17:35

Möjekleriñ ýalagyna düşen Liwiýa: Omar Muhtaryñ ary

MÖJEKLERIÑ ÝALAGYNA DÜŞEN LIWIÝA: OMAR MUHTARYÑ ARY

Ol şu sözi bilen taryha giren merdana göreşidir: "Alla olaryñ işdälerini gursaklarynda köýdürer, meni hiç kimse imanymdan, dawamdan we jihadymdan saklap bilmez".

2009-njy ýylyñ 10-njy iýuny.
Rimiñ "Çampino" ("Ciampino") harby howa menziline bir uçar inýär.
Uçaryñ basgançaklarynda harby lybasly, iri gara äýnekli bir adam görünýär. Bir ýumrugy-da howada.
Ony uçaryñ basgançaklarynda gyzyl halynyñ üstünde gujak gerip garşylan bolsa Italiýanyñ premýer-ministri Silwio Berluskonidir. Köpçüligiñ arasyndan üýrýän itiñ sesi eşidilýär. Berluskoni resmi sapar bilen ýurduna gelen adama golaýlaşyp, elini uzadýar.
Myhman buýsançly gürleýär:
- Ötünç soranyñyz üçin geldim!
Berluskoniniñ ýüzi çym-gyzyl bolup, şeýle diýýär:
- Köne depderleri ýapdyk.
Bu geñsi geýnüwli adam häkimiýet başyna gelen gününden bäri öñki hojaýynlaryna garşy söz aýtmakdan çekinmeýän, ýeri gelende gözsüz batyrlyk bilen ýumruk çeneýän Muammar Kaddafiden hut özüdi. Ol gelmänkä Berluskoni kolonizator döwlet bolup golastynda saklan ýyllary üçin Liwiýadan Italiýanyñ adyndan resmi ötünjini sorapdy. Edil şondan iki ýyl öñ Angliýanyñ premýer-ministri Toni Bleýriñ ötünç soraýşy ýaly...
Kaddafiniñ çep döşünde söweş medallary, sag döşünde bolsa köne fotosurat bardy...
Fotosurat diýseñ täsindi. Surat Berluskonini we onuñ ýanyndakylary, bütin dünýäni haýrana goýdy...
Suratda 1931-nji ýylda basybalyjy italýan faşistlerine ýesir düşen, Liwiýanyñ legendar halk gahrymany, "Çöl peleñi" lakamly Omar Muhtar zynjyrlangy ýagdaýda durdy...

2002-nji ýylyñ 28-nji oktýabrynda Muammar Kaddafi Silwio Berluskonä Tripolidäki ýygnanşyklary wagtynda urşa giden italýan goşun bölümleriniñ ulanan ýaragyny gowşurýar

• Afrikanyñ çöl peleñi

Şol Omar Muhtar liwiýa çöllerinde kolonizatorlaryñ burnundan ikli gan getiren, 1931-nji ýylyñ 11-nji sentýabryndaky bir çaknyşykda ýaralanyp, italýan basybalyjylaryna ýesir düşenden soñ bagyşlanmagy üçin oña edilen ähli teklipleri eliniñ tersi bilen yzyna itipdi.
Ol şu sözi bilen taryha giren merdana göreşidir: "Alla olaryñ işdälerini gursaklarynda köýdürer, meni hiç kimse imanymdan, dawamdan we jihadymdan saklap bilmez".
Omar Muhtar ele salynanyna kän wagt geçmänkä, bäş günden soñ 1931-njj ýylyñ 16-njy sentýabrynda 73 ýaşynda Salukda ölüm jezasyna höküm edilýär.
Taryh - soñy dramatiki pursatlar bilen doly gahrymançylyklar bilen bir hatarda adamy haýrana goýýan öwrümler bilenem doludyr.
Muammar Kaddafi onlarça ýyl geçenden soñ bir mahallar hojaýynlary bolan italýan döwletiniñ garşysyna döşi şular ýaly fotosuratly çykypdy!

Döşüne zynjyrlanan Omar Muhtaryñ fotosuratyny dakyp, Berluskoni bilen duşuşmaga gelen Kaddafi, 2009-njy ýylyñ 10-njy iýuny

Munuñ özi diplomatiýanyñ, galplygyñ, kolonizator şarlatanlygynyñ perdesini ýyrym-ýyrtyk edip taşlan, döwlet ikiýüzliligini bir şarpykda başaşak gaýtaran, seýrek görlüp-eşdilen garşy çykmady!
Hemişe ezilen, hemişe boýun egdirilen, hemişe aldanan dünýäniñ gara güýje baýrynýan, ambisiýa bilen ulalan, hondanbärsilik bilen bezenen güýçli dünýä garşy dälibaşlyk hem-de perwaýsyzlyk bilen kelle süsüşmegidi.
Bir mahallar kolonial pyssy-pyjurlyklar bilen basyp alan ýurdunyñ çöllerini olara dowzah eden, ele salynandan soñ zynjyrlanyp göz bolsun diýip howul-hara dardan asan göreşileriniñ ençeme ýyldan soñ Italiýanyñ paýtagtynda ikilenç direlip, garşylaryna çykan Omar Muhtar ýene olardan ar alýardy.
Dünýäniñ "hudaýlarynyñ" muny bagyşlap bilmejegini taryh köp wagt geçmänkä görkezmäge taýýardy.
Omar Muhtaryñ basybalyjy faşist harbylaryñ elinde zynjyrlanan ýagdaýdaky fotosuratyny italýan premýer-ministriniñ öñünde döşüni gere-gere göteren Kaddafä segsen ýyldan soñ has başgaça we has erbet dramatiki günler garaşýardy…

• "Arap bahary" we medeniýetiñ jellatlary

Kaddafiniñ günbatarly döwletleriñ adalatsyzlygyna, kolonial pyssy-pyjurlyklaryna aç-açan garşy gitmegi, hemişe palestin halkynyñ arkasynda durup, dünýäniñ ezilýän halklaryny goldamagy, onuñ at-abraýyny günbe-günden artdyrýardy. Onuñ sylag-hormaty şeýle bir belende galýar welin, Liwiýa BMG-nyñ Adam hukuklary boýunça komissiýasynyñ başlyklygyna hem saýlanýar. BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşi tarapyndan bu ýurda garşy girizilen ähli sanksiýalary ýatyrýar.
Liwiýa nebit deñziniñ üstünde otyr. Bu ýagdaý günbatarly döwletleriñ işdäsini ulaldýar. Nebitden düşýän dollarlary harçlamak üçin ýarag indistriýasy bähbitli bolmaz öýdýäñizmi?
Günbatarly döwletler epip bilmedik elini öpmek üçin nobata durýarlar. Wagtyñ geçmegi bilen ABŞ, ÝB, Angliýa, Fransiýa, Ispaniýa, Russiýa bilen diplomatiki we söwda gatnaşyklary ýygjamlaşýar. Italiýa ötünç sorap, Liwiýany basyp alandygynyñ jerimesi hökmünde 5 milliard dollary tölemäge razy bolýar. Kaddafi 2009-njy ýylda Afrika bileleşiginiñ başlyklygyna saýlanýar.
Şol sanda öñki hojaýynlary bilen arany sazlan ýaly bolup görünse-de, Kaddafi öz milli ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdenem gaýra durmaýar.
Hususanam ABŞ-nyñ Afrikadaky kolonial intrigalaryna garşy çykyp, olaryñ harby bazalaryna bildirýän nägileligini batlandyrýar.
Halkara söwdada Günbataryñ maliýe ulgamynyñ daşgaryn özbaşdak hereket etmegi maksat edinýär. Liwiýanyñ Merkezi bankynyñ üsti bilen munuñ ilkinji ädimlerini ädýär. Nebiti amerikan dollarynyñ ýerine altyn pula satmagy meýilleşdirmegi bolsa ABŞ-nyñ maliýe ulgamyna iññän uly howp abandyrýardy.
Edil şol wagtam garaşylmadyk zat bolup geçýär. Dünýä boýunça azatlyklaryñ gysylmagynyñ we sosial adalatsyzlygyñ binýadynda çuñlaşýan nägilelikler Afrikanyñ demirgazygynda jemgyýetçilik partlamaryna sebäp bolýar.
Tunisde başlan, gezekli-gezegine Müsürde, Liwiýada, Siriýada, Bahreýnde, Alžirde, Iordaniýada, Ýemende dowam eden "Arap bahary" soñra görlüşi käbir ýurtlara bahary däl-de, gazaply gyşy getirdi. Kösençlikler, warwarlyklar, weýrançylyklar, göçhä-göçlükler we ölümler bilen doly, hiç haçan geçmejek ýaly bolup görünen gyş...
Wakalaryñ Liwiýa syçramagy bolsa günbatarly döwletleriñ öñüne altyn käsede elýetmez mümkinçilikleri hödürleýär.
Mundan öñ kä ötünç soramak, kä ýarag satmak, käte nebitden paý almak üçin "Bab al-Azizadaky" bedewi çadyrynyñ öñünde fotokameralara göz gypan abraýly döwlet ýolbaşçylary bu gezek Kaddafiniñ tepbedini okamak üçin ýaryşýan medeniýetiñ jellatlaryna öwrülýär.
Ýurtda soñabaka gozgalaña öwrülen wakalar gysga wagtyñ dowamynda ýaýraýar. Başyny jihatçy musulmanlaryñ çekýän oppozision toparlar Bingazi şäherini basyp alýar. "Azatlyk" gykylyklary bilen köçelere dökülen köpçüligiñ arasynda "El-Kaide" ýaly köp sanly jihatçy terror toparlary-da bardy. Ýakyn Gündogara "demokratiýa" äkitmäge höwesli Günbatar eken ekininiñ hasylyny almaga başlapdy, 2012-nji ýylyñ 11-nji sentýabrynda "azatlyga çykan" jihatçylaryñ konsullyga eden çozuşynda ABŞ-nyñ Bingazidäki konsuly öldürilmekden halas bolup bilmeýär.

Omar Muhtar

• "Biziñ hemmämiz osmanly"

Kaddafiniñ Liwiýasy elinden gelenini edip goranýar. Jihatçylaryñ o diýen öñe gidip bilmejekdigi belli bolýar.
Edil şol wagtam Kaddafä heniz dört aý şondan öñ "ýegre dostum" diýen Sarkoziniñ inisiatiwasy güýje girýär. 2011-nji ýylyñ 19-njy martynda Parižde Fransiýanyñ, Angliýanyñ, ABŞ-nyñ, Germaniýanyñ we BMG-nyñ wekiliniñ gatnaşmagynda ýygnanşyk geçirilýär. Ýygnanşyk başlanda eýýäm fransuz uçarlary Liwiýanyñ çäklerinden geçmäge başlapdy...
Ýygnanşygyñ ertesi güni Fransiýa liwiýa oppozisiýasyny ykrar edýän birinji ýurt boldy, Liwiýa goşun salmak hakda karar kabul edilip, awgustdan soñ başlamaly "Harmatan operasiýasy" arkaly liwiýa hökümetiniñem ýykylmagynyñ öñi açylýar…
Görseñizläñ, Liwiýa ediljek "haçly ýörişe" bu gezek käbir yslam ýurtlary-da gatnaşmakdan gaýra durmaýar.
Möjekler bu gezek baýyrdan aşak inmäge başlapdy, indi öñki düzgünler ýöränokdy.
Kaddafi 2011-nji ýylyñ 8-nji martynda Türkiýäniñ "TRT Türk" döwlet teleýaýlymyna beren interwýusynda şeýle diýipdi:
"Biziñ hemmämiz osmanly, taryhymyz bir!"

Ýusuf NAZYM.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 222 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýusuf Nazym | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Gurgencli  
324
Dogrusy, Türkiýäñem ýarag kömegini edendigini okap, geň galdym.
Häzirem-ä Liwiýanyň tarapyny tutup kömek eden bolýarlar...
Ýöne Liwiýanyň öz halky nadan eken, şonuň ýaly güýçli liderini öz elleri bilen öldürilipdirler. Indi-hä bir döwüm çörege, parahatçylyga zar bolansoňlar, ökünýändirler.

0
2 Ependi  
284
@Gökböri, ýetireniňize sag bol agam. Hol gün okadym, işden ýaňa jogaplap bilmedim. Menem bu adam hakynda gyzyklanýan. Gazy-togy mugt eden adam, benzinem şeýle. Asla, medisina-da şeýle diýýäler. Derman mugt, satanam-alanam ölüm jeza. Dogrusy, aýdýanlam müňden birisidir entek.
Ýöne, pahyr 39 ýyl gowrak prezident bolupdyr. Bulam, halky irizýär. Ýokarky mowzugy okap biläýmeli, Kaddafiniň ymykly garşysyna çykandyklaryny
Ol döwür, hakykatdanam erbet boldy, yslam döwletleriniň garşysyna gaty ýeser herekete geçdiler. Aýtmaga zat kän welin, ýazmaga ýaltanýan. NATO döwletleri ilki olaryň üstünden güldi, ýurduň dargaýanlygyna. Soňra welin, özlerine hopba boldular. Millionlarça bosgun dökülip ugransoň. Gözi gorkan Ýewropa indi uruşdan bizar, isle Ukraina bolsa-da. Olar uruşdan gorkanok, bosgunlardan bizar.
Ýöne, Kaddafiniñ halkyna bagyş eden hyzmatlary meň uçin dogry ýaly bolup dur. Ylalaşmanam bilersiňiz, garşylygym ýok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]