20:07

Oguz han taglymatynyñ esaslary -4: Oguz han hekaýaty

4. Oguz han hekaýaty

Oguz han Türkmen sözüň taryhy-milli manysynda türkmen milletini dörediji şahsyýetdir. Taryhy-edebi aňyň ösüşinde beýle şahsyýetlere uly orun degisli edilýär. Belli bir milletiň düzümine girýän aýry-aýry milli toparlaryň emele gelşi we at alşy hut şu hili şahsyýetiň at dakmak işi bilen baglanyşdyrylýar. At dakmak taryhy mifologiyada medeni gahryman diýilýän şahsyýetiň esasy sypatlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, Gorkut ata hem ýetişip, kemala gelen oguz ýigitlerine at goýmak ýaly hormatly wezipäni ýerine ýetirýär. Oguz han babatynda aýdylanda bolsa, at goýmak meselesinde-de onuň has uly şahsyýetdigi aýan bolýar. Ol milletiň kemala gelşinde, örňeýşinde uly orun eýelän, aýry-aýry taýpalara başlangyç bolan kişilere at goýýar. Taryhy şahsyýetiň gabarasyny görkezýän şu sypata «Oguznamalarda» aýratyn orun we ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, ol özüniň alty ogluna, ýigrimi dört agtygyna at goýupdyr. Aslynda döwrüň ruhyýetinde zatlary atlandyrmak, zatlara at goýmak ukyby we başarnygy meselesi düýpli hasap edilýär. Ýadyňyzda bolsa, Adam ata hem zatlary atlandyryp bilýänligi bilen Allatagalanyň ýaradan beýleki mahluklaryndan artyk, rüstem gelýär. Şu rowaýat arkaly adamzadyň beýleki jandarlardan öz başgalygyny – artykmaçlygyny aňladandygyny çaklamak mümkin. Atlandyrmak ukyby – sözlemek ukybydyr, dile eýe bolmakdyr, dil bolsa howaýy pikirlenmek ukybydyr.
Aýratyn alnan milletiň kemala gelmeginde atlandyrmak artykmaçlygy juda ähmiýetlidir. Atlandyrmak – munuň özi döretmek, esasyny goýmak hem-de eýe bolmakdyr. Hut su pelsepewi-taryhy tarapdan bakanyňda hem Oguz han Türkmen biziň milletimizi dörediji, esasyny goýujy we oňa birinji hökümdarlyk ediji şahsyýetdir. Onuň taryhy-medeni hyzmatynyň we taryhy-medeni taglymatynyň bir möhüm ugry-da şunuň bilen baglanyşyklydyr.
Beýik Serdar Mukaddes Ruhnamasynda türkmeniň aňyrsynyň Nuh pygamberden gaýdýandygyny, Nuh pygamberiň Ýafes atly oglunyň bolandygyny, Ýafesiň bir oglunyň adynyň Türk diýip atlandyrylandygyny, Ýafese biziň häzirki ýaşap ýören türkmen topragymyzyň miras berlendigini aýtdy. Orhon ýadygärliklerinde türkmen sözi «türük» görnüşinde ýazylypdyr. Bahaddin Ögliň aýtmagyna görä, Göktürkmen döwletiniň düýbüni tutujy aşina taýpasynyň atalary bolan Natiliun hem türkmen adyny göteripdir. Kulteginiň ýadygärliklerinde şeýle ýazylypdyr: «Güneýde (günortada) Tabgaç Budun duşman imiş (hytaý). Güzaýda (demirgazykda) Baz han (Uýgur hany) dokuz oguz budun duşman imiş. Gyrgyz, kurikan, oguz tatar, hytaý, tataby hem duşman imiş...» (S.Atanyýazow).
Göktürkmen şalygy döwründe – miladynyň başky ýüzýyllyklarynda has abraýly oguz taýpalary türk buduny diýlip atlandyrylypdyr. Bilge han «Dokuz oguz meniň budunymdy» diýipdir.
Biz Oguz han Türkmeniň öz ogullaryna we agtyklaryna dakan atlary we olaryň taryhy-milli (etniki) ösüşdäki ähmiýeti dogrusynda aýratyn gürrüň ederis. Häzir bolsa onuň at goýan beýleki taýpa baştutanlarynyň gelip çykyşyny gürrüň berýän hekaýatlara ýüzlenmek isleýäris. Biz, hususanam, «Oguznamalarda» uýgur, garlyk, gypjak, halaç, kaňly ýaly atlaryň gelip çykyşyny düşündirýän sahypalary göz öňünde tutýarys. Bu maglumatlaryň azyndan üç sany jähet boýunça ähmiýeti bar. Birinjiden, bu maglumatlar arkaly biz Oguz han Türkmeniň taryhy gabarasynyň beýikligini göz öňüne getirip bilýäris. Ikinjiden, olardan türkmeniň milli-taryhy kemala gelşi aýan bolýar. Üçünjiden bolsa, bu hekaýatlarda taryhy wakalaryň anyklygy we janlylygy saklanyp, olar geçmiş taryhymyza terlik hem gerimlilik berýär.
Ilki bilen, taryhymyz üçin örän möhüm bolan, möhümligi üçinem Mukaddes Ruhnamada orun alan «gaňly» («kaňly») ady we onuň gelip çykyşy barasynda.
Reşideddiniň «Oguznamasynda» bu barada şeýle ýazylypdyr: «Oguz atasy, doganlary, daýylary, agalary we beýleki garyndaşlary bilen söweşýän mahalynda we Hotana çenli bolan ülkeleriň üstüne goşun çekip, ol ülkeleri talaýan mahalynda Oguza kömek eden uruglaryň biridir. Beýleki uruglar oljalary haýwanlara ýükläp daşaýan mahalynda, bu urug öz zehini bilen araba ýasap, ol arabalara oljalary yükläp daşap ugrapdyr. Türkmençe araba «gaňly» diýýärler. Şu sebäbe görä-de ol topara «gaňly urugy» diýdiler. Gaňlynyň ähli pudaklary şol gaňly urugyndandyr».
XVII asyrda Abulgazy sözüň hem taýpanyň gelip çykyşyny şeýle düşündirýär: «Oguz han baryp, tatar ilini çapdy. Tatar hany uly goşun bilen gelip uruşdy. Oguz han üstün geldi, onuň leşgerini gyrdy. Oguz hanyň leşgeriniň goluna örän köp olja düşdi. Hatda ýüklemäge mal azlyk etdi. Bir ýagşy paýhasly adam bardy. Ol pikirlenip, araba ýasady. Ondan görüp, bar kişi oljalaryny araba ýükläp gaýtdylar. Araba «kanyk» diýip at goýdular. Şoňa çenli ady-da ýokdy, özi-de. Ýörände «kanyk» edip ses çykarýandygy üçin, oňa «kanyk» diýdiler. Ony ýasan adama «kanykly» diýdiler. Ähli kanykly ili şol adamyň oglanlarydyr».
Oguz han Türkmenden galan «Oguznamalar» ýöne bir taryhy rowayatlar däldir. Olarda türkmeniň milli-taryhy pelsepesi beýan bolandyr. Eger-de biz degişli maglumatlary olary bize gürrüň berýän adamlaryň içki duýgy-düşünje ýokundylaryndan saplasak, örän anyk hem çuňňur taryhy hakykaty dikeldip bileris. Men munuň şeýledigini üç sany tarapdan çemeleşme esasynda görkezmäge çalşaýyn.
Birinji tarap – diliň daşky taryhy ösüşi tarapyndan, «gaňly» sözi ýazarlaryň aýdyşy ýaly, ses meňzetmesi däldir. Sözüň köki bu ýerde «gaň» sözüdir. «Gaň» bolsa, öňem aýdyşymyz ýaly, «tigir» diýmekdir. Başgaça aýdylanda, taryhy rowaýatda tigriň ýasalyşy beýan edilýär. Diliň ösüşinde «gaň» – tigir sözünden «gaňyk» – araba sözi ýasalypdyr. Dilimize «araba» sözi girenden soň, gaň sözi başga bir mana geçipdir. Eýsem-de bolsa, sozüň soňundaky «ly» goşulmasy degişliligi aňladýar. Onuň goşulmagy netijesinde, dogrudanam, araba ýasan adamlar diýen many ýüze çykýar. Ýöne «ly» – «li» goşulmasy belli bir çäge, taýpa, halkyýete degişliligi hem aňladýar. Şu manyda ol häzir türkmen şiweleriniň käbirinde saklanyp galan -çy, -çi ýa-da çyk-çik (jyk-jik) goşulmalary bilen manydaşdyr. Şu hili dil baglanyşygynda meseläniň ýa-da maglumatyň ikinji tarapy – milli-dil tarapy kemala gelýär. Häzirki tireleriň içinde «ganjyk» atlysy bar. Bu ada nädogry düşündirişleriň berilýändigine gynanýarsyň. Iş ýüzünde bu at «gaňly» sözüniň başgaça aýdylyşydyr. Ýöne bu gezek düýp söze -ly däl-de, onuň manydaşy bolan -jyk goşulmasy goşulypdyr. Bu-da degişlilik ýasaýjydyr. Göroglynyň hakyky nusgasy bolup hyzmat eden Ugurjygyň adynyň soňky bölegindäki «-jyk» goşulmasy-da şoldur. Häzirki wagtda Ugurly adynyň bardygyny bilýäris. Bu ýerde kiçilik, söýgülilik derejesi bolan -jyk goşulmasy ýokdur. «Goýunjy», «düýeçi», «gazarçy», «burunjyk», «garajyk» ýaly atlar hem şol zeýilli ýasalypdyr. Şonuň üçinem diňe bir -ly, -li hem-de -çy, -çi däl, eýsem -jyk, -jik we -dyk, -dik hem şol bir röwüşdäki sözköki ýasaýjylardyr. «Şejerei-terakumede» «Doýly» diýen at duş gelýär. Kitabyň neşiriniň redaktory bu söz «Toýly» ýa-da «Tüýli» bolmaly diýip, çykgytda bellik edipdir. Biziňçe, bu ýerde düzediş girizere esas ýok. Birinjiden, «Toýtutmaz» ady («toý» sözi düzüminde bolan) kitabyň özünde bar. Ikinjiden, «Doýly» sözi häzirki türkmen dilinde hem ýaşap gelýär, ýöne biraz üýtgeşen «Doýduk» görnüşinde ýaşaýar, özem «Dursun» sözi ýaly, näme üçindir, köplenç diňe aýal adyny aňladýar.
Şeýlelikde, milli at babatynda aýdylanda, -çy, -çi, -ly, -li, -jyk, -jik, -çyk, -çik, -dyk, -dik – hemmesi şol bir goşulmadyr. Hatda bu ýere -ça, -çe, -jak (gökje, gypjak, garaja) ýaly goşulmalary-da degişli edip bolar. Bu goşulmalaryň hiç biri-de şu görnüşde gelende kiçilik, söýgülilik derejesini-de, üýtgediji goşulmany-da alamatlandyrmaýar. Bular diňe söz ýasaýjylardyr.
Meseläniň üçünji tarapy – taryhy-dil-milli tarapy «Gaň» sözüniň ýer-ýurt adydygy bilen baglanyşyklydyr. «Gaň» ýa-da «gaňýüp» Köneürgenjiň hytaýça atlandyrylyşydyr. Miladydan öňki III asyrda «Mete hanyň döwründe Köneürgenç döwleti şeýle atlandyrylypdyr. Şonuň üçinem has aňyrsyna, düýbüne seredip aýdylanda, ýokarky hekaýatdaky «gaňlynyň» aslynda ýurt ýatandyr. Megerem, «gaňly» hem dolulygyna aýdylanda, «köneürgençli» diýmekdir.
Görnüşi ýaly, Oguz han atamyzdan bize ýadygär galan ýekeje maglumatda örän köp many saklanýar. Munuň özi bütin ummany özünde jemleýän damjany ýada salýar.
Oguz han Türkmeniň at goýan adamlarynyň ýene biri hakynda «Oguznamalarda» şeýle hekaýat aýdylýar. «Oguz Itbarak urugyndan ýeňlen mahalynda, iki derýanyň arasyndaky bir adada ýerleşdi. Şol wagt söweşde äri ölen bir aýal dogurmak wagty ýetip, bir çüýrük agajyň oýugyna girip, şol ýerde çaga dogurdy. Bu sözi Oguza aýtdylar. Oguz onuň halyna gaty gynandy. Ol: «Bu aýalyň adamsy ýok, şonuň üçin onuň çagasy, goý, meniň oglum bolsun» diydi. Ol çaga onuň ogullygy boldy. Onuň adyna Gypjak goýdular. Bu söz «gubuk» sözündendir. Türkmençe munuň manysy «içinden çüýrän agaç» diýmekdir. Ähli gypjak şol çaganyň neslindendir». Bu maglumatda hem adam aňynyň taryhy – dil hakykatynyň ýoýýandygyny görýäris. Belki, «gabyk» hem şol sözden dörändir?!
«Gypjak» taýpa ady hem miladydan öňki III-II asyrlarda-da duş gelipdir. Rus sene ýazgylarynda gypjaklar polowes, günbatar Ýewropada komanlar ady bilen belli bolupdyr. Sozüň aslynda «guba» sözi ýatýar. Soňundaky -ja we -k goşulmalary degişlilik hem-de köplük san goşulmasy bolup durýarlar. Şeýlelikde, Oguz han döwründe doglan çaganyň ady soň taýpanyň adyna geçip gidipdir. Soňundan -k köplük san goşulmasynyň -jyk, -jik, -dyk, -dik, -çyk, -çik goşulmalarynyň düzüminde saklanyp galandygyny, ýöne gitdikçe köplük aňlatma manysynyň ýitendigini aýtmak gerek. Umuman, gypjak – gubalardan diýmekdir.
«Oguznamalarda» Oguz han tarapyndan dakylan atlaryň biri-de Garlykdyr. Bu barada şeýle diýilýär: «Şeýle diýýärler: Oguz Gur we Garçystan welaýatlaryndan öz ýurduna gaýdyp gelýärkä, ýolda onuň öňünden beýik bir dag ýolukdy. Şol gaýa sebäpli bir naçar maşgala goşundan galdy. Goşundan yza galmak bolar diýen karar ýokdy. Oguz olaryň bu bolşuny halamady. «Gaý sebäpli adam goşundan niçik galyp biler» diýdi. Şol birnäçe öýlä Oguz «garlyk» diýip at goýdy.
Garlyklaryň döreýşi Owganystan sebitleri bilen baglanyşdyrylýar. Bu hekaýatyň taryhy esasynyň barlygy jedelsizdir. Ýöne taryh dile-aňa geçenden soň ýoýulmak ýagdaýyny başdan geçirýär. Onuň ýoýulmalaryny ýüze çykarmak we asyl nusgany dikeltmek üçin ýene dile ýüzlenmeli bolýar. Emma dil degişli gürrüňiň çäginde biri-birine gapma-garşy iki mana eýedir. Birinjide – dil adamyň öz içki duýgy-düşünjesiniň hadysasy, bu ýagdaý çyn taryh unudylanda, şol unutmanyň öwezini dolmak üçin orta çykýar. Ikinjisinde-de adama bagly bolmak hakyky taryhy dowamatyň daşky şöhlelenmesi bolan dil-aň kanunalaýyklygy. Ylmyň wezipesi taryhdaky we dildäki laýykatly ösüşiň içki baglanyşygyny dikeltmekdir. Şu tarapdan «garlyk» babatda muny aýdyp bolar.
Garlyk taýpasynyň ady VIII asyrdaky ýazgylarda duş gelýär. Bulara VI asyrda üçoguzlaram diýlipdir. X-XI asyrlarda uly türkmen taýpasy hökmünde agzalýan «Garlyk» sözüniň asly şeýledir: ol «garmak», «garyşmak» işligindendir. Türkmen diliniň bir bogunly gar, ýaý ýaly käbir sözleri hem at, hem işlik bolup durýar. Garyşyk, arassa däl, sap däl manysyndaky «gar» sözünden «gyrnak», «garma» ýaly sözler emele gelipdir. Munuň özi garlyklaryň oguzlar bilen gatyşan bir taýpadygyny aňladýar. Sözüň yzyndaky «-ly» hem «k» goşulmalary barada öňem aýdypdyk. Bu ýerde kanuny hem ýerlikli sowal döreýär: näme üçin diliň daşky kanunalaýyklary bilen adam aňynyň arasynda ýa-da daşky taryhy hakykat bilen adam aňynyň ony teswirleýşiniň arasynda çaprazlyk emele gelýär? Bu sowalyň jogabyny tapmak üçin başga bir sowaly goýmak gerek: aslynda taryhy teswirlemek ýa-da rowaýat diýilýän zat ýalançylyk, oýlap tapma, ýok zady tapmakmydyr? Elbetde, däldir. Hakykat – munuň özi taryhda bar bolan, bolup gecen zatlaryň, hadysalaryň we wakalaryň arasyndaky baglanyşykdyr. Wagtyň geçmegi bilen adam aňy şol baglanyşygy unudýar. Onsoň onuň deregine ol zatlaryň, wakalaryň arasyny öz bilşine elýeterli bolan başga, eýýäm hakyky däl, döredilen baglanyşyklar bilen dahyllaşdyrýar. Taryhy rowaýatlar şol ikinji, soň tapylan baglanyşyklardyr. Oguz han Türkmeniň harby ýörişlerinden galan wakalar – gar ýagmagy, goşunyň bir böleginiň yza galmagy ýaly adaty wakalar soň taryhy rowaýatlarda başga baglanyşyga salnyp, milli-taryhy hadysalar başgaça düşündirilýär. Ol hadysa, taryh baglanyşyklaryny söküp, hadysalaryň öz bolşuny dikeltmäge bize diliň kanunalaýyklygy ýardam edýär. Çünki diliň obýektiwliginde biziň aňymyz tarapyndan unudylan hakyky baglanyşyklar saklanyp galandyr.
«Şejerei-terakumede» Oguz hanyň ogullaryndan we olaryň gyrnaklaryndan bolan ogullar hokmünde Köne, Küne, Gireýli, Soltanly, Okly, Gökli, Horasanly, Surhy, Garajyk, Kazygurt, Garkaz, Kazyk ýaly onlarça atlar agzalýar. Bularyň bary bir zady – Oguz han Türkmeniň guran döwletiniň uly şadöwlet bolup, onda onlarça halklaryň watan tapynandygyny görkezýär. Oguz han Türkmeniň taryhy hereketleri Merkezi Aziýanyň, tutuş Ýakyn Gündogaryň milli-taryhy hem syýasy ýaşaýşyna uly hem uzak wagtlaýyn täsir edipdir.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 559 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]