13:22 Mundan artyk başaramok... | |
MUNDAN ARTYK BAŞARAMOK... Mundan artyk başaramok, Haýyş, indi igeleme! Goý, ýalňyşdym hasap edäý, Duşdum diýip bigeleňe. Bolmaz indi artyk zarym, Ýykmaryn gyz göwüniňi. Düşün, ertirleriň üçin Pida edýän şu günümi. Bir-birekden uzaklara Öňde-soňda gitmeli biz. Ýa-ha bile bagtsyz bolup, Ýa aýrylyp, bir-biregi Bagtly ynsan etmeli biz. Durmuş sabrymyz synady, (Agyr... Juda agyr ykbal.) Belki, bir gün göz ýeti:rsiň, Söýgi hem däldir bu, ahmal... Ýazgydymyz ýazylandyr, Özgede, özge bir ýerde. Bagyşla, gyz! Bolup galdym Bir gaýratsyz, näletkerde... 2015 ý. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ «В ушах два свиста: шёлка и метели!..» / Goşgular - 27.01.2023 |
√ «Как некий юноша, в скитаньях без возврата…» / Goşgular - 07.02.2023 |
√ Е.Д.Дункер / Goşgular - 27.01.2023 |
√ Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Aşyk bolmuşam / Goşgular - 14.02.2023 |
√ Ф.Е.Коршу / Goşgular - 11.01.2023 |
√ На дне преисподней / Goşgular - 12.01.2023 |
√ Милая дева, зачем тебе знать, что́ жизнь нам готовит…» / Goşgular - 28.01.2023 |
√ По поводу сборников «Русские символисты» / Goşgular - 22.01.2023 |
√ «Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |