13:08 Nobel baýragy barada | |
Nobel baýragy barada Mälim bolşy ýaly, meşhur fizik Alfred Nobeliň adyny göterýän bu baýrak bilen ylmyň dürli ugurlarynda, has takygy fizikada, himiýada, fiziologiýada hem medisinada, ykdysady ylymlarda, edebiýatda we dünýäde parahatçylygy berkitmekde tapawutlanan adamlar sylaglanylýar. Alfred Nobel ykdysady ylymlarda gazanan üstünlikleri üçin baýrak bermegi göz öňüne tutmandyr. Bu ugurdan Nobel baýragyny 1969-njy yylda Şwesiýanyň Banky girizipdir. Nemes fizigi Arnold Zommerfeld 1917 — 1951-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir, Nobel baýragyna jemi 84 gezek hödürlenilipdir, emma alyma bu abraýly halkara baýragyna eýe bolmak nesip etmändir. Ýöne onuň ýetişdiren şägirtleriniň ýedisi Nobel baýragyna mynasyp boldy. Gelip çykyşy boýunça polýak, meşhur fransuz alymy Mariýa Sklodowskaýa-Kýuri Nobel baýragyna iki ugurdan mynasyp bolan ilkinji alymdyr. Ol 1903-nji ýylda fizika we 1911-nji ýylda himiýa ugurlary boýunça bu baýraga mynasyp görlüpdir. Meşhur iňlis alymy Ernest Rezerford fizika ylmy bilen meşgullanypdyr we ony beýleki ylymlardan ýokarda goýupdyr. Alyma Nobel baýragynyň fizikadan däl-de, himiýadan berilmegi onuň özi üçin hem garaşylmadyk waka bolupdyr. 1925-nji ýylda edebiyat boýunça Nobel baýragyna iňlis ýazyjysy Bernard Şou mynasyp görlüpdir. Ol muny «şol ýyl hiç zat neşir etdirmän, dünýä beren uly lezzetine minnetdarlyk» hökmünde suratlandyrypdyr. 1933-nji ýylda iňlis fizigi Pol Dirak abraýly halkara baýragyna mynasyp görlende, özüniň mahabat edilmegini halamaýandygyny bahanalap, ondan ýüz öwürmek isläpdir. Emma E.Rezerford kärdeşine baýragy kabul etmegi maslahat beripdir hem-de ondan ýüz öwürse, bu ýagdaý ony has-da mahabatlandyrjakdygyny aýdypdyr. Taýýarlan: Maýsa ŞÜKÜROWA, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |