10:51

Nireden bilýärsiñ?!

NIREDEN BILÝÄRSIŇ?!

(Bäş ýaşlyja gyzyma)

Nireden bilýärsiň, nädip bilýärsiň
Kakaň şeýle mähre mätäçligini?!
Işden gelenimde, gollaryň gerip
"Kaka-a" diýip, ýüwrüp gelşiňe göni

Meniň gujagyma oklaýaň özüň,
Ah, şol pursat, şojagaz şat pursadam.
Söýgi bolup kürsäp girýär kalbyma
Seniň edil doluşyň deý gursaga.

Wah, melejik gyzym!
Gülejik gyzym!
Bilýäň jandan söýülýäniň aşa sen.
Seniň begenşiňi görmeklik üçin
Gitmäge-de taýýar her gün işe men.

Günler kisämdäki teňňe deý ýitip,
Kalbymda galdyryp bilenok yzyn.
Emma olarda seň barlygyň üçin,
Hersin sen deý bagra basýaryn gyzym,
Mähriban gyzym!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 317 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Garayolly1936  
830
Perzentlik mahrine ÿugrulan goşgy. Duÿgular atany erkine goyanok. Perzent yşky işden oÿ-ojagyna dolanan atanyñ mähir-mädesini ganykdyrŷar.

0
2 Nurdan  
100
Diýseñ gowy goşgy, her bir ene-ata perzentleriniñ bagtyna, ömrüne guwanyp ýaşamak nesip etsin,

0
3 Nurdan  
100
Gyzyñyz iñ bagtly gyzlardan bolsun, görjegi geljegi gözel bolup ene-atany, doganlaryny, il-gününi guwandyrsyn @Edebiýatçy!

0
4 Edebiyatcy  
15
Ýagşy arzuwlaryňyzy size-de, siziň perzentleriňize-de arzuw edýän. Köp sag boluň kalby hem sözleri nurdan agza.
Minnetdar Garaýolly

0
5 Aksary  
876
Täze ýazylan teswirleri okadymda üns bermän gecmekligi hili üýtgeşigrän hasap etdim.

Siziñ bägül ysly ýüre kitabyñyzy dolulygyna okadym Goçmyrat kaka .hemmeside oñat goşgular diysem ýaĺñyşman.näme diyeyin ömrüñiz bolsun,minnetdar.ýöne şu dammak meselesini azaldyñ....

0
7 Edebiyatcy  
15
Damyp durman, çabgala diýýäňmi:-)
Minnetdar Aksary

0
6 Aksary  
876
Her geleninde onyññ ýylgyrşyñy görmek üçin işe höwesli gidýän kakany göz öñüne getirmek,owadan. Birzat

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]