09:36

Nähili ýazmaly? - 2

NÄHILI ÝAZMALY?

Bir dostum bar.
Kompozitor.
Özem hakykysyndan bolmaga çemeli.
Sebäbi hemme zadyňam “hakykylary” birneme “bu dünýäň adamsy däl, sähneräk” bolýar-a. Olam bir ýere gidip barýarkaň birdenkä özüni unudýar-da, sag eliniň barmaklaryny birgeňsi gymyldadyp, howada “pianino çalmaga” başlaýar. Özem nämedýänini aňşyranok. Onsoň birsalym oňa päsgel bermän ýöreýäň-de, howada “çalýan sazyny” dynýar welin, soraýaň:
-Dos, näme çaldyň-aý şumat?
-Häh?!-edýär, ilk-ä. Soňam serine gelýär-de, müýnli gyzarýar:-Äý: “Juzeppe Werdiň “Trawiatasyndan bir heňiň dutar mukamy goşulan täzeçe aranžirowkasy nähili bolarka?” diýen pikir kellä geldi-de, şony synap gördüm-läý :-).
Ine şo dostam käte özüňe lezzet berýänje oýa gümra bolup, hiňlenjiremäge başlaýaň welin, ýüzüni ejirli çytýar-da, özelenýär:
-Agamjan! Gaýrat et! Senbir aýdym aýtmasana! Duranja ýerimde diriligime çüýredýäň-dä meni!
Elbetde “bilbil owazymyň” berýän “lezzetine” çydap bilýän däldir-dä. (Şuny dogrusy: “ezýetine” diýip okasaň meň pikirimçe, has dogry bolaýmagy ahmal :-)).
Megerem, islendik hünärde-de dissonans gaty “gulaga ýakymsyz eşidilýän” bolmaly-da.
Ýazmakda-da, söz saz-a däl welin, onda-da sözlemde dissonans bolsa derrew bildiräýýär.
Geň.

***

Jany-teni bilen, gyzylödegini agzyndan çykaraýjak bolup, tersligine çöwrülip ýazýan adam, ýazan zadyny elledikleri içi-bagry tütäberýär.
Hemme ýerinden döredijilik tekepbirligi çogup-çykyp dur-da.
«Erbet bolsun, samsyk bolsun, ýöne meň aýdyşym (ýazyşym) ýaly bolsun!» diýen düşünje özümde gaty çökderdi.
1999-njy ýylda «Edebiýat we sungat» gazetine «Taşlanan öý» atly, werlibrde ýazylan goşgyny eltip berdim.
:-), elbetde goşgy (çyn manysyndakyny) ýazyp bilmeýändigiňe, dünýe ýumrulaýsyn, barybir ýazybam bilmejekdigiňe aňryýany bilen gözüň ýetibem dursa, onda-da, adam pahyr: «Türkmeni göçürjek bolsaň gapdalyndan göç geçir» ýa-da «Toý agzalsa çakyr süňk gozganar» diýilýänine çalymdaş bir, şow-şow was-wasylykdyr-da, «il ýazýa, meň niräň şolaňkydan kiçimiş» diýip, öz-özüme ýel berip eltendirin-dä :-). («Dälä bir ýel ber, eline-de pil ber» diýleni ýadyma düşüp gitdi :-)).
Onsoň bu goşgynam Azat aga (şahyr Azat Rahmanow) alyp galdy. Bijaý gowy adam. Mähirli, sypaýy, salyhatly. Olam goşgyny halamasa-da maňa ýagşylyk etjek bolup, ony täzeden özüçe ýazyp gazetde çykardypdyr. Munam soň bir gün hekaýa eltdim welin goşgyň çykan gazetini maňa gowşurýar.
Ynansaňyz, bir ölüp bilmedim.
«Äý, muny beýtmeli däl ekeniň-laý, Azat aga!» diýip hymy-symy etdim-de, ýüzüme urlan ýaly bolup gaýtdym.
Şondan öňem-ä gaşgy ýazmajak bolup jan çekýärdim, ýöne soň-a edil köküne palta urlan ýaly boldy.
Gazetde meniň adymdan çykan şol goşgy, hemişe hakydamda, häzirem: «Sygmajak ýeriňe sokulma, sokulma, sokulma...» diýip tükeniksiz radiosignal ýollap dur.
Umuman şeýleräk.

***

Ýazmagyň iň gynançly ýerem, ýazan zatlaňdan sähelçejiginiň adamlara ýarap, olaryň hakydasynda galýany!
Zeýrenemok, estagpurulla!
Hiç kim elimden çekip, süýräp ýazmaga mejbur etmedi.
Özüm elim bilenjik keýpine başladym.
Ýöne ýüzlerçe zady yhlas edip ýazýaň, nesibesi çüwüp halkyň ýadynda galýanam 1-2 sanysy.
Stiks (greklerde: “Leta”) derýasyna – Unudyş derýasy (Река Забвения) diýýäler.
Bihuda zähmetiň şertli aňlatmasam Sizifiň zähmeti.
Ine döredijiligem şu iki mifiki aňlatmaň arasy-da.
Ýazyp başlamankaň-a, kelläňde ideýa şeýlebir ajaýyp bolup görünýär.
Ýazýarkaňam özüňe zor salyp ýazman, duýgyň gyjyklanyp ýazsaň ýazýanyň özüňe şeýlebir gowy görünýär. Soňundan okap görýäňem welin...
“Okan namazyň ürküzen gurbagaňa degmedik”.
Onda-da: “Äý... belki okyjy gowy garşylar” diýen körje umyt bilen, zähmetiňe dözmän, kime niýetlän bolsaň şoňa-da hödürleýäň.

***

Şu ýazmak meselesinde bir zady aýdaýyn:
Bu zat ýaman bir ynjyk zat, şoň üçinem bir zady çynyň bilen ýazjak bolsaň ilki şony çynyň bilen özüňden, süňňüňden geçirmeseň bolanok.
Hasratmy?
Alla görkezmesin, ýüregiňe gan öýdürip görmeli, iň bolmanda öz-özüň içiňde. Ruslar: “сопережевание” diýýär-ä. Elbetde bu sözi, ahwalaty: “duýgudaşlyk” diýip terjime etseň bolýar. Ýöne, bilemok, nämüçindigini, maňa-ha bu terjime şol ahwalatyň mazmunyny, tagamyny dogry açmaýan ýaly.
Diýjek bolýanym, okaýany özüň bilen soperežewat etdirmekçi bolsaň, hut şo сопережевания-ny özüňde onlarça esse güýçlendirmek gerek bolýamyka diýýän.
Bu duýgam edil muskul ýaly. Onam üznüksiz türgenleşik bilen prokaçat edip bolýar.
Mugallymyma ilkinji hekaýalarymy görkezenimde (ýogsa şomat öz ýanymdan monça bolup: “ýazýan-ow” diýip ýörenime 3 ýyl dagy boluberipdi :-)), mollym okap ýylgyrdy-da, şeý diýdi: “Hindi kinolaryny kän görýäň öýdýän? Iň soňunda “hemmeleň ölýän” hekaýalaryny ýazmaga ýykgyn edýäň welin,”.
Daşymdan syr bermesemem, içimden utanjyma ýer ýarylmady, men girmedim.
Onsoň öýe baryp, bar ýazanymy otladym-da birki hepde içimi hümledip gezdim. Soňam “hemmeleň ölmeýän” hekaýasyny ýazmagyň alajyny agtaryp ugradym.
Umuman, bujagaz “çalaşža” tejribe alyş-çalşygyna dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän. Sebäbi öňde biri aýdypdyr-a:
-Iň peýdasyz alym kimdir?
-Bilýänini öwretmeýän.
Ýöne “mugallymsyramak” diýip hasap etmäweriň.
Umuman ýazmak babatda bilýänjämi aýdaýaýyn diýdim. Ýogsa “alahekegem bolsaň hekemiňi tana” diýlişi ýaly, menem başardygymdan öz “hekemimi” tanajag-a bolup, elmydama diýýän öz-özüme: “Men nire, goşgy nire” :-).
Olam başardýarmy, başartmaýarmy?
Allah billäh.

***

Soňky döwürler henekli bir zat ýazsaň, öňünden «degişmäň» «degişmedigini» göni ýazaýmasaň, adamlaryň, esasanam ýaşlaryň üşügi kütelýär. Hatda anekdot aýdyp berseňem, niresinde gülmelidigini açyk hetjikläp: «Bir munt! Bir munt! Boldy. Ine şu taýjygynda gülüp başlaberiň. Hut şu taýsy anekdotyň güldürýän göbegi!» diýip aýdaýmasaň: «Nämdiýýäň-aý, ýaşuly?!» diýen ýaly edip, jinnekçe-de gülmän-yşman ýüzüňe mölterilip durlar.
Arada bir gün gurluşykçy hünärmenleriň resminamasyny hukuga laýyk resmileşdirmäge kömek etdim. Şonda: «Meseläniň özenini dogruja düşündirseňiz, ony resmi hukuk diline salaýyn, kyn däl, onsoňam siziň aýdýan zatlaryňyz kanuna laýykmy dälmi, onam derrew kesgitläris» diýsem, bir zatlar aýdyp, bulaşdyryp äpberdi. Onsoň menem ol ýigit: «aljyraýan bolaýmasyn» diýen çaklama bilen, ony köşeşdirmek üçin, bälçireýän kişiräp, oňa şu aşakdaky ýaly nutukça sözlär oldum:
-Bu meseläniň stagnasiýada galdyrylmazlygyna itergi bermek, şunuň bilen baglylykda-da, onuň çözgüdiniň bolsa latentligini üpjün etmezlik üçin, ony hemmetaraplaýyn analiz etmeklige çemeleşilende, onuň obýektiw we subýektiw taraplaryna doly, dogry hem gyşarnyksyz we takyk hem birmeňzeş baha bermekde, bir tarapdan-a uniwersal häsiýetli, ikinji tarapdanam indiwidual ähmiýetli alternatiw-dispozitiw kriteriýalardan ugur almaly we şeýle-de imperatiw-şertlendirilen determinantlary zerur derejedäki effektiwlik hem effektlilik bilen ulanmaly diýen pikir, meseläniň logiki düzüm gurluşyndan we materialistik-ideal mazmunyndan gelip çykýar.
Nädendir öýdýäň?
Gözüni orsuň mis bäş köpükligi ýaly edip, söm-saýak bolup dur.
Onsoň: «Häk edeniň bar bol-a! «Ogram özüne osar, orramsam» diýleni ýaly, myny nädip äpberädiň-ow, dosty?! Honha stupora düşüp gald-a!» diýip özüme käýindim-de, mümkin boldugyndan bäş ýaşly çaga düşündiren ýaly edip, onuň bilen resmileşdirilmeli mesele hakda sorag-jogap alyşmaga başladym.
Ine şuň ýaly:
-Köşejik, sü näm?
-Çüçji!
-Çüçji mämden ýasalýa?
-Şekeladdan.
-Hä dogry aýdýaň, balajyk! Sen-ä ýaman ýitije ekeniň. Onsoň bi şekelad nämden ýasalýa?!
-Çüçjiden.
-Aý howwo-dou, köşek! Indi şeýdip ýapyk aýlawda pyrlap alyp ýatarsyň-laý men pahyry!
-Ýo-hou, daýy-y! Men-ä seni alybam ýatammok. Seni nädip alaýyn-aý? Sen ullokon-a-hou! Ejemiň eline sygaýmasaň, meň elime sygmazsyň-a-hou, daýy!
(Edenine şükür, etjegine-de! Her niçigem bolsa: «eline» diýdiň, «ejemiň gujagyna» diýmediň, toba, estagpurulla :-)).

***

Ýazmak, ýazmazlyk, öz ýazanlaryňa edilýän belliklerdir, öwgüler ýa-da ortalyk, “ikaralyk içýakan” diýilýän zatlar hakda şuny belläsim gelýär.
Aýdasyň gelýämi?
Aýtmaga göwnüňde zat barmy?
Aýt gizleme, soňa goýma, ruhdan düşme, özgeleri diňle, ýöne netijäni özüň çykar.
Hiç kim näçe tejribeli, bilimli, akylly, zehinli, ýaşuly we ş.m. bolsa-da, ol seniň ömrüňem ýaşap bilmez, seň deregiňe seniň aýtjagyňam aýtmaz.
Her kim saňa nähili golaý bolanda-da diňe öz ömrüni ýaşaýar.
Şoň üçinem bellik ýa-da tankyt ruhdan düşüp, aýdasyň gelýän zady aýtmakdan ýüz döndermek üçin esas däl-de, kämilleşmek üçin badalga!
Ine öz aýdýanlaňňa aýdylýan islendik gowy-erbet-ortalyk zatlaram şu nukdaýnazaryň “eleginden” geçirseň, ýalňyşmarsyň.

***

Öňde biriniň: “Ýazan zatlaryňy her ýylaşadan bir gezek hökman redaktirläp durmaly. Şonda iň soňunda öňki ýazan altmyş alty tomuňdan birje tomy ýa galar, ýa galmaz” diýýäni çyn-aý.

***

Orslarda bir edebiýat saýty bar: «Şu günüň awtorlary» ýa-da «Awtorlar şu gün» (https://author.today) diýen. Ine şonda dürli awtorlar eserlerini operatiw, onlaýn, interaktiw usulda ýazýalar. Ýagny her gün eserinden ýazan bölejigini saýtda goýýar. Her bölejigine-de sähelçe baha kesýär. Onsoň okyjylaram şojagaz tölegini geçirip, eseriň bölejigini okaýarlar hem-de oňa pikirlerini, belliklerini ýazýarlar. Onsoň awtorlar degerli diýip hasaplan belliklerini kabul edip, eserlerini düzedýärler. Şeýlelikde, bu usulda bir okda iki däl-de birnäçe «towşan» urulýar:

1.Eserler okalýar;
2.Awtorlar yzygiderli, birsyhly we çalt kämilleşýär;
3.Awtoryň zähmetiniň haky tölenýär (Awtor üçin goşmaça stimul);
4.Okyjy eseriň döreýiş prosesine gönüden-göni çeklilýär;
5.Eser köpüň pikiri bilen has kämilleşýär;
6.Eser, şoň üsti bilenem edebiýat reklama edilýär;
7.Eseriň şowhuny ýetse, ol neşirýatçylaryň ünsüni çekýär we ony çap etmek üçin teklip bilen awtora ýüzlenýärler;
8.Eserem, awtoram şeýlebir «zabun elekden» geçýär welin, ol ýerde üstünlik gazanan awtora: «tanyş üsti bilen at-abraýa mynasyp bolupdyr» diýip igenmäge ýer galmaýar. Sebäbi kitabyň reýtinginem, gazanjynam, toplaýan balynam kesgitleýän okyjy.

Pul töläp ýazanyňy okamaga ymtylýarlarmy?
Diýmek, gowy ýazypsyň.
Ymtylanoklarmy?
Bud dobr (bizkiçeleseň-ä: “gaýrat izzelaý pažalyssa” bolýa, türkmençeleseňem: “merhemet et” ýa-da “gaýrat kylsana” bolýa :-)), öz möwritiň gelýänçä garaşyber.

***

Edebiýat – edil dürli güllerden boglan çemen ýa-da dürli müşki-anbardan düzülen atyr ýaly.
Ol hiç kimiň atasyndan galan mellegi dälmikä diýýän.
Synanyşybermeli.
Gözläbermeli.
“Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar” diýilýär-ä.

***

Edebiýat we sungat eserlerinde çeper simwollary gereginden artykmaç köp ulanmak hakda birazajygam bolsa, kinaýaly şu aşakdakylary diýesim tutýar:
Nä, tapar-tapmazyň çagasymy?
Üýşür hemmesini.
Sungat bolar-da.
“Bula-bula, ber gula” diýilmeýämi?
Waka:
Biz ýetginjek. Dostuma malýatagyny arassalaşýan. Iki bolup ýatakdan çykaran dersimizem araba (galtak, biz tarapda: “jykyram” diýilýä) bilen mellege daşap ýaýratmaly. Mellegem yzgarly, agyr dersli araba batýar. Onsoň dostumyň kakasy: “daşamansyňyz” diýmez ýaly, onuň öňünden geçmek üçin mellege birneme ders daşan bolduk-da, galanynam aňsadyna bakyp, malýatagyň daşynda üýşürip goýduk. Kakasy işden gelip, dostumdan sorady:
-Oglum, bi nä dersiň hemmesini mellege ýaýratmansyňyz?
-Äý,-diýip dos, buýnuzagy hyrdady-da, şowatjyk bahana oýlap tapdy:-Köp düşäýmesin diýdik-laý.
Elbetde aldaýandyrys öýdýändiris-dä.
Dosuň kakasy gülmän-yşman, “hümm” etdi-de, diýdi:
-Oglum, edil nahary ýag bilen zaýalap bolmaýşy ýaly ýerem ders bilen zaýalap bolýan däldir...
Elbetde dostumyň kakasy pahyr oglunyň bahanasyna görä “gömüşim” edip, diýäýdi. Halys waňk bolaýmasaň, nahar-a ýag bilen iýip bolmaz derejede, ýerem ders bilen ekin gögermez derejede “zaýalap” bolýandygy düşnüklidir-le.
Şoň üçin käbir edebi we sungat eserlerem “nahary ýag, mellegem ders bilen zaýalabilmiýoň” diýdirýänskiý edilip simwollardan münderlenýärler.
Şeýlelikde, nahar-a ýag, mellegem ders, suraty ýa-da gaýry çeper eserem simwollaň artykmaçlygy bilen “zaýa çikadi” edip bolýan ekeni diýen netije emele gelýär :-).
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 217 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 13
0
1 Bagabat  
43
Filosofiýa diýýä: “Aýdylmadyk zat ýok. Dünýäde näçe adam bolsa şonça-da pelsepe (pikir, ideýa, dünýägaraýyş, nukdaýnazar...) bar”.

Hukuk aýdýar: “Hiç kese bilkastlaýyn zyýan etmeýän islendik pikiriň bolmaga (ýaşamaga, aýdylmaga...) haky bardyr”.

Durmuşy tejribe aýdýar: “Iki adam - üç pikir”.

Rus gardaşlar aýdýar: “Tagam hem reňk saýgarylyşyna ýoldaş/ülpet ýok” (На вкус и цвет товарищей нет).

Ýaş tejribesi hüňürdeýär: “Hiç kime hiç zat düşündirjek bolup arrygyňy gynama, gynama-a-a! Barybir “her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal”...”.

Nigilizm çawuş çakýar: “Garşy çykmagyň hatyrasyna garşy çyk!”.

Tekepbirlik meçew berýär: “Özüňi sereşle! Seniňem ilden kem däldigiňi, köp zatlarda bolsa kän esse artykmaçdygyňy güberçekledip görkez!”.

Onsoň heneklirägem bolsa, durmuşy paýhas bilen ýene-de bir zatjyk aýdýarlar (onam aýdyp galaýyn): “Her kim aklyndan özüçe azaşýar” (Onsoň, belki hiç kime-de aklyndan isleýşine görä “azaşmaga” päsgel bermesek ýagşy bolaýmasyn? :-)).

0
2 Gurgencli  
324
Iň gowusy özüň ýazyp bilmeýän bolsaň iliň ýazanyny terjime etmek eken:).

0
3 Gurgencli  
324
Serdar aga bize (ýaşlara, edebiýata täze goşulanlara) maslahatlaryňy berýäň, tejiribeleriňi paýlaşýaň, gysgaça kömegiňi gaýgyraňok, köp sagbol agam.

0
5 Bagabat  
43
Okaýanyňa minnetdar, inim.

0
4 Gurgencli  
324
Ýöne terjime edeniňde hem tutuş durky-düýrmegiň bilen terjime edýän eseriňe berilip, ýaltanman, zähmetiňi gaýgyrman terjime etseň, terjimäňem göwnüňdäki ýaly şowly çyksa, edil şol eseri özüň ýazan ýaly şatlanyp bolýan eken:)

0
6 Bagabat  
43
Ýazmak işine çyny bilen ýapyşýan adam üznüksiz ýazmaly.
Ýöne...
Ýazmagyň esasy şerti şu bolsa, ýazmagyňda kämilleşmegiň esasy şerti has kyn.
Sebäbi munuň üçin diňe ýazman, OKAP, OKAP, OKAP... onsoň ýazmaly.
Irginsiz, ýadawsyz, okasyň gelmän ölüp ýatsaňam özüňe sütem edip, okasyň gelmeýän, okamaga ýaltanyp ölüp barýan zatlaryňam hyruç bilen okamaly. Gurbannazar diýýär-ä: “million setir okap, bir setir goýmak”. Şeýlelikde, üns bersek, Gurbannazar neressäň bu şertli düşündirişini, hasaplamasyny kabul edip alsak, gowy ýazmagyň, ýazmak işinde kämilleşmegiň şunuň ýaly formulasy emele gelýär:
Okalan million setir = Birje degerli, okaljak setire.
Özem okaýan zatlaryňy ýöne bir okamagyň hatyrasyna, “okadym” diýmegiň hatyrasyna okan (...syran bolup) geçmeli däl-de, ol setirleri öz aňyňdan, göwnüňden eriş-argaç geçirmeli. Şol okan setirleriňi ýazanlara çuňňur duýgudaşlyk bildirmeli. Olar o setirlerini nädip ýazypdyrlar, nämüçin ýazypdyrlar, ýazanlary bilen çäklenýärlermi ýa-da ýazman, ýöne aýdan zatlary näme...
Garaz, onlarça sowala özüň üçin jogap tapmaly.
Ýazmak işinde kämilleşmek isleýän bolsaň, dünýede okanyňa juda degýän-ä ýüzlerçe ýazyjy, şahyr bar, hökman okamalysam müňlerçe.
Gomer, Wergiliý, Owidiý, Petrarka, Dante, Şekspir, Milton, Baýron, Lope de Wega, Kalderon, Genjewi, Nesimi, Haýýam, Sagdy, Garajoglan, Emre, Balasugunly, Pyragy, “Alp Ärtöňňe” dessany, Li Bo, Bo Szy, ýapon hokkulary, Ramaýana, Manu, Arthaşastra, “Gilgameş” dessany, Pablo Neruda, Gabriela Mistral, Puşkin, Lermontow, Fet, Týutçew, Ýesenin, Maýakowskiý, Blok, Ahmatowa, Ahmadullina, Simonow, Twardowskiý, Rojestwenskiý, Brodskiý, Jebran Halil Jebran, Garsia Lorka, Ezizow, Annaberdi Agabaý, Atamyrat Atabaý, Çary Ýegenmyrat, Halyl Kulyýew, Orazguly Annaýew...
Näçe sanasaň sanap gidip barmaly...
Çekýän zähmetiň ahyrsoňunda pagtabent gülläni atan ýaly boş gohdan özge şeýi ýok bir zada dönmezligi üçinem, şu agyr zähmeti hökman çekäýmeli – başga alajy ýok.
Şu zähmeti çekmeseň, setiriň dykyzlanman geçäýýär.
Bu zähmet uzaga çekýär. Ýöne ony çaltlaşdyrmagyň ýekeje alajy bar. Köpräk terjime etmeli. Özem howul-hara, başdansowma däl-de, gaty yhlas bilen terjime etmeli. Göwnüňe ýaran zady.
Şeýtseň terjime edýän eseriň ruhy seniň göwnüňe, aňyňa siňýär. Olam uzagyndan ýazyşyňa düýpli täsir edýär.

0
9 Gurgencli  
324
Minnetdar agam.

0
7 Injener  
1
Konstantin Obrazsof atly awtoryň "Molot wedm" atly eseri bar. Ana şol eser polisiýada ýatan şahsy işlerden ýazylandygy görnüp dur. Peterburgyň polisiýasynda peýda bolan jenaýat işleriň birini, kimdir biri gyzykly görüp, Konstantin Obrazsowa, eser döretmäge beripdir. Ýöne Obrazsow öz eserini fantastika elementlaryny goşubilipdir, dogry ol eserde fantastika elementlary, edil köpege 5-aýak dakylan ýaly bolup dur, ýöne gep ol zatlar barada däl. Konstantin Obrazsow, özi bilmän, eseriň içinde täsin ideýa ýerleşdirdi. Has dogrysy Hudaýyň işleýiş mehanizmlerini gürrüň berdi. Eseriň manysyna görä, Peterburkda, 11 sany jadygöý aýal, aýda bir näçe gezek üýşýäler we şeýtana çokunýarlar. Her gezek çokunanlarynda ýaňy dogulan çagany gurban edýärler. Şol 11 sany gyzdan biri, ýokary okuw jaýda bir taryh mugallymy dogalaýar, soň taryh mugallym şol 11 sany gyz barada we olaryň pişesi barada bilýär-de, olaryň barsyny ýekeme-ýeke ýok edýär. Adaty durmuş bilen ýaşap ýören adam, ganym jellada öwrülýär. Özem eden işi diňe şowuna bolýar. Garaz aýtjak bolýanym Alla, islendik adamy, adaty durmuş akymyndan soguryp, Özi üçin ulanyp, ýene yzyna goýyp bilýän eken. Dogrymy aýtsam meň özüm hem şeýle ýagdaýlara düşüp gördüm. Adam öldürüp göremok, ýöne hiç wagt etmejek we etmeli däl işlerimi etdim. Iň soňunda maňa hiç hili bähbit getirmeýän işleri näme üçin etdimkäm diýip pikirlenip galdym. Serdar aga aýtjak bolýan zadym, käbir awtorlar, (has dogrysy realizm žanyrda ýazýan awtorlar), durmuşda bolýan zatlardan ýazýalar we köp halatlarda, dünýäň nähili syrlaryny açýandyklaryny özleri hem bilenoklar.

0
10 Gurgencli  
324
"Ýüzükleriň hökümdaryny" hem awtory özi bilmezden ýazypdyr diýen garaýyş bar.

0
12 Bagabat  
43
Tolkiýeniň "Silmarillionam" dünýä edebiýatyndaky allegoriki eserleriň biri-dä. Edil Jonatan Swiftiň Gulliweri, Goldingiň "Siňekleriň hökümdary" we ş.m. ýaly.

0
11 Bagabat  
43
"Магический реализм" žanry daýaw, täsirli žanr. Gabo, Borhes, Kortasar, Lýosa, Koelýo...
Ýazyp bilseň, ýazmagy başarsaň - üýtgeşik usul.
Dünýäde bolup geçýän zatlara "Alisaň aýnasynynyň" üsti bilenmi ýa-da Şredingeriň pişiginiň gözi bilen seretmäge, synlamaga mümkinçilik berýär.
Ýöne, ýazmakda-da, edil ýaşamakdaky ýaly, her kimiň bir bolşy bolýar-da.
Işiňde üstünlik. Rahman Zulfikariň eli özgerýäni bildirýär.

0
8 Injener  
1
Bir awtoryň aýdyşy ýaly, iň gowy eserler seň şonsyz hem bilýän zatlaryň barada gürrüň berýär. Kimdir biri üçin Magtymguly Pyragynyň aýdan zatlary täzelikdimi? Dünýäniň bar zady ýagydyr ýagy, ýyka başlady, gardaşlar gün günden ýaman bolupdyr we ş.m. Şol köne dünýä, täze sözler bilen.

0
13 Bagabat  
43
Hut şoň üçinem ýazmak işine (eger-de ol ýürekden edilýän bolsa): "Halkdan alyp halka bermek" diýilýärmikä diýýän.
Adamlardan, dünýäden toplanja zadyňy öz içiňden (ruhuňdan) geçirip, ony ýene-de yzyna - alan ýeriňe - öz ýaşaýan dünýäň Maglumat meýdanyna gaýtaryp bermek.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]