NIREDE SEN HUMAÝ GUŞUM?!
Soradym men gülgün ýazdan-eý, näzenin gözel ýaz!
Gördüñmi meñ humaý guşum, nirede eder perwaz? -
Bahar jogap berdi maña göterip, agras başyn:
"Gördüm ony hol daglarda otyr, galdyrman başyn.
Hawa, başyn galdyranok, boýny bükülip gamdan,
Sora ony, ide ony şol howaýy daglardan."
Assa-ýuwaş rowan bolup, beýik daglara tarap,
Soradym göwün guşumy, dagyñ gerşine baryp.
"Uçdy-gitdi baglara, señ mähriñi beren guşuñ
Sora ony baglardan" diýdi, dag, galdyrman başyn.
Ädim ädip, reñbereñ gözel gülleñ ojagyna,
Atdym özüm, ajap baglañ erem mysal gujagyna.
- Eý, behiştden zemine gelip düşen al güller,
Gördüñizmi zyba guşum, aýdyñ, şeýda bilbiller! -
"Ganat kakyp, sähralara uçdy señ zyba guşuñ"
Diýdi baglar, hossarym dek sylyp gözümiñ ýaşyn.
Soñky demde daljygyp, sährañ goýnuna ýetdim.
Boýnum burup, naçar garap, arzymy beýan etdim.
- Eziz sähräm, ene sähräm soñky umydym sensiñ,
Aýt ahyry, nirelerde ol bagt guşum meniñ! -
Şuwlap geldi gaşyma sährañ ilçisi - şemal,
"Gözýetimden alyslarda galypdyr ol nur-jemal"
Diýdi, göwün örkümi üzen habaryn berip,
Bagtym ýitdi gözýetimde, galdym elimi serip.
Şondan bäri hem, jahanda her gün--gün dogup ýaşýar,
A men bolsa, gözýetimiñ çakylygna garaşýan...
Ogultäç Nazarowa
|