MÖWSÜM TOZGASY / peýzažul-hekaýat
Ýalňyş ýerde düşürilen kino bar. Beýle diýmäýin-de, ýalňyş pasylda diýeýin. Sebäbi näçe sowugam bolsa gary görkezmeseň, daşaryň gyşdygyna ýyly öýde gyzgyn çaý içip tomaşa edýärkäň ynanmak juda kyn. A häzir ýagdaýlar başgaça, gar ýagypdyr-da, adamlara garaşyp eremändir. Nädip eremändigini aýdara wagtym ýok. Emma ki sen gynanma muňa, saňa wagt tapylar. Gar diýenimde ýadyma düşdi. Iki ýyl öň men saklaýan ýaly garyň ýagmaýşyndan şikat edipdiň. Näme etjek ony diýenimde, akylyňy başyňdan uçurýan jogap beripdiň. Soň onuň pelsepesine düşünip bilmän ençe mantyk kitaplaryny bimany dörüpdim. Oýnajak!
Bir ýerde garym-gatym bolup ýatan pikirlerimi şu per-pöwüt bolup ýatan garlar jemläp bilýär. Şol gezegem oýnajak diýeniňde saňa rehmi gelen ak ýüzi oýnarça ýetmese-de şanyňa sepeläpdi. Gürleşip barýarkagam içimiziň ýangyjyna agzymyz bugarýardy, sözler bilen. Ýöne şol kelamlaryň hiç biri bug kimin howa garyşman şu howlukman ýagýan gar ýaly emaý bilen ýüregimiň tekjelerine bölüm-bölüm ýerleşdi.
Garda ilkinji gezek tolgunýan çagajyk öz aýak yzlaryna geň galyp seredýär. Oňa men günäkär däl, çünki 26 ölçegli ol yzlar barha ulalyp 43-e ýetdi. Oglanjyk yzyna gaňrylýança 26 ýaşap ýetişdi. O hiç, seniň bir goňşyňy tanaýan bolup çykdym. Ol maňa çagalygyň barada gürrüň berende ýaňky yzjagaz goýan çagajygyň gyzjagaz bolmagynyň ahmaldygy kellämde ýyldyrym çaltlygynda geçmän, ömrüniň içine siňe-siňe ýaşaýan pyşdyl haýallygynda geçdi.
Ýene bir zat aýdaýyn, Sibirde garyň 24 görnüşi ýa-da ady bar diýýäler. Tapawudy ýok, meniň üçin hiç birem gar diýen türkmen sözüniň ýerini tutup bilmez, sebäbi garyň her dänesiniň göterip pessaý düşürýän ýüküni beýleki sözler aňladyp bilmez. Üstesine, dänejikler biri-birlerine meňzemeýärler. Daşarsy gowja agardy, saçym entek mundan paýyny almady. Menem özümiň nesibämdir öýdýänimi wagtynda başga birine amanat edipdim. Ýürek-dä bi, çuň dostum bilen bir näzeniniň ýalpajyk köňlüni eýelemäge az galanynda, edermenlik toslap, özüm ilki el üzüpdim. Hiç zat ýok ýerden garly sowukda ondan gaçýan ýaly duşuşyga barman, dostumyň duýgularynyň haýy has beýik görnensoň yza çekildim. Gowam bolupdyr, seni tapdym yz ýany. Üşemäge ýyly ýürekli ýaran duşdy, garyň şuglasynda. Barybir dostumam soň gol göteripdir şärik söýgülimizden. Bir işiň başyna barmaýan bolsam, şol işiň bitmegini islemeýänligimden. Bolmasa olaryň arasyny sazlardym.
Öýümiziň töwerekleri agaran mahaly çagakam, uzakdan maňlaý goňşymyz Pylany daýa gygyrypdym, öýe giresim gelip aýagym özüni unutmaga başlanda. Şu wagt bolsa, birine jaň gelip ýüregime düşýär. Ol eşitmedi, ýagny, goňşymam, telefonyň eýesem. Geçeli, onuň juda ownuk degişmeleri göwnümden turman, beýnimde gaharymy oýarýardy. Käte seýrek saçlaryny ýaglap, jaýyň töwereginde işsizligini subut edip gezýärdi. Gizlemäýin, köçe-köçe oglanlar uruşýan mahallary, bizi şu çala garynlak daýy mekdebiň derwezesine çenli ugradypdy, garly sowukda.
Öň adamlary begendiresim gelýän wagtlary, olaryň üstünden gar ýagdyrmak barada pikir ederdim. Şonda ähli tämiz duýgularym bilen ulalýan ýaly kämilleşibererdim. Topjagaz ýasanymda onuň berkligi doňýürek adamlary ýatladýar. Ýöne gar beýle gödeksi ýa-da örän daş ýürek däl, degeninde göz çykarar ýaly. Ol gähi ýumşak, gähi typançak, şonda-da elmydama ak. Yzam bar.
Arçalaryň depesinde düşlän gar uzak tokaýlara çalym edip, keýpimizi çoglan wagty, üýşüp garlaşypdyk. Oglanlar gyzlara garşy, bilýäňiz. Gara dözmän, hiç kime topjagaz oklamandym, has dogrusy saňa dözmän. Üstüňe atylan toplaryň öňünde gala bolasym gelip, elimden geleniçe päsgel berýärdim beýlekilere. Ýöne ynha, ahyry çydaman, menem gary gataldyp, bar güýjümi jemläp, hüjüme geçjek bolşumam bir tüýslüdi. Öňümden çykanyňda, içimi okaýan ýaly, sen maňa neneň dözjek diýeniňde, özümi topa tutasym gelipdi. Seniň häzirem mundan habaryň ýok.
Kakam welin bize buşlap, özem oýnaýardy hezil edip. Şu sözi unamasam-da agzamaly bolýan, gar adam ýasadyk. Üç bölümden ybarat adam. Ejem bolsa gäh äpişgeden jyklasa, gäh ýanymyza gelýärdi. Edil şu ýerinde seniň jaňyň töweregiň ümsümligini deşip, dünýäme gar ýagdyrdy. Begenesimiz gelse, tozga ýalyjak bahana gözläp, gojaman gussamyzy şoňa daňaýýas. Ýene bir zat goşaýyn şol seýrek saçly goňşymyz pahyr bolan güni, oňa uzakdan durup ýuwaşça gygyryşym ýadyma düşeninde, hakykatdanam gar sepeläpdi.
Görýän welin soňky ýyllar gar ýerden aýagyny üzene çalym edýär. Ymykly bolmasa-da, ak gar gara beräýenok we öňki keşpi ýok. Ýok, öňki biz ýok. Ýogsam, gyşy getiribilseň garam ynha, şu günki ýaly ýagyp dur. Işe barýarkam bir köçäniň köpejiginiň her dänäni agzy bilen gapyp durşy, şäheriň gyzygyndan habar berdi. Serçäniň biri-birlerine gysmyljyrap diňiň simlerinde oturyşlary barada dil ýarman oňjak. Şonda bir mugallymym ýadyma düşdi. Her möwsüm çalşygyny barha içgin duýýaryn diýipdi. Muny hemmämiz bilsek-de, birimiz diýýäs hem käbirimiz duýýas. Goşgy ýaly. Eşiklerimiz bolsa ählisi pasylyň diri şaýady. Häzir bolsa iki elimi jübime salyp, bir ýerik barýaryn. Sebäbi şu wagtam gar ýagyp dur.
Seýran OTUZOW.
|