20:33

Oguz han taglymatynyñ esaslary -5: Oñon teswiri

5. Oňon teswiri

Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly şadiwanynda «Gök böri» diýen ajaýyp şygyr bar. Şygyr gadymy «Oguznamalarymyzyň» ruhuny özünde saklaýanlygy we şol ruhy häzirkizaman dünýäni duýşumyza laýyk teswirleýänligi bilen güýçli täsir edýär. Geçmiş ruhunyň janlylygy, diriligi bu ýerde aýratyn bir usul – reňkler, öwüşginler arkaly aňlatmak usuly mynasybetli gazanylypdyr. Reňkler hem öwüşginler dirilik hereketini, ýaşaýşyň dyňzap-daşmasyny berýär:

Ýyldyrymlap Gökden indi Gök Böri
Ol çabyrap göm-gök ýalyn ýalydy.
Garaňky,
                gaflatly,
                           gadym dünýäde
Görkezýär ol Oguz hanyň ýoluny!

Gök Böri –
                   halaty arşy-aglanyň,
Gök Böri –
                   Taňrynyň alamatydy.
Zemine getirdi Hakyň hikmeti
Arşyň ynsan söýen adalatyny!

Bu ajaýyp şygyr gadymy elipbiýimizde ýazylan iň irki «Oguznamanyň» sergin, seleň, Wagtyň çaňy ýokmadyk tämiz ruhuny bize ýetirýänligi bilen gaýtalanmazdyr hem beýikdir. Serginlik – säher howasy ýaly arassalyk hem-de asylbaşky tämizlik şu şygryň özeninde ýatýan mowzuk oňon bilen gonüden-göni baglanyşykly zatlardyr. Dogrudanam, «Oguznamalarda» oňon, Oguz han Turkmeniň oňony ýaly meseleler beýan edilipdir. Men bu meselä geçmezden ozal, gadymy «Oguznamamyz» babatynda bir zady aýtmakçy. Mälim bolşy ýaly, ylymda oňa «uýgur hatynda ýazylan «Oguznama» diýilýär. Bu kesgitleme eseriň milli degişliligi meselesinde käbir düşünişmezligi döredip biler. Eýsem-de bolsa, bu ýerdäki «uýgur» sypaty nämäni aňladýar?! Eger «Oguznamalarda» «uýgur» sözüniň gelip çykyşyna berilýän düşündirişlere esaslansaň, bu söz asla-da milli däl-de, eýsem dini adalga bolup durýar! Iki sany çeşmä – Reşideddiniň «Oguznamasyna» hem-de Abulgazynyň kitabyna ýüzleneliň. «Oguz bilen atasynyň arasynda dawa başlanan mahalynda, Oguz bilen atasynyň we agalarynyň arasynda söweş bolanda, Oguzyň garyndaşlaryndan bir topary Oguzyň tarapyna geçip, onuň arkasyny çalyp Oguza kömek we ýardam etdi. Emma olaryň bir topary onuň kakasynyň we daýylarynyň tarapyna geçdi. Oguzyň tarapyna geçip, oňa kömek edenlere Oguz «Uýgur» diýip at goýdy. Bu sözüň manysy «Bize birleşdi, kömek we ýardam berdi. Biziň ýolumyza, ynanjymyza uýdy» diýmekdir. Abulgazy: «Gara hanyň inileriniň köp oglanlary bardy. Olar Gara handan aýrylar diýip hiç kimiň göwnüne gelmeýärdi. Olaryň hemmesi Oguz hanyň ýanyna geldi. Oguz hem olara «Uýgur» diýip at goýdy. Görnüşi ýaly, «uýgur» – munuň özi dini adalga bolup, Oguz han özüniň yglan eden Göktaňrylyk dinini kabul edenleri şeýle atlandyrypdyr. Şonuň üçin hem «uýgur elipbiýi» sözüň asyl mantygy manysynda «oguz elipbiýi» diýmekdir. Bu elipbiý hem Oguzyň Göktaňrylyk dininiň ilkinji hem göze doly medeni netijeleriniň biridir.
Reşideddin öz kitabynda oňon meselesine degýär hem-de bu barada şeýle ýazýar: «Gün han bu sözi makullady. Arkyl Hoja bu işi düzetmäge girişdi. Alty ogula bozok we uçok lakamy dakylandan soň, sag we sol ganatdaky ulkeler ogullaryn arasynda paýlaşdyrylandan soň, Arkyl Hoja onuň oglanlarynyň her biriniň wezipesini, urug adyny, alamat we tamgalaryny belledi. Olaryň 24 urugynyň her birine aýratyn bir haýwanyň adyny alamat hökmünde belledi, «Bu, goy, olaryň oňony bolsun» diydi. Bu söz «Oň» sözünden gelip çykandyr. «Oň» sözi türkmençe «gutly» diýmekdir. Şeýlelik bilen, «oň bolsun» diýýärler, ýagny «gutly bolsun» diýmekdir. Bir kabyla bir haýwan oňon hökmünde bellenen mahalynda, ýagşy niýet bilen yrym edilýär. Oňon hökmünde bellenilen haýwan öldürilmeýär we onuň eti-de iýilmeýär. Bu adat şu güne çenli hem saklanýar».
Häzirkizaman türkmen dilinde oňon sözi bilen kökdeş «oňşuk», «oňat», «oňarmak», «oňly», «oňaýly» ýaly onlarça sözler bar. Munuň özi «oňonlyk» ruhunyň biziň dünýämizde diri bir zatdygyna şaýatlyk edýär. Eýsem-de bolsa, «oňon» adalgasy jedelsiz ylmy nukdaýnazardan nämäni aňladyp biler? Iň gadymy eýýamlarda, megerem, Oguz handanam öňki döwürlerde «oňon» sözi arassa, päk, ilkibaşky, eldegmedik» ýaly manylary aňladypdyr. Şol döwürler merhum ata-babalary we olaryň ruhlaryny «oňon» diýip atlandyrypdyrlar. Ol ruhlaryň maddy nyşany diýip, köplenç, totem jandarlar hasaplanylypdyr. «Oguznamalardan» görnüşi ýaly, oguzlarda, esasan, möjek oňon hasaplanylypdyr. Ýöne öňkülerden tapawutlylykda, Oguz hanyň dini düşünjesinde möjek merhum eždatlaryň ruhuny däl-de, Göktaňrynyň wekilini alamatlandyrypdyr. Ezeli öwüşgine baý bolan «uýgur» «Oguznamasynda» gök börä uly orun berilýär. Gök böri Oguz hanyň öňüne düşüp, basyp almaly ýurtlary görkezýär, ol Oguz hanyň ýol görkezijisi. Ol onuň ähli ýeňişleriniň ýardamçysy hem-de alamaty.
Ilki bilen, böriniň reňki barada iki agyz aýdalyň. Sözüň reňk manysy, bu ýerde, elbetde, ikinji manydyr. Birinji, ilkibaşky manyda Gök Böri – Asman Börüsi diýmekdir. Iň gadymy «Oguznamada» (iň soňky ýazylan golýazmanyň wagty boýunça däl-de, dili hem-de ruhy boýunça iň gadymy) ol Göktaňrynyň wekili hökmünde çykyş edýär. Geliň, şol «Oguznama» ýüzleneliň: «Oguznamada» Oguz han alty ogully bolandan soň, uly toý tutýar. «Toýdan soň Oguz han beglere we halka ýüzlenip şeýle diýdi:

«Men Size boldum han,
Alalyň ýaý bilen galkan,
Tagma bolsun bize buýan
Gök böri hem urýan,
Demir naýzalar bolsun tokaý,
Aw ýerde gulak bolsun,
Hem aksyn derýa we ýagyş
Gün tug bolsun,
Çadyr – asman».

Bu ýerdäki «urýan» sözi ugur görkeziji diýmekdir. Soňky «Oguznamalarda», hususanam, Reşideddiniňkide Gün hanyň maslahatçysy Arkyl Hoja «urýançy – pent» lakamy bilen atlandyrylýar. Görnüşi ýaly, «urýan» sözi bu ýerde-de bar. Tutuşlygyna bu aňlatma «özi düzgüne, ýola salyjy» diýen manyny berýär. Ol şeýle häsiýetlendirilýär: «Ol Gün hanyň weziri, onuň maslahatçysy, işlerini düzgüne salyjy we ýörüdijisi boldy». Wagt geçip, aň-düşünje üýtgedigiçe, «Oguznamanyň» mazmunynda mifiki görünýän zatlaryň deregini durmuşy zatlar tutupdyr. Munuň özi her döwrüň, her nesliň geçmişi öz ýaşaýan zamanynyň gözi bilen, şonuň şekilleri bilen görendigini aňladýar.
Gadymy «Oguznamada» Gök Böriniň peýda bolşy şeýle suratlandyrylýar: «Çadyr dikip, üýşmek bolup ýatdylar. Daň atanda, Oguz hanyň çadyryna gün dek bir şöhle düşdi. Ol şöhläniň içinden gök tüýli, gök ýally uly bir erkek böri çykdy. Bu böri Oguz hana şeýle diýdi: «Heý, Oguz, sen ýaýla esger çykarsaň, men seniň öňüňde ýol başlap giderin». «Birnäçe günden soň Gök tüýli, gök ýally uly erkek böri durdy. Oguz leşgerleri hem ýollaryny togtatdylar». Şeýlelikde, Gök Böri Oguz hanyň ähli uly ýörişlerinde goşuna ýol görkeziji bolup gatnaşýar. Gök Böriniň togtan ýerinde, çadyrlar dikilip, soňam söweşler başlanýar. Gök Böri Oguz hana dünýäni almaga kömek edýär.
Gadymy «Oguznamada» Oguz han öküz şekilinde berlipdir.
Böri – Gökde, öküz – Ýerde.
Böri – söweş, uruş alamaty, öküz – imi-sala ýaşaýyş nyşany.
Oguz hanyň ejesi Aý hanymy taryhçy alymlar gadymy Humaý atlandyrýarlar.
Humaý – gadymy türkmenleriň ene Hudaýy hasaplanylypdyr.
Otparazlarda Humaý guş şekilinde göz öňüne getirilýär, kimiň üstüne onuň saýasy düşse, ol bagtly, köplenjem, patyşa bolýar. Göktürkmenlerde patyşalyk Humaý tarapyndan berilýär hasaplanypdyr. Humaý hem, Aý hanym hem, Gök Böri we Göktaňry hem – bary-da nur, ýagtylyk, şugla bilen baglanyşyklydyr.
Oňatlyk, bagt asmandan gelýär. Munuň özi Oguz han Türkmeniň dininden galan gymmatlyk düşünjesidir.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 509 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]