17:43 Oguznama / poema | |
OGUZNAMA
Giriş Allaň gudratyndan bar boldy ýokdan, Bu bütün barlyga permandy Hakdan. Zeminiň ýüzüne gerekdi bir zat, Ýagny, Hak nazary siňen Adamzat. Ýaratdy Ol ähli barlyk biläni, Adam ata bilen Howa enäni. Olaryň onunjy oglunyň ady Hezreti Nuh erdi-tupan şaýady. Nuhuň nesli ýaýrap gitdi her ýana, Baran ýerin öwürdiler mekana. Nuh ogly Ýafesden dogulan Türküň Nesilleri örňäp, köpeldi erkin. Soň Türküň neslinden dörän Oguzhan, Dünýäniň ýüzüne eýledi seýran. Onuň wakalaryn ýazmaga gaýym bolan bu Andalyp arzuwda daýym. Gel,eýse höwesli ýoluňa düşgül, Nesip bolsa, myradyňa ýetişgil. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |