22:21 Nätsem, ene? | |
NÄTSEM, ENE?
Duýgularym öýleden soň Kuýaş kibi batýar ene. Şu ahwaly ýanyňyzda Aýdyp bilmän gaýdýan, ene! Çözüp syrlar düwnüni, Giňeldäýsem göwnümi, Ertir üçin düýnlermi Şu gün aýdyp gaýtsam, ene! Baryp käte ýanyňyza, Gamgyn başym goýsam dyza. Ýalan ýoly öwrüp yza, Dogrularmy aýtsam, ene! Gitsem ýitgilerme tarap, Galmajagňy bilýän garap. Ýene başlarymy yrap, Dözüp bilmän gaýtsam, ene! Kysmat ömri karz berdimi? Bilmen, dünýäm özgerdimi?! Ýatlap öz jigerbendiňi Meniň üçin ýanýaň, ene! | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |