23:21 Ömür hakda oýlanma | |
ÖMÜR HAKDA OÝLANMA
Goşgular
Durmuş hezil, Güneş ýaly çogy bar, Ýaşap ýörseñ ünjüsiz, Emma... Ýaşlygyñ ýazlary sowlup, Güýzän ömrüñ nyşany, Gara saçlañ arasynda agy bar. Sanamadym şol saçlaryñ, Agyny arman edip. Has armanly, Mährem ýüzleñ, Aramyzda ýogy bar. Sanamaýyn näçesiniñ gidenin, Beterinden özüñ gora Biribar. Şol gidenleñ gussasyna, Harçlap gamlañ dessesini? Öz ömrüñe näme berdiñ? Aýtsana özüñe diläp, Ömürleñ iñ uzagyny. Şeýtan salan syrtmagyny, Üzüp bilmän duzagyny, Gezip ýörme gaflatda. Oýan. Oýlan. Gitmäkäñ, Gidenleriñ arasyna. Öñde-soñda şol gitmeli menzile, Armansyz gideriñ ýaly. Baky uky ornaşanda meñziñe, Arkaýyn ýataryñ ýaly, Bihuda günleñ hataryn, Uzaltma bes. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |