daglar bilen asmana karzyň.
Güller özünden öň solmaly däldir,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Bolar rüstem wagtyň, bolar hor wagtyň,
Ýöne göwün gabsaň durmasyn ýarsyp.
Bu dünýede mert kişileň bar wagty,
Namardyň ýanyna nämüçin bardyň.

Mämmetnazar BABANAZAROW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 780 | Добавил: Нawеran | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Gurban  
24
Dünýeden namart bolup ötenden mert bolup öteniň ýagşy. Namart diňe özüni bilýär öz janynyň aladasyny edýär. Ol asla iliň, watanyň bähbidi hakda pikir edenok.

0
2 Мylayym  
83
+++++

0
3 Merdan  
705
gowy gowy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]