13:54

Oktýabr erasy / poema

OKTÝABR ERASY

(Publisistik poema)

Oktýabr, sen hakda ýatlan pursadym,
Gussa hem şatlyga batýar gursagym!

I.

Uzakda bir ýerde ýyldyrym çakýar,
Asman sandyraýar, zemin elenýär.
Buşluk, Dünýä!
Bir baharyň köpelýär,
Buşluk, taryh!
Seň bir gyşyň kemelýär.

Gyşlaryň kem-kemden kemelip barýar,
Gün-günden köpelýär, köpelýär bahar.
Buşluk, goja dünýä, gözleriň aýdyň,
Seniň geljek ömrüň ýazlarea bakan.

Ol ýazlaryň ýollary ak, köňli ak,
Ol baharyň gijelerniň Aýy bar.
Onuň nurly gündizlerniň şuglasy,
Ýedi yklymdanam aňry ýaýylýar.

Şol gündizden ýyldyrymlar güýç alyp,
Ähli gara gyşlaň ganatyn çapýar.
Buşluk goja Dünýä, eý, beýik Taryh,
Uzakda bir ýerde ýyldyrym çakýar.

II.

Aýyt, goja dünýä,aýdyp ber, bize
Näçe era geçdi, nijeme asyr.
Dünýä inderenňe, dünýä berenňe,
Adamzadyň başyn başlan babasyn.

Aýyt, goja taryh, aýdyp ber bize,
Näçe era geçdi, niçeme asyr.
Zeminde ynsanyň döräli bäri,
Aýyt, sahaplaryň agdar-da, basym.

Oglanlyk erasy nirden başlandy,
Nireden başlandy köplük erasy.—
Doganlyk erasy nirden başlandy,
Niredern başlandy dokluk erasy.

III.

"17.30.1903 ý, Brýussel, soňra Londonda,
RSDIP-niň II gurultaýy K.Marksdan we F.Engelsden soň ilkinji gezek rewolýusion programa kabul etdi".
(Taryhdan).

Goja Brýusselden hem Londan taýdan,
Jöwzada akýardy salkynjak şemal.
Ýaňja dörän bolşewikleň owazy,
Russiýa bakab gamçylap atyn

Şo-ol ýetip gelýärdi gujuryn tijäp,
Russiýaň lagşan göwresin peýläp.
Ertirki rewoýusýaň äpet tupannyň,
Yayny äkelýän şemaly çeýnäp.

Gelýärdi, gelýärdi üýtgeşik aýdym.
Ýary diriu, deň ýarysy ýumurlan.
Russiýaň agyr gulaklaryna,
Hiç ýakmajak dür-paýhasa ýugurlan.

Täze bir aýdymy alyp gelýärdi,
Ol aýdym Gün deýin asmana uçan,
Ähli ýoksullary göreşe ündäp,
Ebgarlan halklaryň gözüni açan.

Ol aýdym Rusýaň lagşan ruhy,
Jögi burjuýlaryň eňremesidi.
Romanowlaň labyryna gypjynan,
Juwan Russyýaň iňlemesidi.

Ol gyrmyz baýdaklaň şowurdamasy,
Hem gözlerden syçran uçgunlaň sesi.
Beýik lelinizmiň hoş owazyna,
Jemlenendi, jemlenipdi, hemmesi.

„Awroranyň zarply gümmürdisinde,
Galkynan ýoksullae „Ura!“sesleri,
Ýagty geljegmiziň şirin lewzzeti,
Namysy, buýsanjy, ary, messebi—

Dökülen ganlaryň mukaddesligi,
Russiýada rewolýusýaň ýeňmesi.
Leninizmiň ölmez ideýasyna,
Jemlenipdi, jemlenipdi hemmesi.

Goja Brýusel hem gadymy Londan,
Soň bolsa ullakan, ullakan älem.
Beýik Oktýabryň ýyldyrymyny,
Görüp, şol aýdyma düşünip galan.

IY.

„1917-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda (7-nji noýabrynda) agşam, Smolnide Sowetleriň Bütinrussiýa II gurultaýy açylyp, şol gurultaý häkimetiň Sowetleriň eline geçendigini yglan etdi“.
Taryhdan.

Şol günden başlady dynçlyk erasy,
Şol günden başlandyAzatlyk asry.
Şol günden soň dünýä zähmetkeşleri,
Lenin ideýasyn bagryna basdy.

Şol günden soň Dünýäň batyl gözleri,
Açyldy, başgaça seretdi dünýä.
Özüniň goýnunda gyşlardan galan,
Buzlary kem-kemden eretdi dünýä.

Ol buzlaryň sowuk galyňlygyny,
Häzirem eredýär, ereder dünýä.
Oktýabryň geljek gadamlarynda,
Dünýä has başgaça sereder dünýä.

Öňki buzluklarda çemenlik görer,
Hem-de bahar –ýazlar görer ebedi.
Şoldyr Lenin genisinden gurulan,
Azatlyk erasy, Dynçlyk erasy.

Y.

Azatlyk erasy, Dynçlyk erasy,
Güneş bolup, ykballary ýalkady.
Etekleribilen şol Günüň öňün,
Bogjak boldy ANTANTA-nyň halkasy.

Kütüwli kulaklar güneşiň tygyn,
Ýekeme-ýekeden köwlemek üçin,
Onuň lowurdysyn murtlarna çalyp,
Murtlaryn haýbatly towlamak üçin.

Oýun gurdy, ýöne welin ol oýun,
Olaryň özlerin duzaklap basdy.
Açylansoň antantanyň bet pygly,
Güneş tämizlendi, lowurdap bakdy.

Bolşewik baglary ter güller açdy.
Sosializm baharynyň goýnunda.
Şol baharyň lälesine bogulan,
Çemen lowudady dünýäň goýnunda.

YI.

1035-nji ýylda smenada 102 tonna kömür goparan we adaty normadan 14 esse köp iş bitiren... A.Stahanowyň ady boýunça „stahanowçylyk“ hereketi ýaýbaňlandy.

Işlemek isleýäs, gurmak islewýäs,
Beýik Oktýabryň binalarynda.
Bu ýeňişler ka-na- gat-lan- dyr- maýar!
Bagtyýare durmuşyň synaglarynda.

Tehnika elimde, elimde açar,
Äpet GOELORO dl indi tilsim.
Sosializm hyýal däl-de hakykat,
Goý, Dünýä eşitsin, adamzat bilsin!

Işlemek isleýäs, gurmak isleýäs.
Dünýäde dynçlygyň, bagtyň dünýäsin.
Biziň binalara guwansyn Dünýä,
Biziň zähmet mukammyzy diňlesin.

Bizi bu pelleler köşeşdirmrýär,
Biz Kommunizmi görmek isleýäs.
Bagtly gelejegiň hatyrasyna,
Işlemek isleýäzs, gurmak isleýäs.

YII.

„Duşmanyň dzotunyň ambrazurasyna öz göwresi bilen beklän komsomol soldat Aleksandr Matrosowyň edermenligi mähribam topragymyzy ýigrenji duşmandan azat etmegiň haky üçin...öz-özüňi gurbanetmegiň köp sanly mysalaryndan biridir“
Taryhdan.

Mydam açyk bolsun,
Owadan asman.
Mähriban Watany
Uruşdan saklaň!

Bu mukaddes ýerler,
Durşuna gandyr.
Çyn mertler Watany
Ölüp saklandyr.

Gülüp ýaşamaga
inipdik dünýä,
Bilýär, muny biziň
Ýüregmiz bilýär.

Eziz obalara,
Geçme3sin, haýyn.
Biz ýeňiş diýp ý3ene,
Ölmäge taýyn.

Siz, öýe ýeňişli
Gaýdyň, oglanlar.
Watana köp salam,
Aýdyň, oglanlar.

Mähriban Watana,
Ätmesin haýyn,
Ähli güllelri
Özüm saklaýyn.

YIII.

Oktýabr, Watanyň mukades Watan,
Ol ähli ýeňişleň beýik gözbaşy.
Oktýabr-Watanyň mukaddes gudrat,
Ol ähli gudratlaryň belent sözbaşy.

Bu gün arşa çykýar,seniň perzendiň,
Golda gyrmyz baýdak, dilinde-aýdym!
Ol şeýdip, buşlaýar älem jahana,
BeýikOktýabryň sarsmaz şöhratyn!

IX.

Uzak Garagumyň bir künjegine,
Hor-homsy ýaşaýan bir goja bardy.
Nan atly, olbolsa pyýada kowup,
Asman oňa daşdy, çatmasy dardy.

Togsana ser uran ýaşyň içinde,
Dişi ýylgyrmandy, doýa iýmändi,
Ol seňselän çagy ýowuz durmuşdan,
Sähra çykyp, gursagyny diňlärdi.

Goja türkmen arzuwyna ýetmedi,
Ýöne onuň ili gördi, ol güni.
„Awroranyň“ swarsgynyna oýanan,
Ilin görse, guwanardy, görgüli.

Türkmeniňem gursagyny ýylatdy,
Beýik Oktýabryň nurly ýalkymy.
Gujur doly gollarynyuzatdy,
Hem arşa göterdi türkmen halkyny.

Durmuşy begençli, ýollary aýdyň.
Türkmenler aýdýarlar şeýle bir aýdym:

--Men türkmen!Ýüregim gülden ýasalan,
Ýaz boýnuma gülli öüme orany.—
Tomus- güne kybap atlaz geýinin,--
Güýz aýagy gül nagyşly joraby.

Bu sary sähranyň eziz balasy.
Gün gardaşym meniň, Aý bolsa uýam.
Bu gün başym göge ýetdi,şonda-da,
Ýene olaň didaryna suwsaýan.

Men türkmen!Ýüregim gülden ýasalan,
Meni synap gördi geçmiş-gara gün.
Arym üçin ata çykan günlerim,
Ganyma garypdyr howrun,Garagum.

Gahryman Oktýabr, on ýedinji ýyl,
Ykbalym oýatdy, uzatdy golun.
Ýüregime mähir, bilime kuwwat,
Geldi indi arzuň eden yrsgalym.

On bäş gardaşym bar, arkamyň dagy.
Jennete öwrüldi bu eziz diýar.
Bu gün şatlygmyzy buşlaýar dünýä,
Gün atly gardaşym,Aý atly uýam.

X.

Oktýabr ýaşady, ýaşaýar, ýaşar,
Leniniň ruhy, genisi bilen.
Onuň ýoly aýrylyşmaz hiç haçan,
Ynsanyň bagtynyň manysy bilen.

Maksadyna ýeter dünýä halklary,
Zulum, horluk, açlyk, uruş—bary ýat.
Deňligiň, dostlugyň,rahatlygyň,
Saýasynda ömür sürer adamzat.

Ine, Oktýabryň beren miwesi,--
Onuň beýik erasynyň açany.
Indi, eziz Ynsan, seniň eliňde.
Bagtly geljegmiziň altyn açary.

* * *

Oktýabr hakynda ýatlan pursadym,
Süýji parasatdan dolýar gursagym.

1-10 sentýabr 1977.

Öwezdurdy NEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 546 | Добавил: Нawеran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]