19:47

Nobat

NOBAT

Bir goja bu durmuşa,
Hem ga:rylyp, garalyp.
Ýaşar eken durmuşda,
Hem sa:ralyp, saralyp.

Zähmete ähmýet bolmaz,
Boş çykarmyş bijesi.
Asla güýze ýetmändir,
Jan etse-de  jüýjesi...

Ýalançy erbet çakdy,
A goja aýawlady.
Sanalmadyk sanalgy,
Bir güni paýawlady.

Hiç ýatasy gelmedi,
Imrikmänsoñ düşege.
Tabyda nädip müner,
Münmändem ol eşege.

Çar tarapy ümmülmez,
Gark edäýjek okean.
Emma, goja dik aýakda,
Ýöräp gezýär iki ýan.

Öýe girmez, şo:l köçede,
Ýatanok, goja ýatanok.
Wagt bolsa gandally deý,
Ýöränok, şapak batanok...

Bir oglanjyk sorady,
Görüp onuñ halyny.
-Nüçin mydam daşarda,
Öýsüzmiñ ýa dälimi?

-Bar bolsa-da güjükde,
Öýi bolmaz gojalañ...
Häzir durun garaşyp,
Nobatynda ajalyñ.

-Nüçin dursuñ nobata,
Sen nä iliñ tersine?
Arka mündürjek wagty,
Nämä münýäñ gerşine?

-Şu çaka çen bir sapar,
Nobat ýetmän gijikdi.
Iýermen nobat iýdi,
Nobat meni iýjekdi.

Ömrüm ötdi ýumruklap,
Kä ýeri käte seri.
Men muña garaşmandym...
Eh, ogul, diñle meni!

Ölüm lezzetin dadar,
Jan lezzetin dadany.
Hiç beresim gelenok,
Özümki däl zadymy.

Şeýle gezsem Ezraýyl,
Ütüp guta:r ganatym.
Ýöne on ýyl içinde,
Ýetesi ýok nobatym...

Emma, tiz ara ýetdi,
Goja ýatyr tabytda.
Gör-ä, ýene öñkülik,
Adam ýene nobatda.

Ahmet  ARAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 277 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 3.5/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]