09:09

Mylakatlylyk, güler ýüzlülik, adalatlylyk, dogruçyllyk, päk ahlaklylyk barada

MYLAKATLYLYK, GÜLER ÝÜZLÜLIK, ADALATLYLYK, DOGRUÇYLLYK, PÄK AHLAKLYLYK BARADA.

Hyýasyz, yzgytsyz adamlardan il gaçýar, güler ýüzli, mylakatly adamlaryň bolsa  dost-ýary köp bolýar. Şonuň üçin öýüňde, mekdepde, iş ýeriňde we köpçülikde adamlar bilen mylakatly aragatnaşyk etmek zerurdyr. Güler ýüz we mylakatly aýdylan hoş söz gahary gelen adamyň gaharyny ýatyryp, ony köşeşdirip biler, emma bilgeşleýin ýa-da tötänleýin aýdylan ajy sözüň ýa-da hyýrsyz ýüzüň garşyňda duran adama oňaýsyz täsir etjekdigi hemmä düşnüklidir. «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar, ýaman söz gylyjy gyndan» diýip ata-babalarymyz örän dogry aýdypdyrlar.
Muhammet pygamberiň hadyslarynda hoş gylyklylyk, adamkärçilik, päk ahlaklylyk barada öwran-öwran ýatlanýar, hoş gylykly, päk niýetli kişiniň gazanýan sogabynyň roza tutup, namaz okaýanlaryňky bilen deň boljakdygy nygtalýar. Şu ýerde namaz we rozanyň peýdasy diňe ony amal edýän kişä etse (onda-da o dünýäde), hoş gylygyň peýdasyn diňe bir özüňe däl, eýsem töweregiňdäkilere hem degýändigi aýdylýar (onda-da şu dünýäde). Bardy-geldi, göwnüňe ýakmadyk bir zada gaharyň gelse, gaharyňy ýuwutjak bolmaly. Öňi bilen-ä, gaharyňy getirmeli däl, gaharyň geläýen ýagdaýynda-da, gyzmalyk etmän, özüňi salyhatly alyp barmaga çalyşmaly. Şeýtseň, gaharyňy getiren adamyň öz günäsine düşünmegi we ötünç soramagy mümkin. Iki taraplaýyn gaharda bir tarapyň geçirimlilik etmegi dawanyň ýatmagyna getirer, iki tarap hem gyzyp, biri-birine herreliberse, beýle dawanyň yzy urşa ýazar. Il içinde «Gahar-kapyr» diýilmegi hem ýöne ýerden däl.
Hadyslarda-da bu babatda: «Gahary gelende özüne erk edip bilýän adam ynsanyň güýçlüsidir. Adam oglunyň akyl kämilliginiň dürs ölçegi gaharyny jylawlap bilmegidir» (Hadys. Şerh, I bölüm, 59 sah) diýilýär.
Gahar ýuwdulmasa, ol dost-ýardan we dogan-garyndaşdan aýra salýar.
Ata-babalarymyz hem: «Gaharyň geljek bolanda, başam barmagyň dyrnagyna seredip ýüze çenli sana, gaharyň hetden geçip, gyzmalyga ýetiberende müňe çenli» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Gaharyň gelen wagty hiç bar işden belli bar netije çykarmaň, gutarnykly netijä gelmäň, gaharyňyz ýatyşýança işe başlamaň.
Ýokarda ýatlanan kitapda: «Dünýäde gaharynyň islegi bilen iş eden adamdan betbagt we ökünçli adam bolmaz» diýilýär.
Hezret Alynyň adyndan aýdylýan bar rowaýatda bolsa:”Batyrlyk söweşde bilner, helimlik (ýuwaşlyk, salyhatlylyk) – gaharda, dostluk hem goly darlykda» diýen aýtgy bar.
Dogruçyllyk. «Dogry sözlüniň dosty ýok» diýen türkmen nakyly bar taraplydyr: dogry söz onuň gönükdirilen adamyna birbada ýaramasa-da, soňy bilen ony aýdýana ynam we hormat döredýär. Şonuň üçin mydama dogruçyl bolmaly.
Dogruçyllyk hem köp taraplydyr:
1.) Pikir dogruçyllygy. Adamyň oý-pikiri, niýeti dogry bolmalydyr. Nähilidir bir peýda görmegiň, tamakinçiligiň hatyrasyna hakykatyň üstüni örtüp, özüňi we töweregiňdäkileri aldamak gabahat işdir:
2.) Sözüň dogrulygy. Özüniň hakykat diýip düşünýän zadyňyň tersine sözlemän, öz göwnüňdäkini dogry aýtmaklyk wyždan päkliginiň nyşanydyr. Totalitar sistemanyň hökmürowan ýyllarynda dogryny ýolbaşçylardan, il-günden gizläp, göwnüňe düwen zadyň tersine gürlemek, hakykaty ýaşyrmak ýoň boldy. Onuň netijeleri bolsa häzir hemmä äşgärdir. Şeýle zatlaryň gaýtalanmazlygy üçin, hakykaty gizlemän dogryňy aýtmaklygy ýola goýmak we ony endik edinmek gerek;
3) Durmuşda , işde dogruçyllyk. Bu durmuşyň seresidir. Özüňe ynanylan işde, gullukda dogruçyl bolman, hakykatyň üstüniň örtülmegi netijesinde ogrulyk, galplyk, hilegärlik, howaýy abraýa kowalaşmaklyk, hyýanatçylyk ýaly nejis sypatlar döreýär.
4) Wada wepaly bolmak. Söz berip, sözünde tapylmaýan adamlar  durmuşda erbet görülýär. Oňa il arasynda “Ýüpüne odun çykar ýaly adam däl” diýilýär. Öňä söz berme, söz berdiňmi – sözüňde tapyl. Ynha, gowy adamyň ýörelgesi şu bolmaly. Akylly adam iki- üç gezek aldanmaýar, ol özüni bar gezek aldan adamdan ägä bolýar we ol adamyň dogry sözüne-de ynanmaýar. «Kör hasasyny bar aldyrar, iki aldyrmaz» ýa-da «Ýalançy töre bir geçer» ýaly nakyllar ýöne ýerden döremändir ahbetin. Bir adamy birnäçe gezek aldaberseň, «Sürä möjek çozdy, kömek ediň» diýip ili 2-3 ýola aldan (aldamakçy bolan) Hojagulynyň gününe düşmegi mümkindir.
Hadysda goýberilen kemçiligi, günäni boýun alyp, ak göwün bilen ykrar etmek we ony düzetmäge çalyşmak hoşgylykly adamyň ikinji sypaty hökmünde görkezilýär. «Bir ýazykdan är ölmez» diýen nakyl bar. Bir günä iş edip, soňra ak ýürekden toba eden we ötünç soran adamlara öňem degilmändir, häzirem adyl sudlar şeýle adamlaryyň ýa günäsini geçýär, ýa-da jezany ýeňilleşdirýär. Hadysda «öz günäsini ýürekden boýun alanlar hatasyzlara goşulýar» diýilýär. Şonuň üçin bir kemçilik goýbereniňizde ýa-da bolgusyz iş edeniňizde, ol hem subut edilende: «Dogrudan-da, men hata iş edipdirin. Meni bagyşlaň. Indiden beýläk şeýle zady gaýtalamajakdygyma söz berýärin» diýip, günäni mertlerçe boýun alsaňyz, göwnüne degen adamyňyzyň siziň bilen arasyny üzmezligi, ýene dostlaşmagy mümkindir. Günäňi boýun alman, öz nädogry hereketleriňizi aklajak we delile getirjek bolmak zoňtarlykdyr. Şeýle adamlaryň ýene erbet iş etmejekdigine ynam ýokdur. Il içinde beýle adamlaryň abraý almajagy hakdyr.
Hoş gylykly adamyň üçünji sypaty edebi jasarat, ýagny mertlik, batyrgaýlykdyr. Hakykatlygyna ynanýan zadyňy hiç kimden gaçyp etmäň, dogryňy ýüzüne aýtmak batyrlykdyr. «Şuny ýüzüne aýtsam, menden gaty göräýmesin» diýen ätiýaç bilen hakykaty gizlemek we, şeýlelikde, bir adama zyýan getirjek zadyň öňüni almazlyk namartlylygyň nyşanydyr.
Hadysda hoş gylykly adamlaryň mahsus sypatlary hökmünde aýlyk hakyny alýan işiňi ýa boýnuňa alan gulluk borjuňy ak ýürekden, ýokardan beriljek buýruga garamazdan göwnejaý berjaý etmek; edýän işiňiň diňe bir daş sypatyna seretmän, eýsem onuň netijeli we peýdaly bolmagyny gazanmak: buýrulan işi ýumuşy ýa-da gulluk borjuňy öz wagtynda ýerine ýetirmek; edýän işiňde we göwnüňe düwen maksadyňy amala aşyrmakda tutanýerli hem-de erjel bolmak; özüňe we edýän işiňe ýürekden ynanmak; ar-namysyňy päk saklamak; ownukçyl bolmazlyk, sowukganlylyk, her bir işde akylly-paýhasly bolmaklyk ýaly gowy sypatlar hem sanalýar (Hadys. Şerh, 76-78, 89-93 sah).
Diýmek, adam güler ýüzli, biri-birine mähirli mylaýym bolmaly. «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy?» diýen nakylda dogry aýdylyşy ýaly, mal ýa-da pul bilen adamlaryň göwnüne ýetip bolmaz, emma ýokardaky gowy sypatlar arkaly adamlaryň göwnüni awlap, olara gowy görünmek mümkindir (Hadys. Şerh, 102-103 sah).
Adalatly bolmak hem adamyň gowy sypatydyr. Geçmişde patyşalaryň, soltanlaryň, kazylaryň abraýy we mertebesi olaryň adyl ýa-da adyl däldigine bagly bolupdyr.
Adalatly bolmak üçin her kimsäniň (isle ol tanyş bolmasyn, isle keseki, isle dostuň, doganyň bolsun, isle-de bigäne) dogrusyna dogry, egrisine egri diýmegi başarmak gerek. Has ýakyn bolanda-da, ol bir kişi bilen biderek jedel ýa dawa edende, onuň tarapyny çalyp, hak işi edýän kesekini günäkärlemek uly aýypdyr hem-de ynsapsyzlykdyr.
Ynsany bezeýän sypatlaryň ýene biri – ol-da utanç-haýalylyk hem-de kiçigöwünlilikdir. Ýaşululardan, il-günden, köpçülikden utanman, agzyna gelen sözleri aýdyp yören, şeýle-de gödek hereket edýän oglan-gyzlardan il bizardyr, olar adamlarda özlerine ýigrenç döredýärler we «bihaýa adyny alýarlar. Şerigatda imanly bolmak üçin iliki bilen haýaly bolmagyň zerurlygy nygtalsa, grek filosofy Sokrat haýany ynsanyň bezegi hasaplaýar.
Adam haýa-şerimli bolmalydyr, erbet işleri etmekden utanmalydyr, ýöne ýygralyga baryp ýetýän utanjaňlygyň hem peýdaly däldigini bilip goýmak gerek.
«Kowusnamada» bu barada şeýle diýilýär:
«Köp ýerde utanjaňlyk adama zyýan getirýär. Utanjaňlyk zerarly wezipede hata goýberer, işiňe zeper ýetirer ýaly derejede utanjaň bolmagyn... Galat gürlemek, gyzmalyk etmek, haýa-şerimi unutmak ýaly häsiýetlerden utan-da, dogruçyllykdan, asylly işlerden hiç haçan utanmagyn. Köp adam utanjaňlyk zerarly maksatlaryna ýetip bilmeýär. ...Nirede utanyp, nirede utanmaly däldigini bilmelisiň, bularyň haýsysy maksada ýakyn bolsa, şoňa ýykgyn etmelisiň, çünki ýagşynyň sebäpkäri hem utanjaňlykdyr, ýamanyň sebäpkäri hem...» (34 sah).

Soltanşa ATANYÝAZOW.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 664 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Soltanşa ATANYÝAZOW | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]