21:42

Öli / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 506 | Добавил: Haweran | Теги: Nejep Baýat | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Surat / nowella - 14.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024

Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Bagabat  
43
Manysy:

1. Dünýe - şäher - biperwaýlykdan doly;

2. Biparhlyk adamlaň janyny sorýar - Şoň üçinem olar hem-ä diri, hemem öli.

Indi sözler hakda:

1. Ara alyp maslahatlaşmak hökmünde: "wampiri "- sorgan diýip alsaň, ýagny "sor"-sorýan, sorujy sözleriniň gysgaldylan görnüşi, "ganam" gan bolýar - nähili bolarka? "Gansor" diýip alsaň-a, "ganhor" diýen söz bilen bulaşjak. Elbetde "ganhor" sözem "wampir" manysyny aňlatmak üçin bolýar. Sebäbi haýsydyr bir asyl sözüň yzyna "hor" goşulmasynyň goşulmagy, şol söz bilen aňladylýan jandaryň şol zada "horandygyny" aňladýar. Mysal üçin: ylaýhor - Görogly eposynda adam iýijini aňladýar ýa-da Magtymgulyň goşgularynda merdumhor - adam iýýän sözi, edil şoň ýaly, "adamhor", "buzahor — arakhor, çakyr içýän, şerap içýän", gamhor, hunhor, süýthor we ş.m.

2. Baklažka sözüni "düpbe" diýip alsaňam gelişmän durmazmyka diýýän.

3. "Ýüzüme seredip biraz dymandan soň, geldiňmi - diýdi."
Şu ýerde säwlik gidipdir öýdýän.
Bolmalysy:
Ýüzüme seredip biraz dymandan soň:
-Geldiňmi?-diýdi.

Gowy hekaýa. Gysga-da bolsa, diýesi gelýän zady diýmegiň hötdesinden gelen.
Aslynda gysgajyk mazmuna "diýesiň gelýän zady" sygdyrmakda iş bar.

0
2 Myhman0430  
778
men-ä sorgandan gansory (gansorujy diýen ýaly) kem görmedim. dogry, gansor ganhor meňzeş aýdylýa. ýöne, gaýtam, meňzeş aýdylsa gowy dälmi? iň owadan dilleň biri hasap edilýän pars dilinde antonim sözleriň köpüsi kapiýalaşýalar. ast-üst, uçmah-dowzah...
sorgan sözi birinjiden organ sözüne gaty meňzeş. ikinjidenem buýruk berýän ýaly äheňi bar.

düpbe sözüni birinji gezek eşidýän (okaýan :-)). öňler biziň töweregimizde baklažka pykyr (gaty seýregem bolsa "pykgy" diýýänem bady) diýerdiler. näme üçin beýle diýýänlerini bilemok. belki, tutaňda o närseden çykýan ses bilen baglydyr, belki, baklažka sözüniň birinji harpy bilen pykyryň birinji harpynyň aýdylyş meňzeşligindendir. belkem hiçisem däldir.

0
6 Bagabat  
43
Elbetde "düpbe" sözi türkmen diliniň akademiki sözlüginde ýok. Ýöne ene dilimiziň käbir ýerli şiwelerinde bu söz "baklažkany" we mytara pisint beýleki suw gaplaryny aňlatmak üçin ulanylýar.
Bütewi diliň baýlygy, çeperligi şeýdip emele gelýärmikä diýýän.
Mysal üçin, daş asyry, heniz syýa, galam, kagyz ýok.
Soň oýlanyp tapylypdyr.
Aňy-paýhasy ýiti biri syýany "syýa" diýip, "kagyzy" "kagyz" diýip we ş.m. atlandyrypdyr. Bu sözler-aňlatmalar köpüň göwnünden turupdyr, ýarapdyr, olar ýörgünli bolup galypdyr. Şeýdibem "syýa" syýa bolupdyr, "kagyzam" kagyz...
...diýip çaklaýan :-).

0
7 Bagabat  
43
"Düpbe" sözüni bolsa men oýlap tapmadym. Ýokarda aýdyşym ýaly, kän ýerde eşitdim.
Şoň üçinem, öňünden gaçýan - "aňy-paýhasy ýiti biri" diýen aňlatma dalaş edemok :-).

0
8 Myhman0430  
778
Serdar akga, düpbe sözüni bir ýerden eşidip aýdýanyňyzy bilýän. onuň ulanyp ulanylmazlygynda-da dawam ýok. meňki bir, ýöne, bilesigelijilik. köplenç täze söz (halkyň arasynda öz-özünden) dörände ýa bir sözüň manysyny ýoýýalar ýa-da aýdylyşyny üýtgedip ýasaýalar. öňki manysynyň üstüne ýene many ýüklenýän gezeklerem kän (boş, bet, göräýdä, gyzykly däl...). şolaň haýsyka diýip pikir etdim. şoňçüýnem yzyndan pykyr hakdaky pikirimi ýazdym.

häzir ikimiz oturyp, şeýle idealnyý söz tapyp, onam halka "altyn tabakda hödürlesek" ulanylyp gitmejegine akylym çatýa :-)

nähili pikir edýäňiz? :
mysal üçin ýaňky ýaly aktiw ulanylýan alynma sözleriň birnäçesiniň türkmençe wariantlary şiwelerde bar diýeliň. ikimizem şol sözleriň türkmençesini ulanmaklaryny isleýäs. hatda biz hem ýazyjy hem režisýor, hem animator... garaz elimizden-dilimizden gelmeýän zat ýok :-) onsoň aşakdakylaryň haýsyny edeňde başarnykly bolarys öýdýäňiz?

1. edebi saýtlarda öz sözlerimizi ulanmak hakda janygyp makalalar ýazsak
2. gysga filmler düşürip, şol ýerde-de gerekli sözleri ulansak
3. toýlarda, sadakalarda, ýaslarda (palatkalarda oturylýara), dost-ýarlar bilen oturanymyzda düşündirsek
4. multifilmler düşürip (ýa-da daşary ýurt multfilmlerini terjime edip) şol sözleri ulansak.
5. heran-haçan, kim bilen gepleşsegem, prinsipe gidip, şol sözleri ulanyp ýörsek
6. mollymçylyga işe girip, okuwçylara düşündirsek
7. içinde ýaňky sözleri ulanyp, gowy-gowy hekaýalar, powestler, romanlar ýazsak
8. kino düşürip (ýa-da daşary ýurt kinolaryny terjime edip) şol sözleri ulansak
9. gülküli gysga filmleri düşürsek
10. okuw kitaplaryna girizsek
11. seminarlar geçirsek
12. meşhur kişiler bilen wideosöhbetdeşlik geçirip, hem özümiz sözüň arasynda ulansak hem, "mukamlar sazlaşandaky ýaly", ýaňky meşhur kişiden söz sözleriň manysyny sorasak.

0
9 Bagabat  
43
Hemmesini.
Eger-de başaryp bolsa.

0
3 Myhman0430  
778
Serdar akga, e mailden habarlaşyp bolmazmyka siz bilen.

0
4 Bagabat  
43
Bolar, e-mailiňi ýazsaň, "guk" diýerin.

0
5 Myhman0430  
778
lamkan1988.gmail.com

0
10 Bagabat  
43
Ok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]