23:07

Milli mirasda nusgalyk zenanlar

MILLI MIRASDA NUSGALYK ZENANLAR

Milli mirasymyz zenanlaryň ajaýyp nusgalyk keşplerine örän baý „Gorkut ata“ şadessanynyň „Döwhe goja ogly Däli Domrul“ boýundaky Däli Domrulyň halalynyň hem-de alym şahyr Nurmuhammet Andalybyň „Ýusup – Züleýha“ dessanyndaky Züleýhanyň özboluşlylyklary bilen bilelikde bir galypdan gopýan dünýä nusgalyk keşplerini janlandyrmagyň uly ähmiýeti bolar.
Türkmen halkynyň Gorkut ata ady bilen ýaşap geçen çyn atasynyň, mugallymynyň, gadymy döwürlerde, ýagny V – VI asyrlarda miras galdyran meşhur „Gorkut ata“ şadessanynyň „Döwhe goja ogly Däli Domrul“ boýunda özüne göwni ýetýän Däli (gaýduwsyz, edermen, batyr) Domrul Hudaýdan özüni Ezraýyl bilen duşurmagyny soraýar. Bu men-menlik äheňinde aýdylan söz Hudaýa hoş gelmeýär. Şadessanda asman hakykatyna ýüzlenilýär. Ezraýyla buýruk berilýär. Ýigitleri bilen iýip-içip oturan Däli Domrul duýdansyz gelen Ezraýyl bilen salyşmaly bolýar. Emma aman dilemäge, aman-aman diýmäge mejbur bolýar. Ol Hudaýa ýüzlenip:

Ýujalardan ýuja sen, 
Kimse bilmez, nije sen,
Görkli Taňry!
Nije jahyllar seni gökde arar, ýerde istär.
Sen hut möminler köňlünde sen,
Daýym duran jepbar Taňry!
Baky galan setdar Taňry!
Meniň janymy alar bolsaň, sen algyl.
Ezraýyla almaga goýmagyl  – diýýär. 

Däli Domrulyň çyn ýürekden çykan pespäl sözi Allatagala hoş gelýär. Onuň sözünde Ýaradanyň birligi ykrar edilýär. Barlygyna şükür edilýär. Oňa janynyň öwezine jan tapmak habar berilýär. Ol ölümden azat bolmaly. Däli Domrul babasyna (atasyna) ýüzlenip: 
- ...Baba, senden jan dilärem, berermi sen?
Ýogsa, ogul Däli Domrul diýip aglarmy sen? – diýeninde, babasy:        
Ogul, ogul, aý ogul!
Janym parasy ogul,
Dogdugynda dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul,    
Tüýnügi altyn ban öýümiň gabzasy ogul,
Gaza meňzär gyzymyň-gelnimiň güli ogul,
Garşy ýatan gara dagym gerekse,
Söýle, gelsin, Ezraýylyň ýaýlasy bolsun,...
Dünýä şirin, jan eziz,
Janyma gyýa bilmen, belli bilgil,
Menden eziz, menden söwgüli eneňdir,
Ogul, eneňe bargyl – diýýär.

Atasy oglunyň öwezine janyny gurban edip bilmeýär. Türkmen halkynyň „Jan, jan, her kimiň öz şirin jany“ diýlen, ýörgünli ulanylýan durmuşy pähiminiň dürs aýdylanlygy subut bolýar. Atasyndan öwezleşik tapmadyk Däli Domrul indi enesine ýüzlenýär:    

- ...Babamdan jan diledim, ene, bermedi.
Senden jan dilärem, ene.
Janyň maňa berermi sen?
Ýogsa, ogul Däli Domrul diýip, aglarmy sen?
Ajy dyrnak ak ýüzüňe çalarmy sen?
Gargy kibi gara saçyň ýolarmy sen, ene! – diýýär. 

Merhuma agy  aglamaklygyň edep kadalary bar. Ol kadalar berjaý edilmeli. Merhuma agy aglananynda arasy kesilip, dem-dem aglanylmaly. Ýokardaky mysalda görkezilişi ýaly, ýüzüňi dyrnap, saçyňy ýolup, ýakaňy çäk-çäk ýyrtyp, özüňi ýatanyň üstüne zyňyp, çünki ruh „Waý!“ diýermiş, ýer ýumruklap, eliňi çarpyp, „Şuny alanyňdan, meni alsaň bolmaýarmy!“... diýip, Oňa öwredip, agy aglamaklyk, ozaly bilen, Ýaradanyň, şeýle hem oturanlaryň gözünden düşmeklikdiginden, bedeniňe zarba urup, agyr dert gazanýanlygyňdan habaryň bolmaly. Ýasda oturanlaryň arasynda kimdir biriniň „Öleniň yzynda ölüp bolanok!“ diýen gadymy garry pähimine uýulmaly.
Jan tabşyrmaklygyň ajysy babatynda hezreti Muhammet pygamberiň ruhunyň mysalynda birkyssada aýdylýan söz bar. Yslam medeniýetiniň Ýaradan hakyndaky ylmy çeşmelerinde berilýän maglumata laýyklykda, hezreti Muhammet pygamberiň ruhy bäşinji gat jennetde ýerleşdirilen. Kyssadan görlüp oturylsa, ruhy dünýäde ruhlaryň arasynda hem edil maddy dünýäde bolşy ýaly göriplik bar. Onda şeýle diýilýär. Dünýäden gaýdan hezreti Muhammet pygamberiň ruhunyň bäşinji gat jennete hezzet-hormat, uly dabara bilen alnyp barlyşy üýtgeşik. Çar tarapy ruhlardan doly. Beýleki ruhlar muny görüp, „Bizi-hä bu ýere munuň ýaly edip alyp gelmediler!“ – diýşip, onuň hezreti Muhammet pygamberiň ruhudygyny baryp görüp anyklaýarlar. „Hudaý muny gowy görýärdi. Şunuň janyny biziňki ýaly edip alan däldir. Geliň, şundan jan tabşyrmaklygyň ajysyny sorap göreliň!“ – diýşip, maslahatlaýyn Pygamberiň ruhunyň ýanyna gelýärler. Ondan „Jan tabşyrmaklygyň ajysy nähili eken?!“ – diýip soraýarlar. Hezreti Muhammet pygamberiň ruhy „Jan tabşyrmaklygyň ajysy, eti palta bilen müň bölege çaparsyň-a, ine, şonuň ýaly. Çapylan eti gaýnar suwa atarsyň-a, ana, şonuň ýaly“ – diýip jogap berýär. Ruhlar jogaby eşidip „Hä-ä!!! Munuň hem janyny biziňki ýaly edip alypdyr!“ – diýşip, ynjalýarlar.
 Şonuň üçin hem halk pähiminde „Jan berene jaý ber!“ diýilmeginiň uly manysy bar. Köp manysy bar. Ylaýta-da, jan tabşyrýan pursatynda adamyň ýanynda „Haý-waý!“ çekilmeli däl. Yzlaşyk bolmaly däl. Onuň imanyny öwürmeli. Ýagny, „Lä ilähe illella!“ okalmaly. Şu däp-dessur kadalary berjaý edilmedik ýagdaýynda, adam janserek bolup ýatýar. Onuň jan tabşyrmaklygy gözgyny hala düşýär. Jan tabşyryp bilmän, harlap ýatýar. Merhumyň bu ýagdaýy birnäçe günden bir hepdä çenli çekip bilýär. Däli Domrulyň enesi:

Ogul, ogul, aý ogul,
Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul,
Dolama sallançaklarda beledigim   ogul,
On aý diýende dünýä ýüzüne getirdigim ogul,
Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim ogul,...
Ýaman ýere barmyşsen, bara bilmen,
Dünýä şirin, jan eziz,
Janymy gyýa bilmen, belli bilgil - 

– diýip, oglunyň öwezine janyny bermäge razy bolup bilmeýär.
Atasyndan we enesinden eşiden jogaplaryndan soňra, dünýäden umydyny üzen Däli Domrul Ezraýyldan ýene aman dileýär. Ýat gyzy halalynyň ýanyna baryp, ýagdaýyny duýdurmaga, wesýetlerini sargyt etmäge hajat soraýar. Halalyna ýüzlenip:        

- Bilermi sen näler boldy?
Gök ýüzünde al ganatly
Ezraýyl uçup geldi.
Akja meniň göwsümi basyp gondy,
Datly meniň janymy alar boldy.
Babama ber diýdim, jan bermedi,
Eneme bardym, jan bermedi.
Dünýä şirin, jan datly diýrler,
Imdi ýüksek-ýüksek gara daglarym,
Saňa ýaýlag bolsun,
Sowuk-sowuk suwlarym,
Saňa içit bolsun,
Teble-teble şabaz atlarym,
Saňa münüt bolsun,
Tüýnügi altyn ban öýüm,
Saňa kölge bolsun.
Hatar-hatar düýelerim,
Saňa ýüklet bolsun.
Agaýylda akja goýnum,
Saňa söwüş bolsun.
Gözüň kimi tutar ise,
Köňlüň kimi söwer ise
Sen oňa bargyl,
Iki oglanjygy ýetim goýmagyl – diýýär.

Dünýäden gaýtmaklyga tabyn bolan maşgalabaşynyň bu eden sargytlaryna onuň halalynyň berýän jogaplarynda iki dünýe birek-birege wepalylyk, mertlik, päklik, sen dur, men öleýinlik, dünýä nusgalyk, şeýle hem ýaşaýyş-durmuşda seýrek bolmadyk epik keşp tipleşdirilýär. Däli Domrulyň atasynyň, enesiniň we halalynyň aýdan jogap sözlerindenalnan mysallar durmuşy taýdan maşgalany emele getiren iki tarap üçin-de gurlan maşgalanyň mundan beýläkki berkligi, onda kemala gelýän nesliň tälim-terbiýesiniň milliligi babatynda wajypdyr, terbiýeleýjidir. Däli Domrulyň halaly:

Ne diýr sen, ne soýlar sen?
Göz açyban gördügim,
Köňül berip söwdügim,
Goç ýigidim, şabaz ýigidim,
Datly damak berip soruşdygym,
Bir ýassykda baş goýup emişdigim,
Garşy ýatan gara daglary,
Senden soňra men neýlerem,
Ýaýlar bolsam, meniň görüm bolsun,
Sowuk-sowuk suwlaryň içer bolsam,
Meniň ganym bolsun,
Altyn-akjaň harçlar bolsam, 
Meniň kepenim bolsun.
Teble-teble şabaz atyň müner bolsam,
Meniň tabydym bolsun,
Senden soňra bir ýigidi, 
Söwüp barsam, bile ýatsam,
Ala ýylan bolup meni soksun.
Seniň ol muhannes eneň, babaň
Bir janda ne bar ke, saňa gyýamamyşlar,
Arş tanyg (şaýat) bolsun, kürs tanyg bolsun,
Ýer tanyg bolsun, gök tanyg bolsun,
Kadyr Taňry tanyg bolsun,
Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun  – diýip jogap berýär.

„Nämeler diýip dursuň, aýdýan sözüň näme?!“ – diýip, ýüregi ýarylara gelen halaly maşgalabaşa öz janyny gyýýar. Oňa atadan, eneden ilerräk mähir bildirýär. Munuň özi nusgalyk hatynyň maşgalabaşynyň öňünde hiç hili ýalan ýokundysy bolmadyk, eden ähdi-peýmany, içen kasamy, ant. Gymmatly pent. Dili hem ýönekeýden manyly, janly, täsirli, öwüt-ündewe ýugrulan dil. Maşgalanyň iki tarapynyň hem saplygyny görüp, eşidip, bilip duran Allatagala üçin bularyň kalpdansyzylyp çykýan sözleri hoş gelýär. Iki halalyň her birine ýüz kyrk ýyl ömür berilýär.Ezraýyla Däli Domrulyň atasynyň we enesiniň janyny almak emr edilýär. Ynsanyň halas bolmak bilen pida bolmaklygynyň arasy bir garyş hem ýok. Başyňa gelen bela, musallat nähili agyr bolsa bolsun! Wajyp serişde – kalp we duýgy päkligi. Durnuklyakyl-aň dürslügi. Bu alnan mysal „Gorkut ata“ şadessanyndaky Däli Domrulyň halaly bilen „Ýusup – Züleýha“ dessanyndaky Züleýhanyň keşpleriniň barabarlygyna hem-de olaryň käbir aýratynlyklaryna güwä geçýär. 
Alym şahyr Andalybyň „Ýusup – Züleýhasy“dessan. Dessan halk döredijiliginiň, rowaýatlaryň, ertekileriň esasynda döredilýän epiki žanr. Durmuşda hakyky bolup geçýän hadysalar folklora, ertekilere, rowaýatlara siňýär.
Eserde Ýusubyň keşbinde onuň pygamberligi we aşyk-magşuklyk söýgüsi utgaşykly beýan edilýär. Munda eseriň ýordumy, temasy Andalybyň öňe sürýän ideýalaryna tabyn edilendir. Keşpler kämil derejede tipleşdirilýär we şol bir wagtyň özünde belli derejede indiwiduallaşdyrylýar. Dessanyň wakalary we gahrymanlaryň özara gatnaşyklary durmuşy häsiýetde, janly hereketde suratlandyrylýar. Gahrymanlaryň ruhy ahwalatlary kä dartgynly, käte gapma-garşylykly güýçleriň bähbitleriniň özara çaknyşmaklygy esasynda açylyp görkezilýär. Munuň özi Andalybyň „Ýusup – Züleýha“ dessanyny döredeninde ahlaky-didaktik we jemgyýetçilik bähbitlerini öňe sürmegi maksat edinendigine güwä geçýär. Dessanda onuň atlandyrylyşyna laýyklykda, Ýusup bilen Züleýhanyň söýgüsi, olaryň söýgi gatnaşyklary baş mesele ýaly bolup duýulýar. Andalyp ýaşalýan jemgyýetde adamara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda görmek islenilýän öz idealyny Ýusubyň we Züleýhanyň keşplerine siňdirýär. Ol ideal, baş maksat bolsa adamlar arasynda hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, doganlyk, dostluk, agzybirlik, halallyk, saplykda durnuklylyk, özara düşünişmek, akyl ýetirmek, pähim etmek ýaly ruhy kuwwatlyk berýän gymmatlyklaryň ileri orunlary eýelemekligine gönükdirilendir. Dessanda Ýusup bilen Züleýha ynsanperwerligiň aýdyň nusgasy hökmünde hereket edýär. Andalyp öz baş gahrymanlarynyň söýgüsini ähli beýleki maddy we ruhy gymmatlyklardan belentde goýýar. Ynsan durmuşynyň bagtyýarlygy bolsa sazlaşykly gurlan maşgala berkligi bilen baglanyşyklydyr. Şol berkden-berk maşgala galasy gurulýança bu dessandaky ýaly dürli şowsuzlyklara, päsgelçiliklere, kynçylyklara dözümlilik bilen tap getirmeklik bolsa ýaşaýyş-durmuşyň öz kanunalaýyklygydyr.
„Ýusup – Züleýha“ dessanynyň ýordumyny ýer ýüzünde her bir halk öz milletine mahsus millilige, durmuş hakykatlaryna eýerip, özboluşly döredendikleri tebigy hakykatdyr.
Nurmuhammet Andalybyň „Ýusup – Züleýha“ dessanynda Züleýha özüniň Huraýna atly kenizine Ýusuby Beýtelkeram saraýyna  alyp gelmekligi buýurýar. Ýusup çakylygy kabul edip, saraýa gelýär. Içeri girýär. Kenizler işikleri bentläp gidýärler. Züleýha saraýyň içinde ýüz näz-jilwe bilen ýerinden turup, salam berip, Ýusuby „Görgeli didarym, oýnagaly ýarym, syr alyşjagym, guçuşjak dildarym, bu janymyň bir belasy, ýüzleri gülüm, agzy gunçam, ölinçäm aýrylmajagym, gülüşmäge, görüşmäge, sözleşmäge sallanyplar gelýänim, dilberim, dünýäde sözlejek sözüm, andalyby-hawarym gelýär“ – diýen ýag ýaly ýakymly sözler bilen kabul edýär. Andalyp bu ýerde Züleýhanyň kalp duýgularyny dessançylyk däbine eýerip beýan edýär. Onuň bir pursatlyk pynhan ýerde Ýusup bilen duşuşmagyna mümkinçilik berýär. Şahyryň ulanan bu usuly Ýusubyň synag pursaty. Ýusup uly bir kalby päklik synagyndan geçmeli. Geçýär.
Züleýha: 
–     Eý, Ýusup, görgül, bu saraýy seniň üçin bina kyldym. Tä oýnap-gülüp, magyşet kylgaýmyz (bir salymlyk aşyk-magşuk durmuşyny ýaşaly) – diýýär.
Ýusup „Naguzy-billah min zälik  (Munuň ýaly zatdan Allanyň özi gorasyn!), mundag işden bizar men. Atam wesýet kylyp erdiHer ýerde, her jaýda bolsaň, Hudaýy ýadyňdan aýyrmagaý sen. Huda zahyr nazyr turar! – diýip erdi. Indi men niçik günä kylar men!“ – diýýär.
Züleýha: 
–     Andag bolsa, men seniň Hudaýyňyň ýoluna köp mal sadaka kylaýyn. Günäňe keffarat bolgaý! (Günäňi geçmäge hemaýat eder!) – diýýär.
 Ýusup: 
–     Eger dünýä malynyň baryny sadaka kylsaň, meniň günäme keffarat bolmaz – diýýär.
Züleýha: 
Bolmasa, seniň diniňi kabul kylaýyn, meniň myradymy hasyl kylgyl – diýgeç
Ýusup:
– Seniň myradyňy Mälik Ryýan hasyl kylsyn! (Züleýhanyň düýşünde göreni owadan, hüýr jemally, ady Ýusup bolmaly, emma şol wagt ol şa däl. Müsüriň şasy bolsa gara bir zat, Mälik Ryýan, onuň ady Ýusup däl;)– diýip, kesgin jogap berýär. Alym şahyr Nurmuhammet Andalybyň düýş bulaşyklygy bilen baglanyşykly ulanan bu syrly tymsaly aşyk-magşuklyk ýolunda gahrymanlaryň çekmeli jepalarynyň başlangyjyny aňladýar. Munuň özi Ýusubyň asly pygamberzadalygy, asylzadalygy, ahlak päkligi bilen baglanyşykly terbiýeleýji, düýpli meseleleriň biri bolup durýar.
Dessandaky wakalaryň dowamynda ilkibada Ýusup magşuk gyz Züleýhanyň söýgüsi bilen jadylanmakdan azat. Onuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar:
 birinjiden, Ýusup zanny ýasawy boýunça päk, sap ýigit. Ol pygamber bolmaly. Ýusup, ozaly bilen, Ýaradanyň özi, şeýle hem pygamberzada ata-babalary hezretleri Ybraýym, Yshak, Ysmaýyl, atasy Ýakup alaýhys-salam (Ruhlaryna salam-salawat bolsun!) pygamberler tarapyndan her demde, her pursatda goragly;
ikinjiden, Günbatar hristian araplaryndan bolan Teýmus şanyň gyzy Züleýhanyň düýşünde görüp, aşyk bolup, şa Ýusup diýip gelip oturany, şa Ýusup däl-de, Müsür Ezizi, ýagny Mälik Ryýan hebeşi bolup çykýar.
Gul bazaryna hüýr jemally üýtgeşik gul getirilenligi Mälik Ryýanahabar berilýär. Züleýha Mälik Ryýana Kengany gul Ýusuby satyn almak, şeýle hem ony öz hyzmatyna goýmak barada çuňňur syrly isleg-arzuwyny bildirýär. Mälik Ryýan Züleýhanyň bu iki arzuwyny hem makullamak bilen kabul edýär. Hazynadan dür-ýakut, lagyl-jöwher, göwher-zümerret ýaly gymmatbaha daşlar getirilip, tereziniň bir tarapyna salynýar. Tereziniň Ýusup alaýhys-salam tarapy agyr gelip dur. Hazynanyň herne bary getirilýär. Ýene-de Ýusup alaýhys-salam tarapy agyr. Şanyňýedi hazynasy Ýusup alaýhys-salamyň agramyndan ýeňil. Munuň özi adamyň gadyr-gymmat ölçeginiň subudy mysaly. Bu – adamyň bahasy. Bu – söýgüli gahrymanymyz, ýer ýüzüniň gahrymany Ýusup alaýhys-salamyň bahasy. Adamyň belli bahasy ýok. Wakanyň bu parçasynda nygtalýan esasy pikir – adam baş gymmatlyk. Ähli beýleki maddy gymmatlyklar adamyň durmuşy taýdan zerurlyklary. Terezini deňleşdirmek babatyndaalym şahyr Andalyp özüniň çeperçilik hyýalatyna ýüzlenýär. Ýusup üm-yşarat dilibilen hazynadarlaryň birini ýanyna çagyryp, oňa galam, kagyz getirdýär. Bismillahi-r Rahman-r Rahym! – ýazylan kagyzy bildirmänräk tereziniň okarasynda goýdurýar. Terezi deňleşýär.
Wakalaryň dowamynda Ýusubyň durmuşy barha kadalaşýar. Ýusup patyşa bolaly bäri Züleýhanyň haly agyrlaşýar. Ol Ýusupdan gorkup, owal ýerzeminde, soňra Ýusubyň ötüp-geçýän ýolunda bir öý düzedip, şonda ýaşap ýör. Indi Züleýhanyň sözüni diňleýän ýok. Her kim ony masgaralap ýör. Şeýle hem bolsa Ýusubyň mübärek jemalyny görmek, oňa arzy-halyny ýetirmek umydy, isleg-arzuwy bilen, onuň ötýän ýoluna çykýar. Ýusubyň Tumag atynyň aýak yzyny gözlerine sürtýär. Ýyglamakdan ýaňa keşbini tanar ýaly däl. Gaýgyly-gamly Züleýha „Bendäň men!“ – diýip, özüni tanadýar. Ýusup Züleýha üçin tagam getirilmegini buýranynda, ol tagamy terk edýär. Züleýha çarhy-pelegiň hikmetine akyl ýetirjek bolýar. „Patyşalar geda boldy, gedalar şa boldy“ – diýip perýat edeninde, ol Mälik Ryýan bilen Ýusuby göz öňünde tutýar. Züleýhanyň ahy-zaryna Ýusubyň pitiwa etmän ýörenine kyrk ýylgeçýär. Özüniň maksadyna ýetmän dünýäden gaýtmaly boljagyna, ömrüniň paýawlaýanlygyna gyýylýar. Kyýamat ahyra çenli Ýusupdan sowaşmajaklygyny, el üzmejekligini, yşk odunyň namys-ary arka atýanlygyny aýdyplar ýyglaýar. Hatda onuň atynyň depip öldürmegine-de kaýyl. Alym şahyr Züleýhanyň söýgüsineşeýle berlen, wepaly, söýgüde maksadaokgunly, gaýduwsyz hereket edýän, ölmez-ýitmez, nusgalyk keşbini döredýär. Ýusup hem her gezek öz ötýän ýolunyň üstünde haly perişan bolup oturan Züleýha gözi düşeninde „Kim bolarsyň?! Kim sen?!“ – diýip, hamala ony tanamaýan ýaly, onuň babatynda biraz ýumşaşýan ýaly, sähelçe hem bolsa biraz yryljak ýaly görünýär. Munuň özi gahrymanlara çuňňur duýgudaşlyk, kalplarda ynjalyk döredýär. Züleýhanyň barha gurbaty kemelýär. Ýakynyndaky gyzlar Züleýhany ýene Ýusup alaýhys-salamyň ötýän ýoluna çykarýarlar. Tumag atyny segredip gelýän Ýusup oňa ýene-de kimden zulum ýetenligini sorap, özüniň adyl şalyk eýýamynda hiç kimiň hiç kim bilen işi bolmaly däldigini aýdanynda, Züleýha üçin dogrusyny aýtmaga mümkinçilik döreýär. Özüniň Züleýhadygyny, kyrk ýyl bäri Ýusubyň jepasyny çekýänligini, Ýusupdan özge hiç kimden sütem ýetmänligini, halyna rehim inmeýänligini aýtmagyň pursaty gelýär. Ýusup alaýhys-salam bolsa Züleýhanyň heniz hem yşk-söýgüden söz açýanlygyna gaharlanyp, ýoluna rowan bolýar. Züleýha ata-babalaryndan miras galan hudaýlaryna – butlaryna sežde edip, olardan medet dileýär. Onuň üçin esasy zat Ýusup alaýhys-salam heý-de bir özüne mähribanlyk bildirermikä diýen iseg-arzuwyna öwezleşik gerek. Züleýha Ýusup alaýhys-salamyň alnynda günde ýüz gezek baş egip, salam bermäge taýyn. Ol söwer ýara aşyk bolup jan bermegi sogap hasaplaýar. Özüniň agza-dile düşüp, şermende bolup ýörenligini-de bilýär. Daşdan, agaçdan, metaldan ýa-da başga bir zatdan adam we haýwan şekilinde ýasalyp çokunylýan heýkel-hudaýdan ne seda çyksyn, ne-de hemaýat ýetsin! Alyp çykjak zat sabyrlylyk, çydamlylyk, maksadaokgunly hereket. Züleýha butlaryny urup-uşadyp, oda ýakýar. Geçen ömründe eden günäleriniň bagyşlanmagyny dileýär. Toba edýär. Asly kämil keşp barha kämilleşýär. Ol dogumlanýar, maksadyna ýetmäge ýakynlaşýar. Züleýha ahy-zar çekip, Ýusup yzyna dolanyp geçýänçä, gözi onuň ýolunda, kümesinde otyr. Ýusup gaýdyşyn pyýada Züleýhanyň kümesine ýakynlaşyp gelýär. Gyzlar begenişip, Ýusubyň Züleýha tarapa ýönelenligini habar berýär. Hakykatdan hem Ýusup gelip, Züleýhanyň halyny soraýar. Züleýha özüniň Ýusubyň ugrunda kyrk ýyl bäri alowlap ýanýanlygyny, heniz kül bolmanlygyny, eger ynanmasa, golunda näme bar bolsa, agzyna ýakyn getirmegini soraýar. Züleýha bir ah çekeninde, agzyndan çykan howur Ýusubyň altyn saply gamçysyny gurşap, ol gamçysyny ýere taşlaýar. Ýusup alaýhys-salam Züleýhanyň yşkynyň hakykylygyna göz ýetirýär. Bu waka aşyk ýigidiň magşuk gyzy öz synagyndan geçirmeginiň özboluşly, iň ygtybarly köp mysallaryndan biri. Züleýha köşge alnyp barylýar. Ýusup alaýhys-salam ilkinji gezek öz aýagy bilen Züleýhanyň gaşyna gelýär. Munuň özi dessanyň garaşylýan oňyn çözülişiniň başlangyjy. Züleýha näme sözi bar bolsa oňa aýtmaly. Ýusup alaýhys-salam oňa golundan gelen hemaýaty etjek. Ony myradyna ýetirjek. Züleýhanyň myrady ýeke-täk. Ol gol gowşuryp, özüniň ýaryna – Ýusubyna gowuşjak. Şeýle hem oňa on dört – on bäş ýaşynyň gaýtarylyp berilmegi, diliniň Hakyň kelamyny sözlemegi, Ýusubyň özüne kethuda bolmagy, ömrüni Ýusubyň hyzmatynda ötürmegi, janynyň Ýusubyň ýolunda gurban bolmagy kimin, kalbyndan syzylýan ýakymly, şirin-mylakatly tebigy, päk duýgular bilen ýaşap ýörenligini dile getirýär. Alym şahyr Andalybyň Züleýhanyň dili bilen aýdylan bu maksat-myratlary maşgalada her bir zenanyň – enäniň öz ýanýoldaşynyň mynasyp halaly, öýüň söýesi, bikesi bolmaklygynyň uly durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär. Züleýhanyň arzy-halyny diňlän Ýusup alaýhys-salam indi oňa çuňňur duýgudaşlyk bildirip, Ýaradan Biribara ýalbaryp, onuň köňlüniň şat edilmegini, gözden akan sillerine rehim inderilmegini, gyş günleriniň ýaza öwrülmegini, dostlarynyň şat, duşmanlarynyň dep bolmagyny, günäleriniň geçilmegini, ýaşynyň on dört – on bäşe getirilip, ýigdelmegini öz adyndan dileg edip berýär. Hoş söz çyn ýürekden çykan hem-de öz çäginde aýdylan bolsa, ol adama ruh berýär. Züleýhanyň ýüzi nurlanýar. Gözleri öňküsinden röwşenleşýär, gara nerkes göze öwrülýär. Ýusup alaýhys-salam aram-kararyny ýitirip, Züleýhanyň boýnuna gol salmakçy bolanynda, söýgi gatnaşyklarynda çäk saklamak talaby, edebi, nobaty indi ozal „Gel, gör meni!“ – diýip, zarynlap, ýyglap ýören Züleýhanyň özüne gelip ýetýär. Gyz maşgala üçin bu wajyp edep. Bu edep Howa enä hem, Magtymguly Pyragynyň, we beýl. nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda waspy ýetirilýän gyzlara hem, Mollanepesiň „Gelmişem“ atly poemasyndaky gözel gyza hem, älem-jahan gyzlarynyň ählisine hem mahsus bolan-bolmuş we pugta eýerilmeli edep. Züleýha indi yşkyň ikitaraplaýyn hem hakykata öwrülenligine, azaplarynyň gowşanlygyna akyl ýetirip, Ýusup alaýhys-salama „Dek otur! Hudadan hem bendeden uýal!“ – diýip bilýär. Ahy-pygan çekme ruhy haly, nobaty indi Ýusup alaýhys-salamyň başyndan inýär. Ol indi Züleýhanyň husny-jemaly diýip, tagtyndan-täjinden geçmäge kaýyl. Edaly Züleýha bolsa Ýusup alaýhys-salamdan gaçyp, bir saraýa girip, işigi temmeläp otyr. Ýusup alaýhys-salam özünden ýeten söýginiň jebri-jepasyny Züleýhanyň jogapsyz kyrk ýyllap çekenligini häli-şindi ýatlaýar. Ol magşugyndan aýra düşmekden howatyrlanýar. Aşyklyk derdi Ýusup alaýhys-salamy halys hala ýetirýär.  Onuň halaýyga görünmän, hiç kim bilen sözleşmän, bagryny sowuk ýere berip, ýyglap, hasrat çekýänine kyrk gün. Söýgüde özündäki sabry-kararyň Züleýhanyňkyça daş ýoklugyny hem ykrar edýär. Ýusup alaýhys-salam özüniň çekýänbu söýgi jepasynyň oňyn çözgüdinde ozalky şa Mälik Ryýanyň goldaw-hemaýatyna bil baglaýar. Ony Züleýha  üçin sawçy iberýär.Ýusup alaýhys-salamyň Züleýha bolan söýgüsini doly manysynda düşündirip biljek hem, diňledip biljek hem diňe şol. Mälik Ryýan Ýusup alaýhys-salamyň habaryny Züleýha ýetirýär.  Türkmen milletinde munuň özi geňlenilmeli ýagdaý. Emma Züleýha ozal diňe daş görnüşi taýyndan Mälik Ryýanyň hatynydy. Züleýhanyň päkligiAsmany hakykat bilen goraglydy. Şanyň „Hatynym!“ – diýip ýöreni Züleýhanyň keşbine salnan bir perişdedi. Ozal şa maşgalasy bolup oturan zamanlary Züleýha Ýusup alaýhys-salam üçin rowa görüp, onuň hormatyna Beýtelkeram atly köşk saldyran bolsa, indi şa tagtyna geçen Ýusup alaýhys-salam öz gezeginde bir behişdi köşk saldyryp, ony şol bir at bilen Beýtelkeram atlandyrýar. Müsür şäherinde däp boýunça ýedi gije-gündiz toý-tomaşa edilip, nika gyýlyp, Ýusup alaýhys-salam Züleýhany alýar. Aşyk-magşuklar maksat-myradyna ýetýär. Alym şahyr Andalyp her bir aşyk-magşugyň yşk ýolunda ýüz-müň apatlardan sag-aman geçip, olaryň hoş gününiň waspyny ýetirip, özleriniň köňül armanyna, derdiniň dermanyna, didaryna, dildaryna, ýürekdeşine, jananyna gowuşmaklarynyň uly bagtlygyny joşgun bilen nygtaýar.
Alym şahyr Andalybyň „Ýusup – Züleýha“ dessany Ýakyn we Orta Gündogarda, şeýle hem Orta Aziýada gadymdan bäri belli bolan Ýusup bilen Züleýhanyň söýgüsi baradaky edebi-folklor eserdir. Bu dessanyň asyl çeşmesi Töwrat, Kuran we folklor rowaýatlarydyr. Dessanyň gahrymanlary Ýusup bilen Züleýha bolsa durmuşda hakyky ýaşap geçen şahslardyr. Dessanda Ýusup bilen Züleýhanyň söýgi meselesi çekilen azaplardan soňra olaryň başlarynyň birikmegi, maşgala gurmaklygy, olardan iki ogul – nesil önmekligi ýaly oňyn çözgütler bilen tamamlanýar.
Ýusup alaýhys-salam birniçe ýyllar Müsüri adyllyk bilen edara edip, ömrüni parahat ýaşaýar. Onuň hem ömri paýawlaýar. Pany dünýäden gaýtmalydygy boýna alyngy, täleýine kaýyl Ýusup alaýhys-salam Züleýha we ogullary bilen ýyglaplar „Gaýtmaly boldum!“ – diýip hoşlaşýar. Soňky demine çenli wepadary, halaly Züleýha bolsa „Bile giderin!“ – diýip, eňräp otyr. Müsür halkyna ahy-pygan çekdirip, Ýusup amanadyny tabşyrýar.Päk söýgi, birek-birege wepalylyk bolan maşgalada ýanýoldaşdan ýalňyz galmaklygyň her bir zenana ahyrzaman bilen deň bolşy ýaly, Ýusubyň ýitgisi Züleýhany ejizledýär. Züleýha meniň hem tenimden janym Ýusubyňky bilen bile çykdy, sözleşýänim bolmasa, gyzyl dilimi neýläýin, ajal ymaratymy ýykdy, başy bolmasa, kaddy-kamatymy näme edeýin, Ýusubyň gözleri düşmejek bolsa, nerkes gözüm, ýüzde halym nämäme gerek, bagyň bagbany bolmasa, bag harapdyr, mülküň soltany bolmasa, mülk berbatdyr, bagda bilbil saýramasa, ter açylan güller nämäme gerek, bu bäş günlük amanat janyň söwer ýary, hyrydary bolmasa, jan nämäme gerek diýip, Ýusubyň iniňi dygladýan agysyny aglaýar.  Züleýhanyň durmuşynyň manysy Ýusuby bilen. Ol tabydyň daşynda perwaz urup, dat-bidat çekip, iki gözüni hem oýýar. Bir gözüni Ýusubyň tabydynyň başujunda, beýlekisini aýagujunda goýýar. Ýusubyň mazarynyň öň tarapynda özüne  gabyr gazdyrýar. Perwerdigärden özüniň hem janynyň alynmagyny dileýär. Dileg kabul! Ýokardan gelen ajala çäre ýok. Müsür halky Züleýhany hem jaýlaýar. Sagdyn, milli pikirli baş gahrymanlar Ýusup we Züleýha howpludan-howply azaplardan geçen, ynsana ruhy taýdan sapak beriji, uludan-uly durmuşy abadanlyklaryň hem eýesi bolan päk, ynsanperwer, beýik,nusgalyk adamlar. Jepasyz ýeriň ady ýok! Alym şahyr gahrymanlaryny maksat-myratlaryna kemsiz ýetirýär. Olar maşgala bagtyny  gurýar. Olardan nesil önýär. Emma adamzat ajal atly tebigy kanunalaýyklyga üzülipler-üzülipler kaýyl.
Nurmuhammet Andalypda dessanyň baş gahrymanlary, aslynda üç müň ýyldan gowrak wagt mundan ozal durmuşda hakyky ýaşap geçen pygamber Ýusup Müsürde şa bolup, ýurdy adyllyk bilen edara etmegiň, öz magşugy Züleýha bilen köp jepalar çekilen söýgä aşa wepalylygyň, birek-birege ygrarlylygyň, maşgala bolup ýaşamak bagtynyň ajaýyp nusgasy hökmünde türkmen milletiniň hakydasynda, kalbynda müdimilik ýaşar!    

10.09.2018 ý.

Käbe BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 503 | Добавил: Нawеran | Теги: Käbe Borjakowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]