14:13 On iki synamyñ biri | |
ON IKI SYNAMYŇ BIRI Ne beýle dymma bolupsyň, Aňşyramok sebäbini. Ýene jogapsyz goýýarsyň Bu irginsiz sowalymy Kimler saňa ak niýetde Bakdy, özüňem bilýänsiň. Kimler üçin garalama Bolanyň üçin dymýarmyň? Goý, özgeler güjeňlesin, Täsirlere berme eliň. Aýdaý ahyr ýekeje zat, Däl-ä sen ýaşmakly gelin, Mundan öňä syrdaşdyk biz, Wepasyz boldummy ýa-da? Ýa-ha ýere çöküpsiň sen, Ýa gaýyp ýörmüň howada? Sözler seni eljiretmän, Wagtyňy egläp güýmäpdir. Bilmänim üçin bagyşla, Gelen-geçen ýakyn-u-ýat Saňa näçe çüý çüýläpdir. Ünsem berme bu zatlara, Eý, on iki synamyň biri, Meni şu güne getirdiň Hemem men seň bilen diri. Gülnar GELDIMYRADOWA. | |
|
√ "Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023 |
√ «Высоко с темнотой сливается стена…» / Goşgular - 11.01.2023 |
√ «Когда читала ты мучительные строки…» / Goşgular - 15.02.2023 |
√ Февраль / Goşgular - 31.01.2023 |
√ "Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023 |
√ «Милые спутники, делившие с нами ночлег!..» / Goşgular - 29.01.2023 |
√ Пеночка / Goşgular - 11.02.2023 |
√ «Плывущий за руном по хлябям диких вод…» / Goşgular - 03.02.2023 |
√ Землетрясение / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Hat / Goşgular - 04.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |