17:23

"Mydama bir zady küýseýär ýürek..."

«MYDAMA BIR ZADY KÜÝSEÝÄR ÝÜREK...»

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň şygyrlary hakynda

Ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan öwrenmäge, olaryň edebiýata getiren täzeliklerini özleşdirmäge, ony ösüp gelýän ýaş nesillere geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. XX asyrda öwüt-ündew häsiýetli temalara köp ýüzlenenleriň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, şahyr Berdinazar Hudaýnazarowdyr.
Garagumuň gyzgyn mähri bilen bagry badaşan, onuň jümmüşinde çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryny geçiren şahyryň döredijiliginde ynsan mertebesi, ynsap duýgusy, edep-terbiýe meselesi, çarwa durmuşy, tebigata, ata Watana, ene topraga bolan söýgi uly orun eýeleýär. Berdinazar aga ençeme goşgular ýygyndylaryny, kyssa eserlerini, oçerkdir makalalary okyjylara hödürledi.
Garagum çölüniň täsinliklerini çeper sözüň üsti bilen türkmen edebiýatyna ornaşdyran ynsanyň döwedi şygryýetde-de, kyssada-da öndümli işledi. Sada dilde, juda ýönekeý sazlaşyk bilen jüpüne düşýän goşgulary, örän çeper we täze meňzetmeleri edebiýat muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Hakykatdan-da, XX asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatyna özüniň täze öwüşginli, milli ruha ýugrulan goşgulary bilen giren B.Hudaýnazarow ýiti zehini, ukyp-başarnygy bilen sazakdyr gandymlaryň astynda şygyr çemenlerini çugdamlapdyr. Ony şahyr şygyrlarynyň birinde şeýle beýan edýär:

Ak depede çal gandymyň düýbünde,
Doglupdy birmahal ilkinji şygrym.


Şahyryň gaýtalanmajak indiwidual metaforalary döretmeginiň, ony şygryýete getirmeginiň özi hem döwründe türkmen edebiýaty üçin uly täzelikdi. XX asyr türkmen edebiýatynda, megerem, B.Hudaýnazarow ahlaklylyk, edep-terbiýelilik, ynsaplylyk, halallyk ýaly temalara iň köp ýüzlenen şahyrdyr. Ol: «Men adamlaryň adama mynasyp bagtly ýaşamagyny isleýärin, ýöne bu owadan jahanda ak ýürekli gowy adamlaryň ýaşamagyny isleýärin. Men çeper sözüň, şol sanda, goşgynyň adamlarda adamkärçilikli duýgulary oýarýandygyna şindizem ynanýaryn, şu ynamyň ýok ýerinde galam tutmagyň hajaty ýok» diýip ýazýar. Onuň «Sabyr», «Ykbala» ýaly şygyrlaryny eşitmedik ýa okamadyk az bolsa gerek. Şygyrlarynyň süňňüne durmuş pelsepesini siňdiren şahyr ylham gönezligini Garagum çölüniň baý tebigatyndan, onda-da onuň tämiz saba-säherinden alýandygyny nygtaýar:

Säherler bir-birin gaýtalanoklar,
Her biriniň öz nagşy bar, keşbi bar.
Şahyr üçin bu säheriň meňzinde,
Ýazyp alaýmaly taýyn goşgy bar.


Türkmeniň milli häsiýetlerini, däp-dessurlaryny, alkyş-dileglerini, edim-gylymlaryny sünnälik bilen şygyrlaryna ornaşdyran şahyr: «Arzuw ediň, ak öýler — iliň agzy — keramat!» diýip belleýär. Halk arasyndaky şeýle aýtgylary goşga salmak şahyryň ukyp-başarnygyna bagly. Ony özüňe ýörelge edinmek halkyň göwün söýen owazyny peşgeş eden ýalydyr.
Sadadan polady ýumşak, akgynly goşgularyň ýene bir özüne çekiji tarapy durmuş pursatlaryndan susulyp alnan peýzažlardyr. B.Hudaýnazarowyň çarwa durmuşyny suratlandyryşy edil beýan edilýän ýerde, şol wakalara gatnaşyp duran ýaly täsir edýär.
B.Hudaýnazarowyň türkmen edebiýatyna getiren indiwidual metaforalaryna mysallar:

Gyrkylygyň yzy galan çägeler.

* * *

Ýel bozup bilmeýän gyrkylyk yzyn
Gerşe çykan çarwa gelinler sypar.

* * *

Gyrawyn Gün ýalan gumuň astyndan
Fontan ýaly çogup çykdy ýylaklar.

* * *

Düýe çalyň agarany — ak bulut,
Açyk asman ýaly mawudy asty.


B.Hudaýnazarowdan öň türkmen şygryýetinde çäge depelerindäki ýeliň goýan zyra-zyra yzlarynyň gyrkylygyň yzyna, çägäniň däne-däne saryýaga, gözleriň garaluwa, ýagny gara balyga meňzedilen ýeri ýok bolsa gerek. Edebiýat nukdaýnazaryndan seljerme işlerini geçirseň, ylmy nukdaýnazardan öwrenseň, şahyryň döredijiliginden täsirli närseleri, seýrek ulanylýan gadymy sözleri, çarwa durmuşyna degişli wakalary we rowaýatlary, şeýle-de, çarwa durmuşynda ulanylan köne zatlaryň atlaryny näçe diýseň tapmak mümkin.
Şahyryň «ynsap» meselesine garaýşy hem juda özboluşly. B.Hudaýnazarowyň bu duýgy bilen adybir «Ynsap» atly goşgusyny alalyň. Onda şahyr bir adamyň ynsaplylygy üçin ýekirilişini, çekelenilişini suratlandyryp, il-günüň oňa doglan çagy “Ynsaplysy bolsun!” diýlen alkyşy alany üçin şeýledigini beýan edýär. Diňe bir bu goşgynyň çäginde däl, başga goşgularynda hem şeýle setirlere gabat gelmek bolýar.

Meger dünýä şu mahallar bar zatdan
Beterräk mätäçlik çekýär ynsaba.


diýen setirleri hem muňa güwä geçýär.
B.Hudaýnazarowyň döredijiliginde Watan temasy hem çeper işlenilen. Onuň «Watan hakda» atly goşgusynda:

Keramata öwgüli söz hökman däl,
Ant içmek ýeterlik duzdur çörege.


diýen owazly setirleri hiç kimi biparh goýmaýar. Watanyň keramatdygyny, oňa ýuwan sözleriň däl-de, agras, akylly sözleriň kybapdygyny beýan edýär. Şahyryň mundan başga-da «Watanym meniň», «Türkmenistan» ýaly ençeme goşgulary bu günki gün iň arzyly we söýlüp okalýan şygyrlardyr.

Garahanjar BAÝHANOW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 332 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Garahanjar Baýhanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]