19:24

Nirede?

NIREDE?

Hiç düşmedim bu ykbalyň oýnuna,
Umyt baglap gezen günlem nirede?
Alyp gitdi girdabynyň goýnuna,
Müýnsiz ýaşap geçen günlem nirede?

Kalbymda şatlyk ýok uçan mysaly,
Ne göwniň isleýär arzuw wysaly,
Hemme zat gussadan ýasalan ýaly,
Geljege buýsançly ýaşan günlem nirede?

Arassa howany sorup demime,
Diýerdim: “bu jahan süýji herkime”,
Täsin gözellikler goýman erkime,
Gamsyz ýaşan hezil günlem nirede?

Öçene meňzeýär gözlermiň nury,
Boşapdyr kalbymda, arzuwlar gury,
Çölde azaşan deý ýoluny ugry,
Şol öňkije söýen günlem nirede?

Oturyp ýazdym bolgusyz kyssa,
Nädeýin agalar erbet iç gyssa,
Bu jahan meň üçin gam bilen gussa,
Dolanmazmy, öňki günlem nirede?

Ependi diýer, bu günlerem geçedir,
Gaýgy gamdan herkimlerem gaçadyr,
Ertirki gün şatlyk gelip göçedir,
Zyň gussany, hezil düýnlem nirede?..

Awtory: EPENDI.
Категория: Goşgular | Просмотров: 199 | Добавил: Ependi | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Ependi  
284
Käte nerwime düşse ýazan bolýardym, bu on ýyl öňki ýazgym. Kompýuterimiň zametkasynda galan. Ertirkom-da hem paýlaşypdym. Açylsa, arhiwde durandyr. Diýmekçi bolýanym, şol wagtlar goşgy ýazmaga gaty höwesekdim. Bilmedim nämeden, soň başga zatlara gyzyklanyp unudýan boldum. Kompýuterimi dörüp otyrkam şulara gabat geldim. Entegem özümiň ýazanyma ynanamok. Indem başarmaýan. Ýöne birzady bildim. Adam psihologiýasynda her kimiň bir geçiş döwri bolýar. Şondan peýdalanmagy başaran iň bagtly adamdyr. Biz ony başarmadyk, ýöne, maslahatym, indikiler gelejekde şuny unutmasalar ýagşy. Ýokarda üýtgeşik zat ýokdur, ýalňyşlyklaram kändir.

0
2 Babyşgalaly  
1446
@Эпенди, гошгыны халадым.. Эдил мана дегишли ялы манысы.. Ынсанын душйан ягдайыны ачып горкезмани башарыпсын. Берекелла!!!Тесвирин барада айтсам.. "Адам психологиясынын гечиш доври" барадакы пикириниз бн долы ылалашярын. Aдам пахыр мыдама камиллешмане ымтылып гарашаны я хасап хесиби чыкмаса говничокгунлиге сезевар болаяр-да. Эсасы зат Саглык.. Жанын саг болса.. дурмуш бир кушт ойны ялыдыр.. Утан еринде бегенерсин.. утулан ерин гой башгалара сапак болсун.. Минус - плюсын довам эдйан еринде ягтылык ве херекет довам эдер..
Oрсчалап жемлэсим гелйэр:
НЕ ПЕРЕЖИВАЙ, ЭПЕНДИ ВРЕМЯ ЛИШЬ СОВЕРШЕНСТВУЕТ НАС.

0
3 Ependi  
284
@Babyşgalaly, göwnüňize ýarasa bolýar agam, meňem birje bitiren işim bolsun-a:) Degişýän, nädeli, hojalyk, iş-güýç, özüňiz gowy bilýänsiňiz.

Ýöne, ýokarky teswirime ters düşünmeseler bolýar, üýtgeşik pikirim ýokdy.

0
4 Pars_zybanly_Mekan  
1534
Tüweleme, goşgy juda ýerlikli. Hakykatdanam, gün-saýyn adamyň durmuşynda jogapkärçilikler, dertler artýar we aram-aram geçmişde biperwaý geçiren şol asuda günlerimiziň hakydamyza dolýar. Ýöne onna-da her bir adama geçmişe garap "käşgä" diýmän, şu günümize şükür edip, diňe ýagty gelejek barada arzuw edip, maksada okgunly ýaşamak ýaraşýar. Ykbalyňyz ýagty, maksadyňyzam aýdyň bolsun!

0
5 Gurgencli  
324
Goşgyny juda haladym. Dogrusy goşgyda edil öz içki dünýämi gören ýaly boldum.

0
6 Махым  
1499
ne dem baky, ne gam baky... menem haladym goşgyny

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]