18:11

Nähili ýazmaly?

NÄHILI ÝAZMALY?

Aň üýtgeýär, kabul ediş (восприятие) üýtgeýär. Agyr oýlanmalary, agyr sözlemleri, agyr kyssany...iki-ýeke adam bolaýmasa kän halaýan ýok.
Ötlem-ötlem oýlanmalar, sahnalar, sözlemler okaýany elbetde ýadadýar.
Onda şeýle zatlary ýazmak nämä derkar?
Sebäbi ýazyjy ilki bilen-ä özüni egismek üçin ýazýar. Onsoň okyjy onuň şol “özüni egismesini” okar ýaly etmegiň alajyny agtarýar. Aglaba köp ýagdaýlarda-da ýazyjy ýazýarka okyjynam, galan etsem-petseminem unudýar-da, diňe “özüni egismeklige” başbitin çümýär-de, gark bolýar gidäýýär.
Onsoň şo öz-özünde gark bolan awtory nädip halas etmeli?
Talapkär, ýazyjyň özünden has sowatly, ondan sözi, sözlemi has ýiti duýýan, şepagatsyz zabun redaktor gerek.
Häzirki döwür klipleýin oýlanyşyň döwri.
TikTok zamanasy-da. Näçe gysga, gysby, ýöntemlige çenli ýönekeý edip ýazsaň, düşürseň, surat çekseň, heýkel ýasasaň...şonça-da gowy.
Özümem şeýle. Haçan galyň, tükezziban roman okanym ýadyma düşmeýär.
Şoň üçinem täze stil oýlap tapmaly. Romanlaryňam, powestleriňem içi TikTok wariantly epizod-epizod bolmaly. Onam başaryp bolsa...

***

Hemingueý: “Haýsydyr bir ýapyşak pikirden (навязчивая мысль, идея) hemişelik dynjak bolsaň, ony kagyza ýaz” diýipdir.
Käte-käte pikirlerdir, sýužetlerem göwnüňe bolmasa, diri ýaly bolup görünýär. Olaryň adamlaň arasynda ýaşamaga mynasyplaryny ýazman, ýagny şo tensiz ruhlara “hat-göwre” bermän, olary özgelere ýetirmän unutmaklygyň tozanyna garyp goýberseňem, edil özüňe ýagşylyk eden ýa-da özüňe gowy garaýan adama kembaha garan ýaly, biadyl, biagyry, perwaýsyz äsgermezlik bilen onuň göwnüne degen ýaly bolýar.
Ýazmakda bolsa kimdir biri bilen deň boljak bolmak hökmanmyka?
Özüň bolýaň-da, ýazyberýäň, ýazyberýäň...
Barybir bahany özüňe özüň kesmeýäň.
Özgeler kesýär.
Özüňe ynanyp bolýa, ýazyp bilýändigiňe umyt edip bolýa, özüňden göwnüň geçgin, ýazmakdan eliň sowap bolýa...
Ýöne, ýazasyň gelýärkä, ýazmazlyk bolanok.

***

Şu kubizm, awangardizm, modernizm, postmodernizm ýaly akymlarda ýazylan, çekilen, düşürilen, ýonulan, dokalan we ş.m. eserlerde bir zady gowy – olar adamyň fantaziýasynam, kabul edişinem (wospriýatiýesinem) çäklendirmeýärler – nähili düşünseň düşüniber, neneňsi göz öňüne getirseň getiriber, keýpiň kelläňde.
Klassikada welin, beýle zat ýok.
Gözüň görýäni, gulagyň eşidýäni – bolany.
Kakabaş hyýalyň ýa-da başbermezek aňyň: “я так вижу (слышу, ощущаю, воспринимаю...)” diýip çala buýtar-suýtar ediberdigem bulaşýa.

***

Ýazmak meselesinde adam näçe ýazsa-da hemişe gözi daňylgy batyl ýaly bolýar – ýörejek ýoluny mydama eli bilen sermeläp tapmaly. Özgerjek bolsaň, döwre aýakdaş gitjek bolsaňam sözi her hili edip oýnadyp görmeli, synap görmeli, barlap görmeli...tä öz göwün islegiň üstünden barýançaň...başga ýoly ýok.
Diňe ýazyp öwrenäýmeseň, başga hünärler ýaly okap ýa-da öwrenip öwrenip bolmaýar.
Onsoňam ýazmak pişesinde aýtjak bolýan zadyňy nädeňde has ýiti edip adamlaň aňyna ýetirip boljak?
Elbetde käbir bolgusyzja çyrşaňňylarda aýdylýan pikir, ylahy yşk, ynsany söýgi, hyjuw, mertlik-namartlyk, dönüklik-wepalylyk, lebizlilik-ähtiýalanlyk we ş.m. durmuşa täsir ediji düýpli ideýa däl.
Ýöne adamyň durmuşam diňe ykbal kesgitleýji hadysalaryň münderinden emele gelmän, esasan gündelik ownuk-uşaklykdan, adatylykdan, kindiwanja wakajyklardan emele gelenokmy?
Dil, diliň ýoýulmagy meselesi bolsa...
“Ýazyjy – aýna” diýýärler.
Aýnada bolsa kim görünýär?
Onsoňam çeper edebiýatda “grotesk” diýen-ä çeper beýan ediş usuly bar, “burlesk” diýenem žanr...
Okyjylaram hil-hil.
Kim ýazylan zadyň diňe üstküje gatlagyny görýär-de, aýdyljak bolunýan zady “ýordum” hasaplaýar.
A belki ýazýan hiç zat aýtjagam bolýan däldir. Durmuşam gyşyk aýnadaky şekil ýaly bolşundan bäşbeter gyşardyp-çaýşardyp, göwnaçyk gülki döretmän, gaýta “Nähil-aý bü?” diýdirýän bir zady şekillendirýändir.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 319 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Garayolly25  
1449
Täsirlenip okadym. Sag bol, Bagabat!

0
2 Gurgencli  
324
Tiktok wariantly epizod-epizod roman, nähili bolarka? Onda gaýtam düşüniksiz, gyzyksyz bolaýjak ýaly.
Roman näçe uzyn bolsa-da, özüne çekiji bolsa okyjy ýaltanman irmän okarla.

0
3 ibrahimbadakhshan  
694
Gowy makala, käbir soraglaryma jogap tapdym bu ýerde. Dogrudanam gysga görnüşde ýazylýan çuň pikirli ýazgyjyklar internet içinde köp okalýar, täsiri hem bolmagy mümkin, ýöne çalt unudylýan bolmagy hem ähtimal!? Hem-de şugünki görýän internetli ýagdaýymyz dünýä boýunça ýaýrapdyr diýsegem, ýurtdan-ýurda tapawutly bolýar. Türkmenisat, Eýran, owganystan ýaly ýurtlarda soňky ýyllarda umuman il-günüň kitap okamak üçin goýýan wagtý beter az, Ýewropa halklaryna garanyňda, asla kitap okalmaýar diýseňem boljak, ýöne ösen ýurtlarda beýle däl. Meniň töweregimde görýän ýaşlarym (gyzym, boýdaşlary, dostlary, …) kitapsyz günleri geçmeýär. Haçanda, bugünler haýsy kitaby okaýaň diýip soranymda, belli bir kitabyň, ýazyjynyň adyny eşitjegime ynamym bar. Soňam el telefonlarynda listalaryny görkezýärler, indiki okajak kitaplary hakda gürrüň berýärler.
Meniň pikirimçe roman hemişe öz ornuny saklar, sebäbi edebiýatyň bu ajaýyp görnüşi biz adamlaryň ýaşayýşymyza, durmuşymyza, köp taraplaýyn ösüşimize, umuman dünýämiziň gowulyga tarap üýtgemegine köp täsir goýan. Ynsanlar hekaýasyz, romansyz ýaşap biler diýip, göz öňüne getirmek kyn. Her döwür bir döwür bolýandyr, belki biziň ýurtlarymyzda şu döwür adamlaryň başgaçarak aladalary köp bolýany üçin kitap okamaga elleri degýän däldir!? Siziň ýazýan ajaýyp romanlaryňyz, hekaýalaryňyz gelejekde hökman köpçülik tarapyndan gowy garşy alnar, köp soralar, köp okalar, hem-de olar hakda köo-köp ýazylar!

0
4 ibrahimbadakhshan  
694
Ýene bir zat: Ýazýan tekstiňi hekaýa bolsun, goşgy bolsun, roman bolsun , sözüňi gysganyp ýazmak, sözlemleriňi tymarlap, o ýerin-bu ýerini ýonup ýazmak, ol çerperlikden nyşan, ony başaryp bilseň, oňa ýeteri zat ýok. 21-nji asyrda Türkmen edebiýaty şoňa tarap ymtylan, bu eýýäm modernizmiň, minimalizmiň alamatlary, ýöne romany epizod-epizod edip ýazmak bizi şol modernizme ýetirip bilermikän!?
Şu zamanada goşgyny klasiklere öýkenmän, modernleşdirip täze stillerde ýazyşymyz ýaly, romanlar, hekaýalarymyzy hem şu täze zamana görä ýazyp bilmeli! Serdar Atanyň ýazýan hekaýalary ýaş ýazyjylar üçin ülgi bolup biljek eserler(meniň okanlarym)

0
5 Bagabat  
43
Hawa. Özüňi gozgaýan, özüňi alada goýýan zatlar hakda özüňe köp derejede pikirdeş gelýän adamlar bilen pikir alyşsaňam göwnüň baýlaşýar, göwnüň çeşmäň suwuna suwa düşene dönýär.
Adamy köplenç sosiumda ýalňyzlyk basmarlaýar. Ýene-de wirtual söhbetdeşligem bolsam, özara pikir alyşmak - Gurbannazar Ezizow diýýär-ä: "Her hal ýolda ýatan daş däl ekenim, artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde", ine şonuň ýaly: "Hudaýa şükür, her hal ýek-ä däl ekenim-aý" diýene meňzeş, pikirem däl-de duýgy döredýär.

Teswir ýazyp, pikirlerini beýan etmäge "ýaltanmadyklara" :-), minnetdar.

0
7 Jeksparro  
405
Metehan romanyny dowam edeňokmy @Bagabat :)

0
6 Allamurat777  
1716
Super

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]