12:51

Ölmek islemedim...

ÖLMEK ISLEMEDIM...

Ölmek islemedim. Geçen uruşda
Ýeriñ hem asmanyñ görmegi gaçan
Pursatlary meniñ ýadymda galdy
Hem ýadymdan çykyp gitmedi ajal.

Ölmek islemedim - meniñ dostlarym,
Penadaş, watandaş, ýaragdaşlarym.
Ýöne olañ köpi bialaçlykda
Ýüregmiñ üstüne goýdy başlaryn.

Birinde aýak ýok, birinde el ýok,
Birinde gulak ýok, birinde göz ýok.
Heserimi getir ýaly beýana
Kalbymda joşgun ýok, dilimde söz ýok.

Söz bilen egserden apatdy ajal,
Söz bilen egserden äpetdi ýitgi.
...Ölmek islemedim, emma jesedim
Çeşmi derýam içre gark boldy gitdi.

* * *

Günbatar Ýewropa ýanýar ýalynda,
Baltika kenary ýuwuldy gana.
Bu ýerde Zemine rahatlyk ýok,
Asudalyk ýat bolupdyr asmana.

Eýsem, uruş şo ýerlerde gitdimi?
Diñe Ýewropada döküldimi gan?
Urşa pida bolan diñe esger däl,
Aglady Garagum, epildi Mugan.

Heniz ejir çekýär türkmen, gruzinem
Uruşda teninde galan gülleden.
Halas bolup bilemizok şindizem,
Şo ýyllaryñ hasratyndan ölmeden.

Niçe bir ülkäniñ, niçe bir obañ
Baglaryny uruş berdi hazana.
Urşa ogullaryn aldyran ýerler,
Häli-hälem çümüp otyr gazaba.

Çal saç ene sorap ýeke dikraryn,
Elewreýär soñky demde, görsene:
- Maña sen şol uzak lagnaty urşuñ
Bolmadyk ýerini salgy bersene!

Ahmet MÄMMEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 181 | Добавил: Haweran | Теги: Ahmet Mämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]