21:26

Ökündirýan ötegeçmeler

ÖKÜNDIRÝÄN ÖTEGEÇMELER

Her kimiň özboluşly dünýäsi, özüne mahsus dünýägaraýşy bar. Her kim akylyna görä gürleýär we akylyna görä amal edýär. Ähli kişini bir galyba salyp bolanok, çünki adamzadyň barlygy dört sany gapma-garşy elementlerden düzülen. "Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da pelsepäniň bardygy” juda köp ýaňzydylan söz. Adamzat daşky keşbi bilen, şahsyýet bolsa garaýyşlary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Bu durmuş meýdany, kimiň haýsy kenardan, niçiksi häsiýet bilen bärik aşany belli däl, kimseler gökden düşen perişde ýaly, kimseler ýerden çykan agras adam ýaly görünýär. Häsiýetiň alyşmasa-da, nesibäň galtaşýan nokatlaryna görä, olar bilen käteler menzilläp, käteler ýolugra ýöremeli bolýaň.
Terbiýesine görä, itiň özüni alyp barşy käbir adamlaryňkydan oňat hem bolsa, mertebesine görä, adamyň hormaty ähli mahlukatdan, janly-jandardan, peridir perişdeden eýdir, ezizdir. Ýyly sözdür-söýgä, mähirdir-muhabbete mätäç göwünleri hoş sözden aç goýýan pursatlarymyz az däl. Biz beýleki zatlara garanymyzda ýene-de öz ýakynlarymyzyň, dost-ýarlarymyzyň – adamlaryň göwnüne kän degýäris. Bilgeşländen we bilmezlikden, gönüläp we ýanap, käteler bir söz bilen, käteler müň kyssa otarlyp aýdylýan sözlerde kinaýa ýokundysy, ýaňsy tagamy, öýke duzy agdyklyk ediberse, kimdir biriniň göwni ýykylýar,
ynam Käbesi çat açýar. Onsoň ol göwni seýiklemek kyn düşýär. Üstesine, köp wagt geçmänkä, haklydygyňa garamazdan, öteräk daran ýerleriň ýadyňa düşende, örtendirip alýar.
Çaga kejirligne ýugrulan ýyllarymyzda, ata-enelerimiziň, dogan-jigilerimiziň göwnüne degendiris. Indi yzyna dolap bolmajak pursatlary ýatlap, oýa batýarsyň. Betlikdir, bezzatlyk çaga dünýäsiniň özboluşly bezegi hem bolup biler. Men oňa şol garaýşym boýunça akylsyzlyk diýip biljek däl. Ýöne özümize bähbitli bolan sähel zat üçin kimdir biriniň göwnüne degmek uly hata. Şol wagtlar içimi boşadyp bilsem, nägileligimi ýaňzydyp bilsem, men özümi hem hakly, hem bagtly saýýardym. Hiç kimiň meniň göwnümi ýykmaga, ýok diýmäge haky ýok ýalydy, ýogsam, az salymdan soň başga güýmenjelere ulaşyp, ýaňky kineler ýatdan çykýaram welin, şol wakalaryň aňda galdyran täsiri durmuşyň dürli döwürlerinde birdenkä hyýalyňda janlanyp, süňňüňi elendirýär. Hat-da ol akylsyzlyk bilen amal edilen çaga kejirligi hem bolaýsyn, barybir ulalaňda ökünje goýýar.
Ondan bäri ýyllar aşyp gitdi. Okalan kitaplaram, iýlen çöreklerem, görlen zatlaram az däl. Ýöne barybir käteler degşen bolup, çynaberimsiz gülen bolup, käteler bolsa hakykatdanam «arymyzy» köýdürmezlik üçin, adamlaryň göwnüne şeýle bir degýäris welin, munça ýyllaryň netijesi bizi terbiýeläp bilmedik bolsa, onda durmuşyň manysyny başga ýerden gözlemegiň manysyz bir zatdygyna ynanasyň gelip dur. Biz entegem göwnedegilmeler äleminde ýaşayarys. Her kimiň maksady, matlaby-hyýaly bolýar. Rowaçlyk miýesser etse, işler ugrukýar. Ýagşy zada sebäp bolan adamlary ýürege ýakyn tutýarys, köp wagt geçmänkä unudýarys. Sähel säwlige uçradan biri sataşaýsa, ýakasyndan ebşitläp tutýarys, hiç wagt unutmaýarys. Birden möwjeyän gahary saklap bilmän, ýarak itden ýowuz darap, özümizden ulularyň we kiçileriň yüzüni alýarys, emma olaryň öňünde borjumyzyň bardygyny ýadymyza salmaýarys. Hakyň bar ýerinde borjuň hem bardygyny unutmaly däl. Ýa-da kimdir biriniň sözi seniň pikiriňe laýyk gelmese, onuň dünýäsine atanak çekmek ýalňyşlykdyr, sözüni süzseň, gaýmagyny görüp boljak manylardan ýüz öwürmek köp zatlary ýitirmegimize getirýär. Göwnüňe ýakmaýan her bir zat seniň üçin nädogry bolup görünmegi mümkin, ýöne seniň pikiriňem durmuşyň kanuny däl, ýagdaýa görä özgertmäni, zerur bolsa, pikiriňden dänmäni başarmaly.
Salgym suw bolup görünse-de ol hiç haçan suwa öwrülmeýär ahyry. Şahsy bähbitler ileri tutulanda älemde ýok pelsepäni, adamda ýok duýgyny toslap tapmaly bolýar. Ähli zady öz göwnümize sazlamak isleýäris, ýöne özgeleriň islegi, göwni hakda az pikir edýäris. Olaryňam edil özümiz ýaly adamdygyny, biziňki ýaly akyl, duýgy bilen gurşalandygyny görmezlige, bilmezlige çalyşýarys.
Gahar-gazabymyzy, öýke-kinämizi bir pursatlyk saklap bilsek, ünsümizi gowy zatlara sowup bilsek, köräp duran ol uçgunlar kemkemden haýallaýar, zannyň halys ýamanlyga eýlenmedik bolsa, ýatdan çykyar gidýär. Artykmaç ökünje, ahmyra goýanok. Sebäpli we sebäpsiz ýere adamyň göwnüni ýykmak, ýüzüni almak, azgyrylmak endikden edähede öwrülýär, gylykdan gana geçýär. Soňra sähel zat üçinem kimdir birine ajymyzy pürkesimiz gelýär durýar. Oturýaň, oýlanýaň, geçirimlilik, bagyşlap bilmeklik, sähel säwlige göz ýummaklyk, özgäniň aýbyna göz aýlamazlyk ýaly häsiýetleri özünde jemlän adamlar juda bagtly bolmaly.
Özgeleriň pikirini, duýgusyny, mertebesini sylap bilýän adam juda aýdyň garaýyşly bolmaly. Durmuşda bir näsazlyk bolupdurmy, belki soňy bähbide çeker, görgüliň öz müýni gözündedir welin, içimize ýygnanan gahar-gazaby ýene-de üstünden eňterip galýarys. Ýada kähalatlarda çynaberimsiz degişmede juda öte geçip, aýada apalanmaly adamlaryň göwnüne sowuklyk salýarys. Ähli gowy zatlary özüňki etjek bolmak, ugrukmadyk işiň üçin ýazgydy unudyp, ýazygy kesekä ýüklemek köp babatda nähak garalmalara, göwne degmelere, öte geçmelere ýol açýar. Gyjalat ýa-da teýene bilen adamyň ýüregine ýara salmakdan, hat-da müýnli bolsa-da, onuň ýüzüni gyzardyp, lezzet almakdan gaça durmaly. Käteler däl, köplenç, seýrek däl, ýygy-ýygydan göwnümize ýakmayan bir zat diýene duzluja sözi suňşuryp bilsek, bu babatda beýlekileri şeýdip „haýran galdyryp bilsek” monça bolýarys. Diýip-diýip içiňi sowadarsyň, utýan zadyň näme, öz ýüregiňi ynjaltmak üçin başga bir göwni ýykmakda näme haýyr bar?
Magtymgulynyň:

Bu sözi diýmesem zybanym gijär,
Öz göwnüň goýmasaň dost göwni ynjar -

- diýip aýdyşy ýaly, her bir halda özümize basalyk berip, özgeleriň göwnüne degmekden ägä bolmaly. Onuň ýazyklydygyna, biziň haklydygymyza garamazdan käyinçde-teýenede öteräk geçmek nädogrudyr, hat-da zalyma edilýän gargyş yzyna gaýdýan däldirem welin, şonda-da onuň zulmundan artygrak gargalmagy, öz başyňa towky salýandyr. Çäkden çykan her bir zat asyl durkunyň tersine öwrülýändir. Göwnedegmelerem edil şonuň ýaly, ahyry bir gün ökünje gaplaýar. Haklaşygy kyýamata galýan zatlar örän az, bolaýanda hem bu dünýäde hakujy hasabyny almaýan ýok: Ruhy-ynsap taýdan örtenmeler, öňüň gelip, ahyryň gelmezligi... Aramyzda gezip ýören adamlardan öte geçendigimiz üçin ötünç sorap bileris, ýene bir ýükümizi ýeňlederis, emma aramyzdan giden adamlar babatda bize bu mümkinçiligem ýok. Şonuň üçin adam pahyryň dirikä gadyryny bilmäge dyrjaşmaly, göwnüni ýykmaga däl-de, göwnüni götermäge çalyşmaly. Öňem biriniň aýdyşy yaly "Bu dünýä düşünmek juda kyn, dirikäň aýak astyna aljaklar, depgilejekler, öleňsoň, egnine göterip äkitjekler, bu-da adama edip bilýän iň soňky hormatymyz bolmaly”.
Göwnedegmelere ýol açýan sebäpleriň biri öz bähbidiňi eý görmek, gaharyňa berilmek. Emma her kimiň özboluşly dünýäsine düşünmegi başarsak, hiç kimiň göwni ýykylmaz. Göwün käbeleri abat saklanar. Degişeliň, ýöne birek-biregiň göwnüne degişmäliň. Göwnedegmeler haçandyr bir wagt hökman ökündirýändir.

Rahmet GYLYJOW.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 526 | Добавил: Nurdan | Теги: Rahmet Gylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
-1
1 Елена_Прекрасная  
462
Şu Rahmet Gylyjow meniñ Edgar Po we Dostoyewskiy hakda ýazan edebi seljermämiñ birini bir çap edip, govnumi galkyndyrsynda Alla jan! Oraza ayyynda dileg edyan

-1
2 Елена_Прекрасная  
462
Nurdan agza siz redaksiyada işleyän bolsañyz govy bolardy. Men sizi tapyp begenerdim, govnum galkynardy. Govun kabesi abat galardy şu makala boyunça geplesem

0
4 Nurdan  
100
@Елена agza, haýsy redaksiýa ugradasyñyz gelse öz elektron poçtalaryna ugradyp bilersiñiz. Eger ugradylan eser kämil bolsa kimiñkidigine garamazdan çap ederler, edýärlerem.
Goýýan postlarymyñ awtorlaryny tanamasam-da materialyny halasam post açýan. Kämil eserleri ýerleşdirmek üçin awtorynyñ tanyş biri bolmagy möhüm däl,

-1
5 Елена_Прекрасная  
462
Wah gynanaydym da, işlemeyandigiñize. Zol zol seniñ işleyan redaksiýana elektron poçta ederdim wah

-1
3 Елена_Прекрасная  
462
Adamlar birek biregin govnune degmäliñ diyseler, gaty begenyändä. Hernä şeyle bolsun da

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]