23:18

Mumyýanyñ perýady

MUMYÝANYÑ PERÝADY

Günorta Amerikanyñ Amazonka derýasynyñ kenarýaka sebitlerinde ybadathana we guburhana deregine ulanylan gizlin ýerasty gowakda tapylan 600 ýyllyk mumyýalanan jeset  uly seslenme döretdi. Mumyýalanan aýal jesediniñ norwegiýaly suratkeş Edwars Mançyñ meşhur "Perýat" suratyny ýatladýan şekilde gorkudan we azapdan ýaña ellerini ýüzüne tutup, ýüzüni dyrnaçaklaýan ýaly ýagdaýda tapylmagy görenleri haýrana goýdy.

■ Mumyýa

Barlagçylar aýalyñ bu bolşy onuñ ölüm gorkusuny nähili başdan geçirendiginiñ aýdyñ subutnamasydyr diýdiler. "Çaçapoýalar" ("Bulut adamlary") taýpasyna degişli bu mumyýalanan jesediñ ýatan gowagy bir obaly daýhan tarapyndan tapyldy. Alymlar gowakda 600 ýyllap üýtgemän saklanan mumyýalar bilen birlikde seramiki, ýüpek we diwar suratlaryny-da tapdylar. Çaçapoýalar uzyn boýly, saryýagyz we ak tenli bolandygy üçin käbir alymlar olaryñ Ýewropadan gelendigini çaklaýar. 
Inkler tarapyndan eýelenen çaçapoýa topragyndaky ähli ýazuw ýadygärlikleri 1512-nji ýylda bu ýerlere ispan basybalyjylarynyñ aralaşmagyndan soñra ýom-ýok boldy. Häzir olardan diñe Ant daglarynda üç müñ metr belentlikde ýerleşýän Kuelap galasy galypdyr.
 
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 483 | Добавил: Нawеran | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]