19:00 O ýer... | |
O ÝER... Seniñ maña, meniñ saña garaşan, Hal-ahwal soraşan, Bir gün õýkeleşen, Bir gün ýaraşan, Ýerimiz - o ýer... Duşuşsak duwlady baglañ ýapragy, Õpdüñ beýhuş boldy çygly topragym, Şatlandy hem asman çaldy depregi, Toymuza garaşan ýerimiz- o ýer.. Gõwünden gõwrämi sogrup taşlady, Ýapraklary sowuk "gowrup" başlady Biri paşsa müñ birisi paşmady Yhlasy puç bolan serimiz - o ýer.. Gujakladyñ sowuk howañ içinde Ezizledim, daşymdan däl içimden Arzuwy iberip gazlañ gõçünden Asmana ugradan demimiz- o ýer... Wepa, yşk bolmasa baglanmaz ykbal Biz barmasak seret baglar haýykýar Aýt, gelmeseñ, ýa gelmesem aýp bor Ol bize, ol bize garaşar hokman Biziñ duşuşmaly ýerimiz - o ýer... Oguljennet BÄŞIMOWA | |
|
√ Ýene adaty gün / Goşgular - 15.01.2023 |
√ «Рожь вокруг волновалась… и шелест стеблей…» / Goşgular - 29.01.2023 |
√ «Над Феодосией угас…» / Goşgular - 14.02.2023 |
√ "Gara syýa bilen ýazyldy..." / Goşgular - 03.01.2023 |
√ "Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp..." / Goşgular - 14.01.2023 |
√ «Только закрою горячие веки…» / Goşgular - 20.01.2023 |
√ Üzärlik / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Возвращаясь / Goşgular - 14.02.2023 |
√ Истина / Goşgular - 02.01.2023 |
√ Красная Шапочка / Goşgular - 14.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |