22:20 Obam bilen hyýaly söhbet | |
OBAM BILEN HYÝALY SÖHBET
Ýaýlasyna kürsäp girip ýaşlygyň, Eýýäm çagalygmy ýitirdim, obam! Şol ýitgimi tapmak üçin goýnuňdan Geçmişi hakyda getirdim, obam! Duýgularmy kebelek deý ga:ýdyran, Şemallar çalyp ýör çagalyk heňim. Köçeleriň gursagyna seretsem, Aýak yzlarymam bar eken meniň. Ol yzlary ýagyşýagmyr ýuwmandyr, Oňa kär etmändir wagtyň hökümi. Ol yzlary görmek islese her kim Çekmeli bor, şahyrlygyň ýüküni. Ehh, ýaşlygym, maňa beren baglaryň, Güýz kysmaty billerini büküpdir. Ýaşlygymda garşylaýan bu güýzüm, Duýgularmy ýaprak kibi döküp dur. | |
|
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |