21:36

Möjek bilen Durna

MÖJEK BILEN DURNA

Hemmeler bilýär muny: açgöz bolýar Möjekler,
Ajyganda hut olar süňküň çeýnäp iýjekler.
Şol sebäpli bir güni ýuwdup bilmän süňküni,
Olardan bir görgüli ýatdy gaçryp eňkini.
Dem almasy kynlaşdy, ajal barha gyssady.
Indi onuň çekýäni agyr-agyr gussady.
Mawy kölüň boýunda peýda boldy bir durna.
Urnup ýatan çal möjek diýdi: "Ýetişdi hernä"
Düşündirdi üm bilen: - Gel, Durna jan ýanyma,
Dem almam agyrlaşýar, rehm etgin janyma.
Möjegiň bu halyna Durna näme dözdümi?
Süňki çykaryp taşlap: - Töle - diýdi - muzdumy.
Möjek atdy haýbaty, diýdi: - Eý akly çaşan.
Edilen ýagşylygy bilmän, hetdinden aşan.
Meniň kimdigim hakda ýagşyja bir pikir et.
Men kelläňi agzymdan sypdyranma şükür et.
Akylyňa aýlan-da, gulak asypjyk egep,
Basymrajyk şu ýerden garaňy saýla, şepe.
El bulaýan bolmasaň hut ajala-ölüme,
Gaýdyp aklyň ýitirip, düşäýmegin elime.

Iwan KRYLOW.

Terjime eden Gurban ÇÖLIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 243 | Добавил: Haweran | Теги: Iwan Krylow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]