18:53

Okuw we türkmen mekdepleri

OKUW WE TÜRKMEN MEKDEPLERI

Hudaý Tagala dünýäni ýaradandan bäri okuw, ylym, emel we jüre işler gün-günden ileri gidýändir. Her bir işler bir duran ýerinde durman üýtgeşilýändir.
Hemme dünýädäki milletler bir-birinden bilmedik hünär w ylymlaryny ögrenip we ýetmedik zatlaryny ýetirip, her bir işlerde bir-birlerinden ökde we öñe düşmek pikirindedirler. Emma biziñ türkmenler pikir etmekni ýagşy görmezler we aýdarlar ke: ''Ertirligi tapan agşam pikirini etse haramdyr'' diýip. Özümizden başga milletlerge köñlümiz ýetmez olara gülüp, her birine bir tüýsli at dakarmyz. Emma, doganlar, menden gaty görmäñ. ''Ýüz gören jennet görmez'' diýipdirler. Biz, türkmenler, hiç bir milletçe ýokdurmyz. Olaryñ zatlaryndan hemme zatlarymyz asgyndyr. Şol at dakan milletlermiziñ her bir işleri bizden öñdedir.
Milletge hemme zatdan iýmekden, içmekden beter gerek zady okuw, ylymdyr. Ylymsyz hiç bir işler ýola gitmez, körlük bilen galar. Bakyñ, görüñ, her bir üýtgeşik hünär, ylym bolsa okuwly, ylymly padyşahlardan çykar we olaryñ döwletleri hemme patyşahlardan zordur.
Alla Tagala Kurany Şerifiniñ ilki süresinde aýdypdyr ke: ''Ýa Muhammet, oka, bil her bir zatlary!'' Şu söz bilen ylym okamak bizge wajypdyr. Emma näjire añsatlyk bilen oglanlarga hat bildirmek bolur! Iş şundadyr.
Biziñ türkmen mekdeplerde okuw düzgüni Adam atadan bäri gelşi ýalydyr, hiç üýtgeşen ýeri ýokdur we oglanlar dört-bäş ýyl okap hem hat ýazmakny, okamakny bilmiýäler. Emma täze okadylyşyna görä, oglanlar bir ýyl içinde hem ýazmakny, hem okamakny bilurlar. Öñ hiç okamasalar hem, eger oglanlar täze okadylyşyna görä okap, hat bilseler, ondan soñra olarga her tüýsli kitaplarny, Kurany-Şerifni okamak köp añsat bolur.
Täze düzgün bilen okamak köp añsatdyr. Ol sebäpden ke, şol düzgüne görä ýagşy kitaplar çykarandyr mugallym Aliýew we başga adamlar. Şol kitaplar bilen başga milletler aralary(n)da şkollarda okadylýandyr. Emma bizleriñ aramyzda beýle zat ýokdur we oglanlarmyz ertirden agşama çenli yranyp, zehinlerini kör zehin edip, ''elip'', ''biý'', ''tiý'' okap, üç-tört ýylyñ içinde hiç bir zat bilmeýän, iki jahanyñ arasy bolup, mekdeplerden çykarlar, ýagşy okuw wagty geçirip. Ol sebäpden biziñ türkmenlerden 100 adamdan 10 adam hem okuw bilmeýä.
Birniçe obalarmyzda hat bilýän adam hiç ýokdur we bir ýerden hat gelse, okatmakdan ötri başga obaga gider. Okuwsyzlygymyzdan söwda we her bir haýyr-peýdaly zatlar başga milletleriñ elindedir we her bir işlerde biz aýakdamyz.
Eý doganlar, beýle bolmalyñ! Durmalyñ bir ýerde garaçy ýaly! Ileri gideli! Şu wagt hem bir wagtdyr. Ýuwaş-ýuwaşdan, enşalla, biz hem ýola tüşüp, il hataryna goşulurmyz! ''Gymyldan gyr aşar'' diýipdirler. Gep bir ýerden gymyldap üýtgeşmekdedir.

Muhammetguly ATABAÝ ogly.

# ''Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar'' gazeti, 09.I.1915 ý.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 357 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Muhammetguly Atabaýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]