19:05

Öçürilenler / hekaýa

ÖÇÜRILENLER

Han jan, seresap bolmagyňy tabşyryp, gagyldap-gagyldap, halys gulak etiňi iýendigime düşünýän. Çypbakaý çynym, akyl satyp, uzyndan-uzyn hatlary ýazyp oturmaga özümem höwes edemok, üstesine, seniň wagyz-nesihat diýlen zady halamaýşyňdanam habarym bar, ýöne ynanaý, gaýgydyr aladalarymyň aňyrsynda hiç hili howp-hataryň ýoklugyny magat bilenligimde, seni günüňe goýardym. Düşün, dünýäde bolup geçýän bulagaýlyklara gözümi ýumup bilemok men. Dogrusy, özümem şuňa meňzeş gürrüňleri gozgasym gelenok, şu hatymam hemaýyn gürrüňdeşlik üçin ýazýandyryn öýtmäweri (emma köpsözlülik belasyndan gutulmadyk bolmagym ahmaldyr). Ýa bolýan zatlary öz ýanymdan çişirip ýörmükäm?
Saňa jaň etmän, ýa internetiň üsti bilen habarlaşman, atam döwürlerindäki ýaly hat ýazyp, iberendigimi geň görjegiň ikuçsyz. Soňky döwürler bärde telefon aragatnaşyklaryna ne döw çalany ýa-da haýsy jyn urany belli däl, bir bulam-bujarlyg-a bar…
Barysam geçen aýyň ahyrynda başlandy. Sagat gije on töwerekleridi. Şol wagt edara binasyndan çykyp, öýe gaýtjak bolup durkam jaň geleni ýadymda. Uzakly gün gyssagly bir meýilnamanyň üstünde başagaý bolupdym (dogrusy, ol işim soň goýbolsun edildi), şonuň üçin telefonymdan saz ýaňlanyp ugranda, ýene yzyna çagyrýandyrlar, indem hemme zady gaýtadan barlap, bütin gijäni iş otagymda geçirmeli bolaryn öýdüp, gara janym galmady. Görüp otursam, eneň til kakýan eken. Özüň bilýäň, garröýe kän bir görnübem barlanok soňky döwürler, şonuň üçin bu gijigen jaň, üstesine-de kakamdan däl-de, ejemiň elinden gelmegi, meni birneme alada-da goýdy. Olar köplenç ir ýatagandy. Mundan ötri, eneň-ataň saglyk ýagdaýyndan şikaýat etmese-de, pygamber ýaşyny aşanyna on ýyl geçenden soň olardan gelýän her bir habardan ýaňa towşan ýürekli boluberýän ekeniň (bizem garranymyzda bu aýdýanlaryma düşünersiň). Şonuň üçin gürrüňimiziň maňa agyr degjegine öňünden taýýarlyk görýän dek tolgunybrak, telefony göterdim, emma onuň ýaly aýylganç duýgulary başdan geçirmeli boljagym ýatsam-tursam küýüme gelmändi.
Edaraň ulag goýulýan ýerzemininde telefonymy gulagyma gysyp durşuma, dilim tutulana döndi. Uzak bir ýerlerden ejemiň pyşyrdap gepleýşini eşitdim.
– Oglum… ýeteweri…
Bary-ýogy iki söz. Bolany şol. Telefon goýuldy. Yzyna aýladym. Peýdasy ýok. Jogap berenoklar.
Özümi ilkinji gezek giň öýde ýeke taşlanyp gidilen çaga ýaly duýdum. Elbetde, şobada ulagyma atlanyp, garry öýe sary sürdüm. Gorkymdan ýaňa hatda o ýere baranymda nähili görnüşiň gözüme iljekdigi hakynda pikirlenmezlige çalyşýardym. Boşlukmy? Sowuk tümlükmi?
Ulagymda myçyp barşyma, ýoldan hernäçe ünsümi sowmajak bolsam-da, şol gylawly garaňkylyk gözümiň öňüni tutan ýalydy. Üstesine-de, tiz kömege habar etmän, agalarym bilen habarlaşman, ikirjiňlenýän. Öz ýanymdan erbetlige ýorup, ýersiz-ýere zowzanaklap ýören bolaýmaýyn? Üýtgeşik bir eşiden zadymam ýok ahyryn. Meger, olar kino görüp oturandyrlar, telefonyň ýaşyl düwmesine-de tötänden basylaýandyr. Ýa-da ejem başga bir zat aýtjak bolandyr-da, sesi bölünip gelendir, ýa telefonynyň zarýady çökendir? Ine, meniňkem çöküp barýar, şondan bolmagam mümkin. «Ýeteweri» sözi hökman bir bela-beteri getirmeli diýlen şert ýokdur-a?
Kakama bir howp abanan bolsa, ejem nämäň-nämedigini aýdaýjak ýaly, ýa olam aljyrap, elini-aýagyny ýitirip ýatyrmyka? Amanady eýesine gaýtarmak üçin gelen Ajal öýe tutuşlygyna talaň salyp gidiberdimikä?
Ölüm baradaky pikirleriň ählisini serimden kowup çykarjak boldum, ýöne bu oýlar aňyňda gürpbassy edeninden soň seniň haý-küşiňi bilýärmi? Onda-da ynjalykdan gaçmajak bolup, rulumy berk gysyp, fonarlaryň ölügsi… ýok, öli bolsa-da ýiti altynsow şöhlesi bilen yşyklandyrylan köçeleriň ak sapagyny söküp barýardym.
Söz köpeldýänim üçin bagyşla, Han jan, ýöne üns berdiňmi: Bize ýoluňyz ak bolsun diýselerem, öňümize gara ýollary düşeýärler. Soňam, munuň üçin ötünç sorajak ýa-da öwezini doljak bolýan kibi, onuň üstünden ak çyzyk geçirýärler. Adamlaryň aýagy basjak ýerinde-hä asla-da fortepianoň düwmelerine meňzedip, goýy ak gönüburçluklary hatara düzýärler. Käşgä, şonuň üsti bilen ýörelende, ýollarymyz saz bolsa diý!
Elbetde, ol wagt men bu bolgusyz pikirlerden uzakdadym. Birdenem bu köçeleriň agyna-garasyna höküm edýän nyşany hökmünde elinde alaja taýagyny gysymlan ýol gözegçilik gullugynyň işgäri öňümden çykdy-da, jürlewük çalyp, maşynymy şol taýagyna magnitlän ýaly ýelmeşdirip, köçäň eteginde saklanmagy yşarat etdi.
– …seržant pylan pylanyýew – diýip, özüni tanadandan soň, papagynyň gaşyna göwünli-göwünsiz elini degirdi. – Salowmaleýkim. Nirä beýle howlukýaň, agam? Dokumentleriňi göreli-dä.
Men gapyrjagy dörjeläp, şol bir wagtyň özünde-de ýagdaýy düşündirjek bolanymda, seržant çala egilip, maňa gözüni jiňkertdi:
– Ýaşuly, aglap otyrsyňyzm-aýt?
– Näme?
Aýna garanymda, ýadawlykdanmy ýa başga sebäpdenmi – garagymyň gyzarandygyny, derdenmi ýa derdimdenmi – ýaňaklarymyň ezilendigini gördüm.

Bahym tanyş derwezäniň öňüne ýetdim. Bir gat kerpiç jaýdan ne ses gelýär, ne-de bir yşyk görünýär, Aýyň şuglasyna ymyzganan şäher perdesi gerilgi gap-gara penjirelere gapgarylaýjak ýalydy. Demir derwezä urlan açaryň güňleç şaňkyldysy töwerege ýaň berip, darajyk köçäniň boşlugyny ölçedi.
Hernä, tutynyň bir çeti göterildi, soňra perde çala syrylyp, äpişge ýagtyldy. Derwezäniň beýleki tarapyndan gapynyň jygyldysy, onuň yzysüre äwmän golaýlaýan ädimleriň şypbyldysy, ahyrsoňam sokmanyň süýşürilişi eşidildi. Ine-de, öňümde uzyn boýly kakam agyr miwelerden ýaňa bil beren daragt deý küýkerilip dur, onuň arkasyndan bolsa gyňajynyň howlukmaç daňlanlygy bildirýän garryja ejem howsalaly seredýär.
Olar meni içeri goýberip, duýdansyz gelmegime geňirgenip, ýellenen gabaklaryny aladaly gerjeşdirdiler. Jaň hakdaky soraglaryma ikisem kibtini gysdy.
Ejem nämedir bir zady anyklajak bolýan ýaly, ýüzüme siňe seretdi:
– Jaň etmänime kän wagt bolandyr, oglum. Özüňem habarlaşaýaňok-da. Iş diýdiň, alada diýdiň… Eýgilikmi beri? Gurgunçylykmy özi? Çagalaň jany sagmy?
– Ýa içgilimi sen? – diýip, soraşygy gödek sesli kakam dowam etdi.
– Hä, häzir çaý demläýin…
– Ýok, eje, gerek däl. Men bahym turjak. Bimaza edenime bagyşlaň. Eje… neme… sen unudan bolaýma?
Elbetde, garry adamdyr, ýatkeşligi kütelişendir diýip, şu soragy berdim, üstesine-de, göwünlerine degesim gelenok.
– Nämäni unudypmyşym? – diýip, ol ýene ýüzüme dikanlap bakdy. – Ejeň heniz aňkasy aşan däldir, balam.
– Ýok-la, aňkaň aşdy diýemog-a. Ýöne, ine, seret…
Jübimden telefonymy çykaryp, gelen jaňlaryň sanawyny görkezjek bolanymda, ol şobada elimde titremäge başlady. Ýüzünde, Han jan, seň ejeň suraty bilen telefon belgisi peýda boldy.
«Allo» diýenimem şoldur, aňyrdan depe saçyňy düýrükdirjek elhenç gykylyk eşidildi:
– Waý, kömege ýetişiň… Halas ediň…
Yzýanam düşnüksiz bir düňküldi gulagyma ildi. Palta bilen süňk çapylanda çykýan sesi ýada salýar. Bu deňeşdirme zerarly özüm basga düşdüm diýsem, bärden gaýtdygym bolar. Uzak bir ýerlerde salynýan palta menem çüwdesi bilen halys mynjyradyp barýardy.
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, edil şol pursat telefonymam öçdi. Ýa geçen gezegem dat-bidat diýip, ejeň jaň etdimikä? Men ýalňyşaýdymmykam? Indi munuň anygyna ýetmäge wagt ýok.
Kakamyň telefonuny alyp, birjik-de eglenmän, ulagy öýe sürdüm. Ýolda bar güýjüm bilen gaza basyşyma, ilki ejeňe, soňam ol «häzirki wagtda jogap berip bilmeýänligi» sebäpli polisiýa jaň etdim, emma telefony galdyranynda, näme diýjegimi bilmän, dilim tutulan ýaly ýuwdundym oturdym. Şol gije ýollaram «Hudaý gorasyn!» diýdirýärdi. Sürüjilere ne döw çalany belli däl, gyzylyňy-ýaşylyňy bilenoklar, wazda-waz, tas heläkçilige uçrapdym. Dogrusy, şol wagt özümiňem reňk saýgararlygym ýokdy. Ýolda aýnagyýyklary ýyldyz kimin sepelenip, dyr-pytrak bolup ýatan jübüt maşyn gabat gelensoň ünsliräk sürüp ugradym.
Öýe ýetip, ulagymy duralgadaky düzgün boýunça goýulaýmaly ýerine eltdim, soňam pultunyň düwmesi hiç işlemänsoň, gapysyny açar bilen ýapmak üçin eglendim. Şeýle dow-dowly ýagdaýda bu başagaýlygym bolgusyz bolup görünse-de, näme üçindir, etmän bilmedim. Emma liftiň gelerine welin garaşyp durman, basgançakdan sekizinji gata ylgap galyberdim.
Demim demime sygman, ahyryn gapyň agzyna özümi taşlanymda, indi işigi açdygym, içeriniň bulam-bujar, akan-dökän edilendigini görjegime şübhelenemokdym, şonuň üçin öýdäki tertip, aslynda bolaýmaly görnüş… garaz, tersine, öý-goşlarynyň öňki-öňküligine durmagy meni has beter gorkuzdy.
Men ylgap, ejeň ýatýan jaýyna bardym-da, çyrany ýakdym. Günämi geç, oglum, ýöne men düýrlenen düşekde gana bulaşyp, köýnegi jyrym-jyrym bolan, damagy çalnyp, agzyndan zogdurylyp gan akýan ejeňi göz öňüne getirdim. Ýarym-ýalaňaçlygyna jansyz çüýşe gözlerini gapa dikip ýatyşyndan ýaňa tas akylymdan azaşýardym. Hernä, çyrany ýakanymda, bar zat gülala-güllük. Ol arkaýyn ýorganyny gujaklap, uklap ýatyr. Ýüzünde-de ýylgyryş doňup galypdyr, – ýa meniň gelenimi bilip, uklan kişi bolup, bilmediksirän bolýar, ýa-da dogrudanam düýşleriň sessiz atylýan lawasynda eräp gidipdir.
– Bu näme boldugy? – diýip gygyranymda, ejeň dessine buýruk eşiden esger ýaly düşeginde dikelip oturdy. Ýüzündäki gyzgylt joýalary bilen gözüniň çişi diýmeseň, oňa ýatandyr öýtmersiň, şeýle çalt ördi.
Özem:
– Eý, Hudaý-eý!.. Näme? Näme boldy? – diýip, bir zatlar samraýar.
– Hany, maňa telefonyňy ber! – diýdim.
– Näm bolanyny bir aýtsana, oglan!
– Telefony ber diýýän! Zorlanýan ýaly çygyrmaň näme seniň?
– Haçan çygyrypmyşym?
– Telefony ber, ejjeň…
Ejeň, elbetde, ýüregi ýarylara gelip, ýassygynyň aşagyndan telefonuny çykaryp uzatdy. Men telefonyň taryhyny açyp, soňky giden jaňlaryň wagtyny barladym.
– Öçürdiňmi ony! – diýip, ýene aňňyrdym. – Öçürdiň gerek jaňlary? Boýnuňa al, näme üçin beýtdiň? Nämä pozduň?.. (Şu ýerde men dilimi salajyn goýberip, bu soragy ýene birnäçe görnüşde gaýtalan bolmagym mümkin)
Ýöne heňkirip durmagymyň biderekdigi ejeň ýüzünden bellidi. Ol maňa allaniçigsi bolup, dünýäden bihabar tiňkesini dikip otyrdy.
Geň ýeri, meniň telefonumda-da gelen jaňlardan yz-toz galmandyr, hamala, ol jaňlar – gapyllykda ýatan ruhumyza penje uran wagşy jandarlar deýin yz galdyryp gitmeli ýaly. Polisiýa til kakyşymdanam nam-nyşan galmandyr.
Soňabaka şol gije, ertesi günem maňa ýene köp kişi haraý isläp jaň etdi. Dostlarymdan, işdeşlerimden, tanyşlarymdan, ýakynu-daşgyn garyndaşlarymdanam perýat edip jaň edenleri boldy. Welaýatlardan, obalardan gelýän jaňlar paýtagtdakydan hasam elhenç ýaňlanýardy. Adamlaryň wägirişi ýüregiňi elendirip barýardy, hersiniňem gygyrýan sözleri manydaş bolsa-da, sesleri başga, ýöne soňabaka men bu jaňlara üns bermezligi öwrendim.
Görüp otursak, beýle jaňlar köp kişä baran eken. Her dürli myş-myşlar ýaýrady. Aýtmaklaryna görä, bu daşary ýurtly hakerler tarapyndan gurnalan oýunmyş, olar il içinde dowul turuzjak bolýarmyşlar, ýöne mundan kime näme bähbidiň bardygyny häzirem aýdyp bilýän adam ýok.
Muňa garamazdan, durmuşymyzda nähilidir bir geň-taň özgerişler bolup geçendigi duýulýar. Adamlar, bir tüýsli… nädip düşündirjegimi bilemok… üýtgäpdir. Öň işlerine jür, üşükli kärdeşlerim özlerini aňkaw ýaly alyp barýarlar, alçak, batyrgaý tanyşlarymyňam öňküligi ýok, barysy züwwetdin. Hatda seniň ejeňem ugry ýok, Han jan. Ýanynda dil ýardygym, dogrudanam bir zatlar ýarylan, partlanan ýaly tisginiberýär. Şol gije gygyramda gorky damary dartylandyr-da.
Bir hepde dagy geçenden soň banka bardym. Öňler beýle hüşgär däldim, ýöne häki hakerler baradaky gürrüňler meni mundan beýläk ätiýaçlyrak hereket etmäge iterdi. Şonuň üçin töleg kartymy ýapdyryp, içindäki pullarymy almaga niýetlendim. Onsuzam, özüň bilýäň, aňrymyzda üýşüp ýatan baýlyk ýok, barça harajatymyzam ýitirsek, ertesi gün näme boljagy bir Alla belli!
Görüp otursam, bankyň içi adamlardan ýaňa hyryn-dykyn. Bärde «Almany göge zyň…» diýlen aýtgydaky miwe özüň bolma: beýle dyknyşykda ol-a pelegiň mädesine düşen alma eken, hatda üljejige-de düşmäge ýer tapylar öýdemok.
Öňümden-yzymdan nobata düzülen halaýygyň arasyndan iteleşip geçjek gümanyň ýok, her kimem pyşyr-pyşyr edip, öňräkki gorkuly jaňlaryň özlerinde galdyran täsiri hakda gür berýär, onsoň, isleseň-islemeseň, gürrüňçileriň haýsy bolsa-da birinde ünsüňi jemlemeli bolýardy, ýogsam umumy wagyrda diň salsaň, ol ultrases tolkunlary bilen gulagyň perdesini ýarar öýtdürýär.
Birtopar gürrüňleriň arasynda, mysal üçin, gelýän habarlaryň içinden galp çagyryşlary parhlandyryp bolmaýanlygy zerarly tiz kömegiň, polisiýanyň hem ýangyn söndürijileriň jaňlara jogap berýän işgärlerine kömek sorap ýüzlenýänleri goşmaça psihologik synagdan geçirmek tabşyrylanlygy, şol sebäplem bu gulluklaryň işiniň haýallaşandygy, kä halatda baraýmaly ýerlere-de olaryň ynamsyzlyk edip barmanlygy aýdyldy. Öz janyna kast edýänleriň hem nerw kesellerinden ejir çekýän adamlaryň sany artypmyş, jenaýatçylygam möwç alypmyş, ogry-jümriler köpelipmiş. Kim orslara, kim amerikanlara, kim hytaýlylara, kim ýewreýlere günä ýükleýär, şol bir wagtyň özünde hut olaram bize kömek hökmünde iň ökde kompýuterçilerini iberipmişler diýýärler.
Märekäniň içinde gysylyp, jüre-jüre gepi-gybaty diňläp, başardygymdan kiselerimi gorap saklaýan. Birbada ýüregim sarsan ýaly bolýar, yzy bilenem bir ýerlerde saz çalnyp ugraýar, – penjegimiň içki kisesine salan telefonym ses edýän eken.
Birdenem bu ýeriň jemagaty gozgalaň tapyp, ine, turdy bir başagaýlyk. Her ýandan aýdym-saz eşidilýär. Batly hem pessaý, ýiti hem ýogyn, gussaly hem şowhunly owazlar bileleşip, şeýle bir hopukdyryjy güwwüldä öwrüldi welin, beýnim gulagymdan çogup çykar öýdüp gorkdum. Bir elim bilen gulagymy ýapyp, beýlekimi telefonuma ýetirdim. Gaýda-gaýmalaşykda hiç kim jaňa jogap berjeginem, alman sesini öçürip goýjagynam bilmedi.
Telefonumyň ekranynda öliniň ýüzüne meňzeş ap-ak keşp peýda boldy. Ol hem maňa, hem saňa meňzeýärdi, jan oglum. Şonuň üçin jogap berdim, emma ýüregiňi lerzana getirjek alagopgunyň jümmüşinde bir gulagymda ahy-nala ýaňlanmanka, özüm öňürdip, nagra tartyp gygyrdym:
– Dadymyza ýetişeweriň-ow…
Emma bu gykylygymy hiç kim eşitmez, senem eşitmersiň…

Maksat BÄŞIMOW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 384 | Добавил: Нawеran | Теги: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 07.01.2023
Satlyk düýeguşlar / hekaýa - 06.01.2023
Köñülde gopan kyýamat / hekaýa - 07.01.2023
Ukusyzlyk / hekaýa - 05.02.2023
Wanýa, bu ýerlere nädip düşdüň? / hekaýa - 06.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023
Растоптанные чувства / рассказ - 19.02.2023
Kupedäki ýoldaşlar / hekaýa - 19.03.2023
Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Medine  
368
Ugrunda barzatmyka bu
Ýa ýöne bir hekaýamy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]