14:11 Oglanjykly dünýä / kindiwanja kyssalar | |
Atyr
Ejesi toýa gitmek üçin, bezenip-beslenip atyr sepinýär. Mazaly ýuwlup-ardylyp, geýindirilip, şol duruşjygyna toýa alnyp gidibermeli şekilde, taýýarjak edilip goýlan oglanjyk, ejesinden haýyş edýär: -Eje, maňa-da şonyňdan pyşşyldatsana, menem biraz porsaýyn-la... Taýçanakmy ýa-da taýhar? Oglanjyk, gyşaryp, çaý süzüp ýatan kakasynyň ýanyna barýar-da, haýyş edýär: -Kaka, kaka, maňa “taýçanagym” diýsene! -Bolar, kürräm! Ine, diýýän. Kürräm, nirden geldiň?! Boldumy?! -Boldy, kaka! Sag bol!-diýip, oglanjyk monça bolýar. Kakasy bilen jigisiniň gürrüňini ünsli diňläp oturan agasy, oglanjyga degýär: -Aý pekge, sen-ä kakamdan özüňe “taýçanak” diýip, özüňi atyň çagasyna meňzetmegi haýyş etdiň, kakamam saňa: “kürräm” diýip, seni eşegiň çagasyna meňzetdi... Oglanjyk hemişe özüne degsinip ýören agasynyň belligini piňine-de alman jogap gaýtarýar: -Özüň samsyk, özüň “eşegiň çagasy”! Kakam maňa: “kürräm” diýende, taýhary däl-de, taýçanagy göz öňünde tutýa, düşünseň... Susak, çemçe, pyçak we sübse Oglanjyk öýüň işi bilen başagaý bolup ýören ejesine: “şü näme, şü näme” diýip sowal baryny ýagdyryp, halys ýüregine düşdi. Ejesi onuň çeşmeden akýan suw ýaly yzy üzülmän akyp duran soraglaryna çydaman, ony aljyratmak üçin, öýüň içindäki zatlary ýeke-ýekeden görkezip, çalt-çaltdan onuň özüne sorag yzyna sorag berip ugrady: -Şü näme?-diýip, ejesi elindäki susagy görkezdi. Susagyň susakdygy ýadyna düşmedik oglanjyk, şonda-da üşüklijeligini edip aljyramady: -Bulanýançy! -Onda bu näme?-diýip, ejesi tabakdaky çemçelere barmagyny çommaltdy. -Bulanýançyň çagalary. -Onda, bu näme?-diýip, ejesi pyçagy görkezdi. -Paltaň çagasy. -Onda muňa näme diýersiň?-diýip ejesi, oglanjygy gepde ýeňmek üçin sübsäni görkezdi. -Şonam bileňokmy, eje?! Süpürýänçi.-diýip, ojagaz tyýkyrap durmady... Kimiň düşegi? Agşam, oglanjyk ejesine: -Eje, meň düşegimi ýazyp bersene!-diýdi. -Meniňkini.-diýip, ejesi oňa düzediş berdi. -Seniňkini?!-diýip, oglanjyk geň galdy. Kim samsyk? -Bol, “Men samsyk” diý!-diýip, oglanjygy garbap tutan agasy, ony goýbermän bagyrtlap durşuna, gyssady. -Sen samsyk.-diýip, oglanjyk tassyklady. | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |